Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi07 Dekabr, 2014 (18:32)

BölümSoňky habarlar

BelliklerBelarussiýa, Minsk, taekwondo, ITF

Dünýäniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türkmen taekwondoçylary bäş sany medala eýe boldular

Minsk, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün Belarus Respublikasynyň paýtagtynda taekwondonyň ITF ugry boýunça Dünýäniň kubogyny almak ugrunda geçirilýän ýaryşda Türkmenistanyň topary ýene-de iki sany — bürünç medallara eýe boldy. Bu üstünligi Muhammed Hudaýberdiýew we Arslan Batyrow 51 we 47 kilograma çenli agramlyk derejede 16-17 ýaşdaky ýetginjekleriň arasyndaky şahsy bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmek arkaly gazandylar.

Umuman alanyňda, munuň özi türkmenistanlylaryň Dünýäniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda gazanan bäşinji medalydyr. Şondan öň üç medaly — bir altyn we iki sany bürünç medallary ýetginjekleriň arasynda 57 kilograma çenli agramlyk derejede geçirilen bäsleşiklerde birnäçe gezek üstün çykan Annamyrat Goşanyýazow hem-de tuli (toplumlaýyn maşklar) boýunça bürünç medallara eýe bolan Gaýgysyz Atabaýew we Orazmyrat Çaryýew gazandylar hem-de Türkmenistanyň toparynyň gazanan medallarynyň sanyny artdyrdylar.

Bäş sany medalyň, şol sanda bir altyn medalyň gazanylmagy örän ýokary netijedir, çünki Dünýäniň kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşa gatnaşmak üçin Belarusuň paýtagtynda dünýäniň onlarça ýurtlaryndan güýçli taekwondoçylaryň 1100-e golaý ýygnandy. Şoňa görä-de, türgenlerimizi uly üstünlik gazanandygy bilen gutlamak bolar. Olar bu üstünligi ýetip gelýän uly baýramçylyga — Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşladylar!

Habarlar #Belarussiýa

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: