Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi01 Oktýabr, 2015 (21:11)

BölümSoňky habarlar

BelliklerKüşt, Basketbol

Türkmenistanyň çempionatlarynyň ikisiniň ýeňijileri kesgitlenildi

Aşgabatda zenanlaryň arasynda basketbol boýunça hem-de 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatlarynyň ýeňijileri we baýrak eýeleri kesgitlenildi. Sportuň bu görnüşleri paýtagtymyzyň 2017-nji ýylda kabul etjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär, şoňa görä-de, bu ýaryşlar Aziada taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlarynyň birine öwrüldi.

Basketbol ýaryşlary şu ýylyň başynda açylan “Berkararlyk” täze sport toplumynyň meýdançasynda geçirildi. Medallar ugrunda bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden toparlaryň 6-sy çykdy. Olar iki toparça bölündiler. Aýlaw ulgamy arkaly geçirilen oýunlaryň jemleri boýunça ýarym finalçylaryň 4 topary kesgitlenildi (her toparçadan iň oňat iki topar), öňe saýlanan şol toparlar ýaryşyň baş baýragy bolan altyn medal we Kubok ugrunda güýç synanyşdylar. 

Netijede, her duşuşykda garşydaşlaryndan ynamly üstün çykan ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň basketbol topary ýeňiş gazandy. Şol sanda olar özleriniň esasy bäsdeşleri, bäsleşikde ikinji orny eýelän Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň zenanlar toparyndan üstün çykdylar. 

Bu toparlary Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň uly tälimçisi Irina Ýakowlewa türgenleşdirýär. Bu tälimçiniň türgenleri geçen ýyl Tailandda geçirilen Aziýa kenarýaka oýunlarynda  “3x3” görnüşdäki ýaryşlaryň iň oňat alty toparynyň hataryna girdiler. Şu ýylyň başynda bolsa I.Ýakowlewanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň zenanlar topary nusgawy görnüşinde halkara basketbol ýaryşynyň (Filippinler) bürünç baýragynyň eýesi boldy. 

Aşgabatlylaryň eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda milli derejedäki ýaryşlaryň ählisinde öňdebaryjylygy saklaýandyklaryny aýtmak gerek. Ýurdumyzyň çempionatynyň öňýanynda bolsa, paýtagtymyzyň toparyndaky basketbolçy gyzlaryň ökdeleriniň biri—A. Hydyrowa Katarda geçirilen iki hepdelik halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdy. Şol ýerde ol Aziýanyň iň güýçli basketbolçy gyzlary bilen birlikde, amaly we tejribe okuwlaryny, şol sanda dürli ýurtlardan bolan oýunçylaryň ýygyndysynyň düzüminde ençeme duşuşyklara gatnaşyp,  okuwlary geçdi.  Görnüşi ýaly, aşgabatlylaryň bu ýeňşi kanunalaýyk netije bolup durýar. 

Welaýatlardaky türgenleriň hem barha artýan ussatlygyny bellemek gerek. Aýratyn-da, sport meýdançasynda aşgabatlylara ýylsaýyn bäsdeşlik döredýän  Lebabyň basketbolçylarynyň ussatlygy bellärliklidir. Bu gezek Zarima Sultanowanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ýygyndysy üçünji orny eýeledi. 

20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň küşt boýunça çempionaty paýtagtymyzdaky Küşt-şaşka sport mekdebinde geçirildi. Medallar ugrunda ýetginjekleriň düzüminde ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän türgenleriň 16-sy bäsleşdiler. Hormat münberini tutuşlygyna aşgabatly türgenler, özi-de diňe bir halypanyň, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň taýýarlan türgenleri  eýelediler. 

Mümkin bolan 15 utukdan 13 utuk toplan sport ussady Rüstem Nazarow altyn medal gazandy. Birinji derejeli küştçüler Azat Nurmamedow (10,5 utuk) we Soltan Myradow (10 utuk) ikinji we üçünji orna mynasyp boldy. 

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda hem S.Annaberdiýewiň türgenlerine ýeňiş üçin az-owlak şowlulyk ýetmedi. Bu ýerde küştçi gyzlaryň 11-si çykyş etdi. Şäher sport komitetiniň Aşgabat küşt sport mekdebine wekilçilik edýän gyz, sport ussatlygyna dalaşgär Tawus Baýramsähedowa mümkin bolan 10 utukdan 8 utuk toplap, kümüş baýragynyň eýesi boldy. 

Gyzlaryň arasyndaky ýeňşi bolsa  Mary welaýatynyň toparyndan birinji derejeli küştçi Maýa Ýalkanowa gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alýan küştçi gyz 9 utuk toplap, 64 öýjükli tagtaçada ýaryşlaryň barşynda hiç hili ýeňlişe sezewar bolman, ýeňiş gazandy. Bürünç medala hem Murgap jülgesiniň küştçüsi Gülälek Abdyllaýewa (7 utuk) eýe boldy.  

Oktýabryň ortalarynda Küşt-şaşka sport mekdebinde ikinji we üçünji derejeli türgenleriň hem-de küşt söýüjileriň arasynda milli ýaryşlaryň ýene-de biri geçiriler. Türkmenistanda gadymy akyl-paýhas oýnuny wagyz etmek we geljekde ösdürmek maksady bilen guraljak bu ýaryşa islendik adam gatnaşyp biler.

Habarlar #Küşt

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: