Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi28 Oktýabr, 2014 (19:18)

BölümSoňky habarlar

BelliklerTürkiýe, Stambul, guşakly göreş, kikboks, taý boks, jiu-jitsu

Türkmen pälwanlarynyň uly üstünligi

Stambulda (Türkiýe) geçirilýän söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň nobatdaky güni Türkmenistanyň toparyna medallaryň 34-sini getirdi! Olaryň 22-si altyn, 5-si kümüş we 7-si bürünç medallardyr. Watandaşlarymyz bu ajaýyp üstünligi guşakly göreş, kikboksing, taý boksy we jiu-jitsu boýunça ýaryşlarda gazandylar.

Göreş ýaryşlarynda pälwanlar altyn medallaryň 11-sini we bir kümüş medal gazandylar. Hormat münberiniň ýokary basgançagyna Şatlyk Jumanazarow, Bäşim Orazow, Seýdi Batyrow, Annamyrat Çaryýew, Rejepali Orazaliýew, Allanur Goçow, Pirguly Gurbandurdyýew, Zuhra Madraimowa, Laçyn Badaglyýewa, Rano Uzakowa we Nasiba Surkiýewa çykdylar. Tirkişgeldi Aýazow ikinji orna mynasyp boldy. 

Biziň türgenlerimiziň Bütindünýä oýunlarynda görkezen çykyşlary örän netijeli boldy hem-de noýabryň ortalarynda Aşgabatda geçiriljek Dünýä çempionatynyň öň ýanynda pälwanlarymyzyň örän oňat ýagdaýdadygyny görkezdi. 

Kikboksçylaryň taýýarlyk derejesi hem ýokary boldy. Olar medallaryň 9-sy – 8 altyn we 1 kümüş medallar bilen Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üstüni ýetirdi. Bu ýeňşi Pygy Sylabow, Şameret Hallyýew, Ysmaýyl Ataýew, Şöhrat Hallyýew, Allamyrat Annamyradow,  Hudaýguly Kömekow, Şöhrat Ýagmyrow we Mekan Amanow gazandylar. Sylap Sylabow kümüş medala eýe boldy. 

Milli ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň türgenleriniň bu çykyşlary halkara derejesindäki sport ýaryşlarynda nobatdaky örän üstünlikli çykyşlarydyr. Diňe soňky dört aýda türkmen kikboksçylary iri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, medallaryň ähli görnüşleriniň 17-sini Watana getirdiler. Muňa çenli A.Snagowskiniň türgenleri Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşynda hem-de Russiýada geçen “Göwher Kubogy”  ýaryşynda altyn medallaryň ikisini, kümüş medallarynyň dördüsini we bürünç medallarynyň ikisini gazandylar. Ine indi bolsa Bütindünýä oýunlarynda uly üstünlikli çykyş edildi. Bu ýaryşlarda biziň watandaşlarymyz ýer ýüzüniň söweş sungatlarynyň iň oňat ussatlaryna mynasyp bäsdeş boldular. 
2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen sportunyň abraýyny goramak hormatynyň garaşýandygy bilen baglylykda biziň kikboksçylarymyzyň ajaýyp çykyşlary goşa şatlykdyr. 

Stambulda taý boksy boýunça biziň ussatlarymyzyň çykyşlary hem begendirdi. Olar medallaryň 5-sini: altyn medallaryň 2-sini Nurgeldi Ataýew we Sewara Ýakubowa, bürünç medallaryň 3-sini Resul Araşow, Baýramguly Bagşyýew we Resul Bäşimow gazandylar. 

Jiu-jitsu boýunça ýaryşlarda türkmen ýygyndysyna Serdar Hojamuhammedow altyn medal getirdi, kümüş medallaryň 3-sini Ýusup Atamyradow, Zuhra Madraimowa we Laçyn Badaglyýewa hem-de bürünç medallaryň 4-sini Ahmet Taňyrberdiýew, Jowlanbek Madaminow, Çarymyrat Annagurbanow we Rahmet Taganow gazandylar. 

Ýakynda türkmenistanlylaryň Bütindünýä oýunlarynda pankration we taý boksy boýunça ýaryşlarda altyn medallaryň 5-sini, kümüş medallarynyň 1-ni we bürünç medallarynyň 2-sini gazanandyklaryny ýatladýarys. Agzalan üstünlikleri nazarda tutup, biziň ýygyndy toparymyz söweş sungatlary boýunça Bütindünýä oýunlarynda çykyş etmek bilen baýraklaryň 42-sini eýelediler. Olaryň 22-si altyn medallardyr. 

Habarlar #Türkiýe

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: