Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Biziň watandaşlarymyz halkara ýaryşlarynda uly üstünlik gazandylar

Halkara sport giňişliginde türkmenistanlylaryň üstünlikli çykyşlaryny alyş guşakly göreşiň we taekwondo söweş sungatynyň (WTF) ussatlary dowam etdiler. Ýaryşlaryň ikisiniň netijeleri boýunça ýurdumyzyň sport üstünlikleriniň medallaryň 15-si—2 altyn, 7 kümüş we 6 bürünç medallar bilen üsti ýetirildi. Türgenler bu üstünligini Nowruz baýramyna bagyşladylar.

Guşakly göreşi esaslandyryjy Baýaman Erkinbaýewiň ýadygärligine bagyşlanan “Gran Pri” halkara ýaryşy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirildi. Bu ýere dünýäniň 18 ýurdundan – Russiýadan, Türkmenistandan, Belarusdan, Mongoliýadan, Hindistandan, Serbiýadan, Özbegistandan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan göreşiň şu görnüşiniň ussatlarynyň 100-e golaýy ýygnandy. Biziň türgenlerimiz çekeleşikli göreşleriň barşynda altyn medalyň 1-ini, kümüş medallarynyň 3-sini we bürünç medallarynyň 5-sini  gazanmagy başardylar. 

Hormat münberiniň ýokarky basgançagyna Dinara Hallyýewa çykdy. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinden bolan türgen zenan 66 kilograma çenli agram derejesinde hiç kimi öňüne geçirmedi. Biziň watandaş türgenimiziň gazanan netijesi goşa täsir döretdi, çünki ol ýaryşa gatnaşyjylaryň arasynda iň ýaş türgen bolup, ýakynda 17 ýaşyny belledi. 

Türkmen toparynyň düzüminde kümüş medallara Nasiba Surkiýewa  (76 kilograma çenli), Hangeldi Allakow (70 kilograma çenli) we Pirguly Gurbandurdyýew (80 kilograma çenli) mynasyp boldular. Bürünç medallaryň eýeleriniň 5-siniň hataryna Zarina Abdyrahmanowa (58 kilograma çenli), Şirin Kubaýewa (76 kilograma çenli), Şatlyk Myradow (60 kilograma çenli), Gylyç Jumaýew (90 kilograma çenli) we Seýdi Batyrow (100 kilograma çenli) girdiler. 

Alyş guşakly göreşi halkara sport giňişliginde ýylsaýyn uly meşhurlyga eýe bolýar. Sportuň bu görnüşiniň nusgawy Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulmagy munuň aýdyň mysaly bolup durýar.  Alyş göreşi boýunça türkmen türgenleri üçin bu çözgüt diňe bähbitli bolup durýar, çünki biziň guşakly göreş mekdebimiz häzir dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Munuň şeýledigi barada Bişkekde geçirilen halkara ýaryşyň barşynda Gyrgyzystanyň sportuň milli görnüşlerini ösdürmek baradaky merkeziň direktory Dorubaý Minbaýew aýtdy. Ol Türkmenistanyň alyş boýunça ýygyndy toparynyň wekilleriniň 2018-nji ýylda Indoneziýada geçiriljek Aziýa oýunlarynda medallar ugrundaky bäsleşikde esasy bäsdeşler boljakdygyny belledi. 

... Latwiýanyň Daugawpils  şäherinde ýetginjekleriň arasynda taekwondo (WTF) boýunça geçirilen halkara ýaryşyna dünýäniň 10-dan gowrak ýurdundan türgenleriň 100-e golaýy gatnaşdylar. Şonda türkmenistanlylar 1 altyn, 4 kümüş we 1 bürünç medallara mynasyp boldular. 

Biziň toparymyzyň düzüminde altyn medaly Muhammet Rozyýew gazanyp, ol 51 kilograma çenli agram derejesinde ähli tutluşyklary birkemsiz geçirdi. Ikinji orny Mekan Gurbanow (53 kilograma çenli), Ata Melebaýew (59 kilograma çenli), Serdar Çaryýew (63 kilograma çenli) we Rzaguly Toýmyradow (68 kilograma çenli) eýelediler. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna Yslam Gurbanow (63 kilograma çenli) çykmagy başardy. 

Taekwondo WTF ugry boýunça ýaryşlar, mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Şoňa görä-de, halkara sport giňişliginde gazanylýan her bir üstünlik Aziada-2017-de boljak çykyşlaryň öň ýanynda biziň pälwanlarymyz üçin oňat höweslendirme bolup durýar. 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: