Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi26 Sentýabr, 2014 (19:30)

BölümSoňky habarlar

BelliklerKoreýa, Inçhon, agyr atletika

Türkmen agyr atletikaçylary milli rekordlaryň altysyny goýdular

Inçhon, 26-njy sentýabr (TDH). Türkmen türgenleriniň ýene-de biri şu gün Koreýanyň Inçhon şäherinde dowam edýän XVII Aziýa oýunlarynda Aziýanyň iň güýçli agyr atletikaçylarynyň bäşliginiň hataryna girdi. Şeýle üstünligi 105 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eden halkara derejeli sport ussady Hojamuhammet Toýçyýew gazandy.

Emma türkmen janköýerleri diňe muňa däl-de, eýsem, oňat netijä guwandylar, çünki türkmen türgeni birbada milli rekordlaryň üçüsini — birden galdyrmakda (189 kilogram), itekläp galdyrmakda (226 kilogram) we bu iki görnüşiň jeminde (415 kilogram) rekordlary goýdy. Özi-de ikinji görnüşdäki öňki rekord görkezijini hem geçen ýyl Kazanda geçirilen Bütindünýä uniwersiadada onuň özi goýupdy. Şonda H.Toýçyýew 225 kilogram agyrlygy göterip, bürünç baýragy eýeledi.

Inçhondaky häzirki oýunlarda türkmen agyr atletikaçylarynyň çykyşlarynyň deslapky netijeleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary 43 döwletiň arasynda XVII Aziýadanyň iň güýçli sekiz toparynyň hataryna girer. Biziň agyr atletikaçylarymyzyň gazanan şahsy üstünliklerinden iki sany dördünji orny belläliň. Olary Ömürbek Bazarbaýew (62 kilograma çenli) we Rejepbaý Rejebow (77 kilograma çenli) gazandylar. Ikinji türgen hem öz agram derejesinde milli rekordlaryň üçüsini — birden galdyrmakda (160 kilogram), itekläp galdyrmakda (185 kilogram) we bu iki görnüşiň jeminde (345 kilogram) rekordlary goýdy. Bulardan başga-da, 2 sany bäşinji orun eýelendi: olaryň biri şu gün belli boldy, ikinjisini bolsa ýakynda Jasurbek Jumaýew (94 kilogram çenli) gazandy.

Munuň özi şu ýylyň ahyrynda Almatyda (Gazagystan Respublikasy) geçiriljek deslapky dünýä çempionatynyň öň ýanynda örän uly üstünlikdir. Şol ýaryşda 2016-njy ýylda Braziliýada boljak Olimpiada gatnaşmak üçin ilkinji ýollanmalar ugrunda bäsleşiler. Türkmen agyr atletikaçylarynyň öňünde ýeňil bolmadyk, emma amala aşyrmak mümkin bolan wezipe — Ýer ýüzüniň iň güýçli 15 toparynyň hataryna girmek wezipesi durýar. Bu bolsa olara arzyly ýollanmalaryň azyndan 4-sini, bäsleşikler şowuna bolan ýagdaýynda bolsa, ondan hem köpräk ýollanmalary üpjün eder.

Aziýa oýunlary baradaky gürrüňimize gaýdyr gelip, türkmen boksçularynyň gatnaşmagynda geçirilen şu günki tutluşyklary hem bellemek gerek. Mysal üçin, 56 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Azat Meredow ilkinji duşuşygyny Ýer ýüzüniň iň meşhur boksçularynyň biri, 2009-njy ýylyň dünýä çempionatynyň finalçysy, 2012-nji ýylyň London Olimpiadasynyň kümüş baýragynyň eýesi, Mongoliýadan bolan türgen T.Nýambaýar bilen geçirdi.

Türkmen türgeni halkara derejesindäki sport ýaryşlaryny indi özleşdirmäge başlaýar. Emma munuň özi has meşhur garşydaşlar bilen göreşlerde, şol sanda A.Meredowyň şu günki geçiren tutluşygynda oňa ýokary ussatlygyny görkezmäge päsgel bermeýär. Ol ilkinji sekundlardan mongol türgenini öz söweş tilsiminiň astyna alyp, toplan utuklary boýunça birinji raundda ýeňiş gazandy. Duşuşygyň galan pursatlarynda garşydaşa türkmenistanlynyň urgularyna döz gelmek we netijede, ildeşimizden örän az artykmaçlyk bilen üstün çykmak başartdy.   
  
Şu gün Türkmenistandan geljegi uly bolan ýene-de bir ýaş boksçy — Şöhrat Durdyýew Aziýa oýunlarynyň meýdançasyna çykdy. Ol hem Mongoliýadan bolan türgen bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşygyň barşynda ildeşimiz örän az utuk tapawudy bilen ýeňildi.

Biziň boksçular toparymyzyň häzirki düzüminiň aglabasynyň ýaş türgenlerden ybaratdygyny nygtap geçeliň. Milli ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Gurbanow bu ýagdaýy geljegi, anyk aýdylanda bolsa, 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiadany we 2017-nji ýylyň Aziýadasyny göz öňünde tutup kesgitledi. XVII Aziýa oýunlary türkmen boksçularyna zerur bolan tejribe toplamaga ýardam eder, bu bolsa diňe güýçli bäsdeşler bilen göreşde we iri halkara ýaryşlarynda mümkindir. Biziň ýygyndy toparymyzyň nobatdaky maksady Ýer ýüzüniň esasy ýaryşlaryna saýlama oýunlarynyň çylşyrymly tapgyryndan üstünlikli geçmek bolup durýar. Şoňa görä-de,  Olimpiada iň oňat sport ruhunda gelmek üçin, eýýäm häzirden geljegi uly bolan ýaş türgenlere umyt baglamak, olaryň gowşak we güýçli taraplaryny ýüze çykarmak gerek.

27-nji sentýabrda Aziýa oýunlarynyň meýdançasyna türkmen boksçylarynyň ýene-de ikisi — 2009-njy ýylyň Aziýa çempiony (69 kilograma çenli) Serdar Hudaýberdiýew we Zarip Jumaýew (52 kilograma çenli) çykar. Şol gün hem sport göreşi boýunça ýaryşlar başlanar. Onda erkin görnüşde türkmen pälwanlary özleriniň ilkinji tutluşyklaryny geçirerler.

Habarlar #Koreýa

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: