Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi23 Oktýabr, 2014 (19:19)

BölümSoňky habarlar

Belliklerfutbol, woleýbol, basketbol, gandbol

Garaşsyzlyk baýramynyň hormatyna ýaryşlar

Şu günler ýurdumyzyň ähli şäherlerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän köpsanly sport çäreleriniň hatarynda, ilkinji nobatda, ähli welýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda futbol, woleýbol, basketbol we gandbol boýunça guralýan milli toplumlaýyn ýaryşlary belläsimiz gelýär.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan ýaryşlaryň deslapky tapgyry ýurdumyzyň ähli umumy bilim berýän mekdepleriniň okuwçylaryny jemledi. Ýygyndy toparlary döretmek saýlama tapgyrlaryň üçüsi – etrap, şäher we welaýat derejelerindäki ýaryşlar arkaly amala aşyryldy.

Paýtagtymyzyň döwrebap sport toplumlarynyň meýdançalarynda geçirilen ýaryşlaryň final tapgyrynda aşgabatlylar oňat taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Olaryň hasabynda futbol, basketbol we gandbol boýunça üç ýeňiş bar. 

Daşoguzly okuwçylar ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda woleýbol ýaryşlarynda altyn medallara mynasyp boldular. Balkan we Lebap welaýatlarynyň ýygyndy toparlarynyň her biri bir ýeňiş gazandy. Olar gyzlaryň arasynda gandbol we basketbol boýunça ýaryşlarda degişlilikde ýokary sport netijelerini görkezdiler. 

...Ýetginjekler toparlarynyň gatnaşmagyndaky hokkeý boýunça duşuşyklar paýtagtymyzdaky sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda geçirildi. 

2000-2003-nji ýyllarda doglan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşlaryň birinde eýýäm ýeňiji belli boldy. “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan” hokkeý topary ýeňiş gazandy. 23-nji oktýabrda geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda Gurgen Gurbanowyň şägirtleri özleriniň esasy bäsdeşlerinden – Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” toparyndan üstün çykyp, altyn medallara mynasyp boldular.  

Oýnuň jemleýji tapgyrynyň tamamlanmagyna iki minut galanda, “Şir” toparynyň oýunçylary 5:3 hasabynda öňde barýardylar. Ýöne, “Türkmengaz” döwlet konserniniň toparyna oýnuň depginini güýçlendirmek başardy. ”Oguzhan” topary tutanýerlilik görkezip, hasaby deňlemegi başardy, duşuşygyň tamamlanmagyna 20 sekund galanda bolsa ýeňiş getiren hokkeý topuny geçirdi (Aleksandr Awbeýew tapawutlandy). Netijede “Oguzhan” 6:5 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. 

“Şir” toparynyň oýunçylary kümüş medallara eýe boldular, üçünji ýere bolsa Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň topary mynasyp boldy. 

Hokkeý boýunça Ikinji ýaryş 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda geçirilýär. Bu bäsleşikde iki tapgyr geçirildi, esasy duşuşyklar öňdedir. Birinji tapgyrda “Oguzhan” bilen “Şiriň” arasynda gepçirilen duşuşykda ýene-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň topary üstünlik gazandy. Ýaryşlar 30-njy oktýabra çenli dowam eder. 

...Halkara derejedäki ýaryşlar barada aýdylanda bolsa,  23-nji oktýabrda Inçhon şäherinde geçirilýän XVII Aziýa paralimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Spartak Ramazanowyň pauerlifting boýunça ýaryşlarda Aziýanyň iň güýçli türgenleriniň bäşligine girendigini bellemelidiris. 

Aşgabat şäher sport komitetiniň maýyplar sport mekdebiniň türgeni S.Ramazanow 107 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edip, 175 kilogram agramly ştangany galdyrmagy başardy. Munuň özi oňa iň gowy türgenleriň hatarynda ýokary netijäni görkezmegini üpjün etdi. 

Ozal habar berlişi ýaly, düýn türkmenstanlylar Inçhonda geçirilýän Aziadada pauerlifting boýunça ýaryşlarda üç medala mynasyp boldular. Walentin Simakow we Sergeý Meladze kümüş medallary, Maýagözel Pekiýewa bürünç medaly eýeledi. Ildeşlerimiz öz ýeňişlerini ýurdumyzyň baş baýramyna – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşladylar. 

Habarlar #futbol

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: