Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi25 Sentýabr, 2014 (19:32)

BölümSoňky habarlar

BelliklerKoreýa, Inçhon, agyr atletika

Türkmen agyr atletikaçysy güýçlüleriň bäşliginde

Inçhon, 25-sentýabr (TDH). Şu gün biziň watandaşymyz - agyr atletikaçy Jasurbek Jumaýew Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda 94 kilograma çenli agram derejesinde güýçlüleriň bäşligine duşmegi başardy.

Şu günki güne çenli türkmenistanly türgen birden götermekde 161 kilogram netijje bilen ýaryşyň tertipnamasynda dördünji orny eýeledi. Itekläp götermek boýunça biziň watandaşymyz ilkinji synanyşykda 195 kilogramy götermegi başardy. Soňky tapgyrlarda ol agramy 10 kilogram artdyryp, töwekgelçilik etdi. Munuň özi hormat münberinde ýeňijiniň ornuny kepillendirýärdi. Ýöne türgeniň erjellik bilen yhlas etmegine garamazdan, 205 kilogramlyk agramy galdyrmak türkmen agyr atletikaçysyna başartmady (bu agram türgeniň öz agramyndan iki esse artykdy). Netijede J.Jumaýew bäşinji orna düşdi.

Ýöne Aziýa yklymynda güýçli agyr atletikaçylaryň bäsdeşliginiň ýokarydygyny nazara alanyňda bu netijäniň pes däldigini bellemeli. Bu ýerde geçirilen ýaryşlarda toplanan tejribäniň agyr atletika boýunça dünýä ýaryşynyň nobatdaky bäsleşiklerinde peýdaly boljakdygy gürrüňsizdir. Mälim bolşy ýaly, ýokary halkara derejesindäki dünýä ýaryşlary şu ýylda  Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriler. 

Öňde boljak dünýä ýaryşlarynda Braziliýada geçiriljek Olimpiada-2016-a ilkinji ýollanmalar ugrunda bäsdeşiler. Koreýadaky çykyşlaryň netijeleri boýunça türkmen agyr atletikaçysyna dört ýyldan bir gezek geçirilýän esasy sport bäsleşiklerine ýollanma gazanmaga mümkinçilik berer diýlip çaklanylýar. 

Bu gezekki Aziýa oýunlarynda biziň watandaşlarymyz J.Jumaýewiň bäşinji ornundan başga-da medal ugrundaky bäsleşiklerde gerekli netijäni gazanyp bilmän dördünji orna düşdüler. Olimpiýa oýunlaryna dört gezek gatnaşan  62 kilograma çenoli agram derejede çykyş edýän Umurbek Bazarbaýew we 77 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Rejepbaý Rejebow dördünji orna mynasyp boldular.  

XVII Aziýa oýunlary dowam edýär. 26-njy sentýabrda halkara derejeli sport ussady Hojamuhammet Toýçyýew agyr atletika boýunça öz güýjüni synar. Ol 105 kilogramdan ýokary agram derejede çykyş edýär. 

Habarlar #Koreýa

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: