Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi05 Fewral, 2015 (23:13)

BölümSoňky habarlar

BelliklerBasketbol, çempionat

Aşgabat çempionatyna sözsoňy

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Goşunyň merkezi sport klubynyň toparynyň ýeňişi bilen basketbol boýunça erkekler toparlarynyň ýokary ligasynyň Aşgabat çempionaty tamamlandy. Oýunlaryň jemleýji tapgyrynda ýeňijiler geçen ýyl birinji ýeri eýelän Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” toparyny iki gezek utdular.

Şu gezekki ýaryşlaryň düzgünlerine birnäçe ýütgetmeler hem girizilendigini bellemelidiris. Öňki ýyllarda geçirilen çempionatlarda toparlaryň 12-sinden aýlaw usulynda iň gowy toparlaryň dördüsi kesgitlenilýärdi, olar birinji orun üçin bäsleşigi dowam etdirýärdiler. Bu gezek ýaryşa gatnaşyjylar ilki iň güýçli toparlaryň sekizligine girmek üçin güýç synanyşdylar. Soňra bolsa ýarym finalda oýnajak toparlar anyklaynldy.

Ýarym finalda ýeňiş gazananlar finalda çykyş edýärler, şonda çempion adyny almak ugrunda oýunlaryň tapgyry geçirilýär we birinji orna mynasyp bolmak üçin iki gezek ýeňiş gazanmaly. Bürünç medallar ugrundaky bäsleşikler hem şeýle düzgünde geçirilýär. Munuň özi ilkinji duşuşykda utulan toparlara bäsdeşleri bilen ýene bir gezek duşuşmaga mümkinçilik berýär, bu düzgünler oýunlaryň has çekleşikli bolmagyna getirýär.

Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň häzirki zaman sport toplumlarynyň meýdançalarynda geçirilen oýunlaryň final tapgyrynda Goşunyň merkezi sport klubynyň topary bilen “Nebitçi” topary duşuşdylar. Eger-be, geçen möwsümde Goşunyň merkezi sport klubynyň geçiren oýunlaryna toparyň esasy düzümi gatnaşyp bilmändigi üçin olar finala çykyp bilmediler, bu gezek şol oýunçylaryň daşary ýurtlardan gaýdyp gelenlerinden soň, harby toparyň hüjümi has güýçlendi, bu bolsa olara finala çykmaga ýol açdy. 

Myrat Myratdurdyýewiň tälim berýän toparynyň şol oýunçylary Kemal Nurmuhammedow, Timur Allanurow, Aleksandr Paşkow we Maksim Otbozindir, hünärmenleriň pikirine görä, olaryň daşary ýurt klublarynda toplan tejribeleri milli ýygyndy toparymyzyň dünýä derejesindäki iri ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegine goşant bolar. Basketbol ýene-de iki ýyldan Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şol Aziýa oýunlarynda basketbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň mynasyp çykyş etjekdigine ynanmaga doly esas bar.

Munuň şeýledigini halkara ýaryşlarynyň birnäçesiniň, şol sanda geçen ýylyň noýabr aýynda Tailandda geçirilen IV kenarýaka Aziýa oýunlarynyň  netijeleri milli ýygyndynyň geljeginiň uludygy baradaky pikiri tassyklaýar. “3х3” usulynda geçirilen basketbol boýunça bäsleşiklerde biziň ýurdumyzyň topary güýçli toparlaryň sekizligine girdi. Şonda türkmenistanlylar III kenarýaka Aziýa oýunlarynyň çempionyny hem utmagy başardylar. 

Final duşuşygynda Goşunyň merkezi sport klubynyň topary 
oýnuň ilkinji pursatlarynda hüjüme geçdiler. Toparyň oýunçulary tizlik bilen hüjüm edip, ýene-de haýal etmän goranyşa geçýärdiler. Netijede, olar 81:65 hasabynda ýeňiş gazandylar. Bu bolsa “Nebitçiniň” tälimçisi Meret Meredowdan jogap duşuşygyna ykjam taýýarlyk görmek üçin düýpli üýtgetmeleri geçirmegi talap etdi. 

Ikinji duşuşygyň hem başy birinji duşuşyga meňzeş boldy: Goşunyň merkezi sport klubynyň oýunçulary goragda hem hüjümde hem öz hereketlerini sazlaşdyryp artykmaçlyk gazandylar. Oýnuň barşynda olar 22 utuk artykmaçlyk gazandylar we oýnuň ykbaly çözülene meňzedi. Emma, duşuşygyň soňky 10 minutynda “nebitçiler” Goşunyň merkezi sport klubynyň hüjümini yza serpikdirmegi başardylar. Şunlukda hasabyň utuk tapawudy ep-esli azaldy we 3 utuga deň boldy. Emma, hüjüm has gyzygan wagty oýnuň tamamlanandygy barada jürlewügiň sesi ýaňlandy. Şeýlelikde, Goşunyň merkezi sport toparynyň basketbolçylary birinji orny eýelediler.

Eger-de, finalda iki duşuşyk geçirilen bolsa, üçünji orun ugrundaky bäsleşikler giňişleýin maksatnama laýyklykda geçirildi, sebäbi “Aşgabat” we “Talyp sporty” toparlarynyň ilkinji iki duşuşygy 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Şunda talyplar duşuşygy üstünlikli başlap, ahyrynda  ýeňişi elden giderdiler. Ilkinji duşuşykda olar oýunyň tamamlanmagyna üç minut galanda 10 utuk tapawudy bilen öňde barýardylar, emma, “Talyp sportynyň” oýunlary şol hasaby saklap galjak bolup nädogry usuly saýlap aldylar. Bu bolsa “Aşgabat” toparyna duşuşygyň esasy wagtynda hasaby 85:85 görnüşinde deňlemäge mümkinçilik berdi. 

Soňra goşulan goşmaça 5 minutda “Aşgabadyň” oýunçulary üstünlikden ruhlanyp çekeleşikli bäsleşikde 94:93 hasabynda üstünlik gazanmagy başardylar. 

Ikinji we üçünji duşuşyklarda Toýly Baýryýewiň tälim berýän “Talyp sporty” toparynyň oýunçulary ilkinji duşuşykda goýberen säwlüklerini düzedip, birinji jogap duşuşygynda 84:71, aýgytlaýjy soňky oýunda bolsa 75:54 hasabynda ynamly ýeňiş gazanyp, bürünç medallary eýelediler. 

Basketbol boýunça ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Aşgabadyň çempionaty Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşjak toparlaryň üçüsini ýüze çykardy, ýurdumyzyň çempionatynda hem indi köp ýyllaryň dowamynda medallar ugrunda esasy bäsleşikler paýtagtymyzyň toparlarynyň arasynda geçirilýär.

Üç tapgyrda geçirilýän ýurdumyzyň milli çempionatynda aşgabatlylar welaýatlaryň bäşisiniň ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşmaly bolarlar. Ilkinji tapgyr aprel aýynda, ikinji tapgyr maýda we jemleýji üçünji tapgyr noýabr aýynda geçiriler.

2-nji fewralda Aşgabatda 1997-1998-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi başlandy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan toparlaryň we paýtagtymyzyň toparlarynyň birnäçesiniň gatnaşýan ýaryşlary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda geçirilýär.
Ýeňijiler 7-nji fewralda belli bolar.

Habarlar #Basketbol

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: