Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi31 Oktýabr, 2014 (19:16)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, hokkeý, Galkan

Halkara ýaryşlarynyň öňüsyrasynda

Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynda 1997-1998-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça ýaryş tamamlandy, onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” topary ynamly ýeňiş gazandy. Aýlaw usulynda geçirilen bäsleşiklerde Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri bir gezek hem ýeňlişe sezewar bolman, doly üstünlik gazandylar.

Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir”, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň “Bürgüt” we ministrlikleriň birnäçesine degişli bolan “Alp Arslan” toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşigiň esasy maksady ýetginjekler milli toparymyzyň düzümine iň gowy türgenleri saýlap almakdan ybarat boldy.

15-29-njy noýabr aralygynda türkmen hokkeýçileri Belarus Respublikasynyň paýtagty Minski şäheriniň “Ratomka” sport toplumynda halkara okuw-türgenleşik çärelerine gatnaşar. Biziň ildeşlerimiz 2015-nji ýylda geçiriljek halkara ýaryşlaryna, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşige taýýarlyk görmek üçin tejribeli belarus tädimçileriniň ýolbaşçylygynda ussatlygyny artdyrarlar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri barha ösdürilýär. Türkmen türgenleri gysga döwrüň içinde hokkeý oýnunyň Türkmenistanda uly geljeginiň bardygyny subut etdiler. Muňa halkara derejesinde gazanylýan üstünlikler hem şaýatlyk edýär.

Sport synçylary hokkeý boýunça türkmen mekdebiniň derejesiniň ýokarydygyny we olaryň ýurdumyzyň daşynda geçirilýän halkara ýaryşlarynda hem üstünlik gazanmaga ukyplydygyny belleýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerden başga-da, ýetginjekler ýygyndy toparymyz geljek ýylyň mart aýynda Belarusuň paýtagty Minskide geçiriljek “Altyn şaýba” halkara ýaryşyna, şeýle hem beýleki halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşar.

Milli derejedäki ýaryşlar baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, ikinji orun ugrunda tälimçi Gürgen Gurbanowyň “Oguzhan” we tälimçi Röwşen Kelemjäýewiň “Şir” toparlarynyň arasynda esasy synanyşyklaryň bolandygyny bellemelidiris. Şonda “Türkmengaz” döwlet konserniniň hokkeý topary ikinji orna, “Şir” topary bolsa üçünji orna eýe boldy.  

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: