Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi17 Noýabr, 2014 (19:08)

BölümSoňky habarlar

BelliklerBasketbol, Tailand, Phuket

Türkmen basketbolçylary çärýek finala çykdylar

Phuket, 17-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen basketbolçylary kenarýaka oýunlarda Maldiw adalarynyň ýygyndy toparyndan üstün çykyp, möhletinden öň «3x3» basketbol bäsleşiginde Aziýanyň iň güýçli sekiz toparynyň arasynda mynasyp ornuny üpjün etdi.

«A» topara türkmen türgenleri bilen birlikde Omanyň, Owganystanyň, Bangladeşiň, Maldiw adalarynyň we Kataryň ýygyndy toparlary girdiler. Biziň basketbolçylarymyzyň ilkinji duşuşygynda Omanyň toparyndan (13:14) hasabynda ýeňlendiklerini, ikinji duşuşygynda özlerini ele alyp, 2012-nji ýylda Hytaýda geçirilen kenarýaka Aziýa oýunlarynda ýeňiji bolan Owganystanyň ýygyndysyny ýeňmegi başarandyklaryny ýatladýarys.

Özüne-de Hytaý Aziadasynyň final ýaryşynda  owganystanlylar şonda kümüş medala mynasyp bolan hut türkmen basketbolçylaryndan «altyn» medaly almagy başardylar. Ine, indi bolsa biziň watandaşlarymyzyň ýeňiş gazanmakda öwezini dolmaga nobaty geldi. Şunda ýurdumyzyň ýygyndy topary garşydaşlaryndan 10:7 hasabynda ynamly üstün çykyp, beýleki garşydaşlarynyň öňünde özlerini iň oňat tarapdan görkezdiler. Mysal üçin, Orazmyrat Esenowyň tälim berýän şägirtleriniň okgunly hereketleriniň garşysyna durup bilmedik Maldiw adalarynyň ýygyndy topary bilen şu gün geçirilen duşuşygyň öň ýanynda üstünlikli netijeler gazanyldy. Ol bolsa 20:12 hasabynda gazanylan ýeňşiň esasynda öz garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik bermedi. 

Çärýek finalda öz orunlaryny üpjün etmek bilen, türkmenistanlylar Kataryň topary bilen şu günüň ikinji tutluşygynda öz ähli başarnyklaryny görkezmän, eýsem, oýun wagtyny «öýdäki» ýaryşlarda bäsdeşleri bilen ýaryşmak üçin peýdalandylar. 

18-nji noýabrda biziň basketbolçylarymyz ýarym finala çykmak ugrunda sportuň bu görnüşinde Aziýanyň iň güýçli komandalarynyň biri bolan Hindistanyň ýygyndy topary bilen bäsleşdi.

Aziýanyň kenarýaka oýunlary mahaly biziň basketbol ussatlarymyzyň dünýäniň köp ýurtlaryndan Andaman deňziniň kenar ýakasyna gelen syýahatçylaryň uly toparyndan öz janköýerlerini gazanandyklaryny aýdyp geçmeli. Dynç alýanlaryň käbiri hut biziň türgenlerimiziň çykyşlaryna tomaşa etmek üçin bu ýaryşlara geldiler. Şol sanda Türkmenistanyň zenanlar toparynyň çykyşlaryny hem belläp geçmeli, ol şu gün Tailandyň ýygyndy topary bilen iň esasy we iň çylşyrymly oýny geçirdi. 

Bu oýun ýarym finala çykanlaryň birini ýüze çykardy. Aziadanyň ýer eýeleriniň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp geçmeli. Birinjiden, ýaryşlar geçýän sport binýadynda uzak wagtlap taýýarlyk görmek, ikinjiden, münberden olary gyzgyn goldamak bolup durýar. Şonuň üçin hem biziň basketbolçy zenanlarymyzyň öňünde aýratyn çylşyrymly wezipe durýardy, görlen ähli tagallalara garamazdan, şol wezipäni çözmek kyn boldy. Ýöne Türkmenistanyň toparyna öwgüli sözleri aýtmak gerek, olar türgenlere hem, tomaşaçylara hem özüniň ajaýyp we barlyşyksyz oýnuny görkezip, ýatda galarlykly çykyş etdiler.

Umumytoparlaýyn ýaryşda biziň ýygyndy toparymyzyň hasabynda dokuz medalyň, ýagny, 1 altyn , 3 kümüş we 5 bürünç medalyň bardygyny ýatlap geçmeli. Medallar ugrunda göreş dowam edýär. 18-nji noýabrda Potong beach  çägeli kenarynda taý boksy boýunça ýaryş badalga alýar, şol ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary hem çykyş eder. 

19-njy noýabrda badalga alýan kenar ýakasy kabaddi boýunça ýaryş hem geçiriler. Bu ýaryşda üstün çykýanlaryň köpüsine emin hökmünde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow hyzmat eder.  Türkmen tälimçisiniň Koreýada şu ýylyň sentýabr aýynyň soňky günlerinde, ýagny XVII Aziýa oýunlarynyň geçýän mahaly şu guramanyň bolup geçen hasabat saýlaw maslahatynyň barşynda Halkara kabaddi federasiýasynyň wise-prezidenti wezipesine saýlanandygyny hem nygtap geçmeli.    

Habarlar #Basketbol

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: