Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi08 Fewral, 2015 (23:11)

BölümSoňky habarlar

BelliklerBasketbol, Aşgabat, TDY we DI

Sport syny

Geçen dynç günleri ýurdumyzyň sport durmuşy birnäçe ähmiýetli wakalara beslendi. Şenbe güni, 7-nji fewralda 1997-1998-nji ýylda doglan ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryşyň ýeňijileri we baýrak eýeleri kesgitlenildi. Ýekşenbe güni bolsa ýakynda türkmen paýtagtynda açylan ýöriteleşdirilen täze küşt-şaşka mekdebinde sportuň aň-paýhas görnüşleri boýunça ýaryşyň üçüsi geçirildi.

Basketbol boýunça gyzgalaňly ýaryşlar Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda geçirildi. Ýetginjekleriň ýaryşyna iki toparça bölünen 8 topar /3-si Aşgabatdan we 5-si welaýatlardan/ ýygnandy. Her toparçanyň iň oňat iki topary medallar ugrunda ýarym final duşuşyklarda ýaryşy dowam etdi.

Ahyrky netijede, çempionlyk derejesi ugrunda bäsleşikde Aşgabat-1 hem-de Mary welaýatynyň ýygyndy topary duşuşdylar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Raşid Kaýumowyň ýolbaşçylygynda tälim alýan paýtagtly türgenler duşuşygy garşydaşyň toruna tarap ýyldyrym çaltlygyndaky hüjümlerden başladylar hem-de eýýäm oýnuň ilkinji minutlarynda özlerine hasapda uly artykmaçlygy üpjün etdiler.

Alekseý Zaplatnynyň türgenleri oýunçylary gorag hataryna geçirmek arkaly aşgabatlylaryň okgunly hüjümlerini saklamaga çalyşdylar. Emma bu ýeterlik bolmady. Netijede, marylylar 48:61 hasabynda ýeňlip, ikinji orny eýelemek bilen, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyny aşgabatlylara berdiler.

“Bürünç” baýragy Lebap welaýatynyň basketbolçylary eýelediler. Olar üçünji orun üçin duşuşykda paýtagtyň “Olimp” sport mekdebinden bolan deň-duşlaryndan üstün çykdylar. 

Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşa basketbol toparlarynyň 6-sy – ýurdumyzyň welaýatlaryndan bäş we Aşgabat şäherinden toparlar gatnaşdylar. Duşuşyklar aýlaw ulgamy boýunça geçirildi. Ýeňlişsiz netijäni--mümkin bolan bäş oýunda bäş ýeňşi Zarima Sultanowanyň tälim berýän Lebap welaýatyndan bolan ýygyndy topar gazandy. Özi-de şol ýeňişleriň her biri hasapda uly aratapawut görkezmek bilen gazanyldy. 
Lebap welaýatynyň toparynyň üstünligini Jennet Bäşimowa, Madina Aliýewa, Kümüş Hudaýberdiýewa, Dilfuza Azizowa we Umyda Joraýewa üpjün etdiler. Olaryň görkezen oýunlary we pökgä ynamly eýelik etmekleri, meýdançanyň bütin çäklerinde hereket etmekleri, oýny goranyşdan hüjüme tiz geçirip bilmekleri, şeýle hem ýyldyrym çaltlygynda yzlaryna dolanmagy başarmaklary özlerine we topardaky deň-duşlaryna şunuň ýaly talap edijilikli bolan ýagdaýlarynda olara sportda oňat geljegiň garaşýandygyny öňünden aýtmaga mümkinçilik berýär. Ähli bildirilýän talaplar oňaýly gabat gelen ýagdaýynda olaryň köpüsine 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda milli ýygyndynyň düzüminde çykyş etmek ýaly belent hormat nesip eder. Çünki,mälim bolşy ýaly, basketbol hem bu iri möçberli toplumlaýyn ýaryşlaryň maksatnamasyna goşuldy. Şol ýaryşlar ilkinji gezek diňe bir Aziýa döwletleriniň däl, eýsem, Okeaniýa ýurtlarynyň ýygyndy toparlaryny hem ýygnar.   
     
Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirilýän ýaryşlar barada aýdylanda, bu ýerde 12 ýaşa çenli bolan oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Aşgabadyň çempionaty, 18 ýaşa çenli bolan ýetginjekleriň arasynda şaşka boýunça paýtagtyň birinjiligi ugrunda ýaryş hem-de “Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy!” diýen şygar astynda geçirilýän VI Umumymilli oýnuň çäklerinde küşt boýunça şäher ýaryşy geçirildi. 

12 ýaşa çenli küştçüleriň ýaryşynda paýtagtyň sport komitetiniň küşt sport mekdebinde tälim alýanlaryň 40-sy 9 tapgyrda şweýsar ulgamy boýunça bäsleşdiler. Ýetginjekleriň toparynda ýaryş tamamlanmagyna eýýäm 2 tapgyr galanda ýeňiji kesgitlendi: Allaýar Şirliýew altyn medal gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň elinde tälim alýan küştçi ýeňlişe sezewar bolman, mümkin bolan 9 utuk gazandy. 

Ýaş küştçi oýunlarynda öz döwründe bütin dünýä meşhur grossmeýster, küşt boýunça dünýäniň dördünji çempiony Aleksandr Alýohiniň ulanan hüjüm ediş tärleiniň ähli artykmaçlygyny erjellik bilen başarnykly peýdalanýar. Öz ýaş toparynda öňdäki orny eýeläp, A.Şirliýew bir wagtyň özünde oýunlary geçirmek görnüşinde, şeýle hem sport ussady adyna we halkara atlara eýe bolan uly ýaşly küştçüler bilen oýunlarda öz ussatlygyny ýokarlandyrýar. 

Gyzlaryň toparynda birinji ornuň ykbalyny sport koeffisentleriniň gatnaşyklary arkaly kesgitlemeli boldy, çünki ýaryşa gatnaşýanlaryň ikisi – Merjen Batyrowa we Ogulsuraý Baýrambaýewa 8,5 utuk topladylar. Sanlar deňeşdirilende, Merjende oňat görkeziji emele geldi we ol netijede, altyn medal gazandy. Ogulsuraý kümüş medala eýe boldy.

Şaşka boýunça ýaryşlar 14-nji fewrala çenli dowam eder. Ýeňijiler we baýrak eýeleri iki görnüşde—nusgawy ýaryşlarda we çalt göçmek görnüşinde kesgitlener. 

Umumymilli oýunlaryň çäklerinde geçirilýän küşt bäsleşikleriniň netijeleri boýunça oýunlaryň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin Aşgabadyň ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlener. Şonda zähmet toparlarynyň wekilleri -- ýaş küşt söýüjiler iň güýçli diýen at ugrunda ýurdumyzyň welaýatlaryndan bolan ýygyndy toparlar bilen güýç synanyşmaly bolar. Häzirki ýaryşlaryň ýeňijileri Bagtyýarlyk etrabyna wekilçilik edýän zähmetkeşler boldy. Ikinji orna Ruhabat etrabynyň, üçünji orna bolsa Köpetdag etrabynyň toparlary mynasyp boldular.

Şu gün, 9-njy fewralda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Reşt şäherine /Eýran Yslam Respublikasy/ ugraýar. Şol ýerde 11-20-nji fewral aralygynda halkara ýaryşy geçiriler. Bu ýaryşlar, hürärmenleriň pikirine görä, beýleki iri halkara ýaryşlaryna, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň bir tapgyry bolar. 

Biziň ýurdumyzyň ýygyndysynyň düzüminde şu günki günde Türkmenistanyň iň güýçli küştçüleri, şol sanda 2013-nji ýylda Aziýanyň çempiony Gözel Atabaýewa, 2014-nji ýylda ýokary milli liganyň ýeňijisi Bahar Hallaýewa, Aziýanyň wise-çempiony Meňli Öwezowa we beýlekiler bar.

Halkara ýaryşlary baradaky gürrüňimizi dowam edip, şu gün-9-njy fewralda “Aşgabat” köpugurly stadionynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň /AFK/ kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde  duşuşygyň geçiriljekdigini belläliň. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi “Ahal” we AFK-nyň kubogynyň iki gezek /2006, 2007 ýyllarda / eýesi Gyrgyzystanyň “Dordoý” toparlary güýç synanyşar. Ertir—10-njy fewralda sport baýramçylygyny Türkmenistanyň häzirki çempiony “Altyn asyr” bilen Ýemeniň çempiony “Al Sagr” toparynyň duşuşygy dowam eder. Oýunlaryň ikisi hem 17.00-da başlanar. 

Habarlar #Basketbol

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: