Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi18 Mart, 2015 (22:40)

BölümSoňky habarlar

BelliklerKüşt, FirstSaturday, FIDE, Rapid, Budapeşt

Bahar baýramyna bagyşlanan üstünlikler

Wengriýanyň paýtagtynda tamamlanan küşt boýunça “First Saturday” halkara ýaryşynda türkmenistanlylar örän ýokary netije görkezip, medallaryň ähli görnüşlerine: halkara ussatlarynyň toparynda altyn we kümüş, halkara grossmeýsterleriniň toparynda bolsa kümüş medallara mynasyp boldular. Biziň ildeşlerimiz bu üstünlikleri nusgawy görnüşinde geçirilen ýaryşlarda eýe boldular, onda bir küşt bäsdeşligine her göçümden soň 30 sekunt goşmak bilen 1,5 sagat wagt berilýär.

FIDE-niň ussady Saparmyrat Atabaýew ýeňiş gazandy. Oňa halkara ussatlarynyň toparynda taý gelen bolmady. Şunda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabyndaky 117-nji umumybilim berýän orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy toparda çykyş edýän iň ýaş küştçüdir. Ýöne bu oňa ýokary derejeli küştçüleriň arasynda tapawutlanmaga päsgel bermedi, onuň bäsdeşleriniň hatarynda diňe bir halkara ussatlary däl-de, grossmeýsterler hem çykyş etdiler.

Mundan başga-da, 15 ýaşly türkmen küştçüsi möhletinden öň ýeňiş gazanmagy üpjün etdi. Soňky tapgyryň bäsleşiginde oňa deňme-deň oýnamak hem ýeterlikdi. Netijede biziň  ýaş küştçimiz mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplady. Ol köpüsiniň ýaşy 50-den geçýän bäsleşiklerinden alty oýunda üstün çykdy we ikisinde deňme-deň oýnady. 

Mundan başga-da, Saparmyrat özüniň bu ýeňşi bilen halkara ussadynyň derejesine eýe bolmagy üpjün etdi. Şeýlelikde, S.Atabaýew şunuň ýaly üstünlik gazanyp, özboluly rekord goýan iň ýaş türkmen küştçüsi boldy. 

Saparmyradyň birnäçe gezek rekord goýandygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda dürli ýaş toparlarynda 19 altyn medala mynasyp bolan ýurdumyzyň ýeke-täk küştçüsidir. Şu ýylyň güýzünde Aşgabatda 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda birinjiligi almak ugrunda ýaryş geçiriler, şonda Saparmyart ýigriminji gezek ýeňiş gazanmagy özüne wezipe edip goýdy.

Indi birnäçe ýyldan bäri S.Atabaýew ýokary liga girýän uly ýaşly küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň  altyn medala ugrundaky ýaryşlaryň esasy bäsdeşleriniň biri bolup durýar.  2013-nji ýylda ol  bürünç medala, geçen ýyl bolsa ikinji orna mynasyp boldy. Ýeri gelende aýtsak, erkekler milli ýokary ligasy geljek aýda 2015-nji ýylyň iň gowy küştçüsini yglan eder. 

2012-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen  Bütindünýä küşt olimpiadasynda Atabaýewiň örän möhüm ähmiýetli ýeňiş gazanandygyny ýatlamalydyrys: şonda ol 16 ýaşly ýetginjekleriň toparynda altyn medala eýe boldy. Şonuň üçin hem Saparmyradyň Budapeştde geçirilen halkara ýaryşynda gazanan ýeňşi garaşylýan netijedir. 

Biziň toparymyzyň düzüminde halkara ussatlarynyň arasynda çykyş eden S.Atabaýewiň halypasy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, grossmeýster Orazly Annageldiýew 5 utuk toplap, bürünç medala eýe boldy. Mundan başga-da, biziň ildeşimiz ýaryşyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda utuklaryň köp mukdaryny toplamak bilen möhletinden öň özüne baýrakly orny üpjün etdi. 

Grossmeýterler toparynda halkara ussady Ýusup Atabaýew kümüş medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby ABŞ-dan halkara ussady Aleksandr Batte bilen geçirilen çekeleşikli bäsleşikde iň soňky tapgyrda ýeňiş gazanyp, bäşinji orundan ikinji orundan öňe saýlandy. 

Küşt hünärmenleri ilki başda bu topara gatnaşýan küştçülerden Ýusubyň dogany, halkara ussady Maksat Atabaýew ýeňiş gazanar diýip çakladylar, sebäbi ol ýaryşyň tutuş dowamynda ynamly üçünji orny eýeläp gelýärdi. Emma ýaryşyň soňky tapgyrynda Maksadyň şowsuzlyga sezewar bolmagy, ony bäşinji orna geçirdi. 

Bu ýaryşlaryň öňüsyrasynda Budapeştde küştüň beýleki bir ugry—“Rapid” görnüşi boýunça ýene bir halkara ýaryşy geçirildi. Bu küşdi “çalt” oýnamak görnüşidir, onda her göçümden soň 10 sekunt goşmak bilen bir oýna 15 minut berilýär. Şunda doganlar we bile okaýan talyplar Maksat we Ýusup Atabaýewler uly ýaşly küştçüleriň arasynda tapawutlanyp, degişlilikde altyn we kümüş medallara mynasyp boldular.

Şeýle hem “çalt” küşt oýnamak boýunça Saparmyrat Atabaýew ýetginjekleriň arasynda birinji orna eýe boldy.

Şeýlelikde, Budapeştde geçirilen halkara ýaryşlarynyň ikisiniň jemleri boýunça türkmenistanly küştçüler jemi alty medala—üç altyn, iki kümüş we bir bürünç medala eýe boldular. Bu ýeňşi paýtagtymyzyň sport baradaky komitetiniň sport mekdebiniň wekilleri ýetip gelýän bahar baýramy—Nowruz baýramyna bagyşlaýarlar. 

Habarlar #Küşt

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: