Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi28 Dekabr, 2014 (18:28)

BölümSoňky habarlar

BelliklerKikboks, Aşgabat

Türkmenistanyň Kubogy paýtagtly kikboksçylarda

Aşgabat, 28-nji dekabr /TDH/. Şu gün “Galkynyş” sport toplumynda ulularyň we 1997-1998-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda kikboks boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy. Umumy toparlaýyn hasapda birinji orun üçin esasy göreş Aşgabadyň we Lebabyň türgenleriniň arasynda ýaýbaňlandy.

Bu iki toparyň bäsleşiginde paýtagtly kikboksçylar oňat taýýarlygyny görkezdiler. Olar 9 ýeňiş gazandylar. Hormat münberiniň ýokary basgançagyna Kakajan Nepesow, Muhammet Öwezsähedow, Maksat Kömekow, ekiz doganlar Sylap we Pygy Sylabowlar, Rejepguly Ataýew, Ysmaýyl Ataýew, Serdar Hudaýberdiýew we Begjan Annagulyýew çykdylar.

Umumytoparlaýyn hasapda ikinji orny lebaply türgenler—Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Ý.Haýytowyň we Z.Atajanowyň şägirtleri eýelediler. Üçünji orny Daşogzuň we Marynyň türgenleri öz aralarynda paýlaşdylar. Olaryň her biriniň hasabynda 1 ýeňiş bar.

…Milli sport ýaryşlarynda eýýäm 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda, ýagny kikboks Türkmenistanda ornaşyp başlandan bäri, aşgabatlylar öňdeligi eýeleýärler. Şol wagt hem,  häzir hem Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi, milli ýygyndynyň baş tälimçisi Aleksandr Snagowskiý paýtagtly söweşijileriň tälimçisi bolmagynda galýar. Ol zehinli türkmen türgenleriniň milli ýaryşlarda bolşy ýaly, dünýä derejesindäki ýaryşlarda hem özleriniň ýokary ussatlygyny görkezýän birnäçe neslini terbiýeledi. 

A.Snagowskiniň şägirtleri Türkmenistanyň sportda gazananlaryna ýüzlerçe medallary goşdular. Olaryň arasynda dünýä çempionatlaryndan we Ýer ýüzüniň Kubogy ugrundaky ýaryşlardan altyn medallaryň ençemesi bar. Aleksandr Nikolaýewiçiň okuwçylarynyň köpüsi tälimçiniň ýörelgesine eýerdiler. Olar häzir milli ýaryşlara öz toparlaryny çykaryp, kikboksyň  türkmen mekdebiniň halypasynyň türgenleri bilen mynasyp bäsleşýärler.    Şunda bolsa – güýçli bäsdeşlikde, tejribäniň we ussatlygyň nesilden-nesle geçirilmeginde hem esasy zat -- sportuň islendik görnüşiniň ösüşiniň şerti jemlenýär.  

Şeýle däpleriň iň gowularyny lebaply halypalar hem kabul etdiler. Olaryň köpüsi hem öz döwründe A.Snagowskiniň ýolbaşçylygynda türgenleşdiler. Häzirki günde ýurdumyzyň Gündogar sebitinden bolan türgenler Türkmenistanyň çempionatlarynda we ýurduň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda aşgabatlylara bäsdeş bolup durýarlar. Olaryň hatda umumy toparlaýyn hasapda ençeme ýeňişleri hem bar. Lebaply türgenleriň köpüsi milli ýygyndyda orunlaryny eýelemäge hukugy mynasyp gazanyp,  halkara ýaryşlarynda mynasyp çykyş edýärler we dürli gymmatlykdaky medallary gazanýarlar.

Türkmen kikboksçylary ençeme ýyllaryň dowamynda uly halkara ýaryşlarynda çykyş edip, Watanymyza hemişe medallar bilen dolanyp gelýärler. Mundan başga-da, dürli derejedäki ýaryşlarda sylaglanyş dabarasynyň barşynda biziň watandaşlarymyzyň ýeňşe beslenen “altyn” çykyşlarynyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belent owazy astynda Döwlet tugy galdyrylýar. 

Muňa şu ýylyň oktýabynda Türkiýede geçirilen söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynda türkmen kikboksçylarynyň çykyşy soňky mysallaryň biri bolup durýar. Biziň watandaşlarymyzyň gazanan netijesini doly esas bilen haýran galldyryjy diýip atlandyrmak bolar—dokuz medal gazanylyp, olaryň sekizisi altyn we biri küümüş medaldyr. Şonda P.Sylabowyň, Ş.Hallyýewiň, I.Ataýewiň, Ş.Hallyýewiň, A.Annamyradowyň, H.Kömekowyň, Ş.Ýagmyrowyň we M.Amanowyň ýeňiş gazanandyklaryny ýatlamak isleýäris. S.Sylabow kümüş medala mynasyp boldy.   

Türkmen kikbosçylarynyň şeýle ýokary üstünlikleri Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda 2017-nji ýylda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy ýaryşlarynda hem olaryň umumytoparlaýyn hasapda öňdeligi eýeläp, biziň ýurdumyza mynasyp wekilçilik etjekdiklerine ynam döredýär. 
Gyş döwründe biziň kikboksçylarymyz 2015-nji ýylda geçiriljek ýaryşlara taýýarlanarlar. Mart aýynda Türkmenistanyň çempionatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň netijeleri milli ýygyndynyň düzümi kesgitlener.  Şol ýygyndy topar halkara derejesindäki ýaryşlara, şol sanda dünýä çempionatyna we Aziýa çempionatyna gatnaşar.  

Habarlar #Kikboks

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: