Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi22 Sentýabr, 2014 (19:34)

BölümSoňky habarlar

BelliklerKoreýa, Inçhon, dzýudo, agyr atletika

Üstünlige bir ädim ýetmedi

Koreýanyň Inçhon şäherinde birnäçe gün mundan ozal badalga alan Aziýa oýunlary barha giň gerime eýe bolýar. Toplumlaýyn ýaryşlar başlanan badyna Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üstüniň kümüş baýrak bilen ýetirilendigini ýatlalyň: halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça wise-çempion derejesini eýeledi. Ertesi gün onuň topardaşy – Zuhra Madraimowa hem ýokary netije görkezip, 57 kilograma çenli agram derejesinde Aziýanyň güýçli dzýudoçylarynyň ilkinji bäşliginiň hataryna girdi. Agyr atletika boýunça ýaryşlarda (62 kilograma çenli) hormatly dördünji orny eýelän, Umurbek Bazarbaýewe medal gazanmaga sähelçe ýetmedi.

Biziň suwda ýüzüjimiz - 100 metr aralyga arkanlykda ýüzmekde çykyş eden Merdan Ataýew aýratyn üns bermäge mynasyp boldy. Ol ýaryşlaryň deslapky bölegini ynamly geçmegi başaryp, finala çykdy.   
 
Finala ilkinji gezek gatnaşmagyndan başga-da, türkmen suwda ýüzüjisiniň netijesi iki sany rekord görkeziji bilen alamatlandy. 56,63 sekundyň dowamynda arkanlygyna 100 metr aralygy ýüzüp, M.Ataýew öz şahsy rekordyny we milli rekordy gowulandyrdy. Milli rekord birnäçe onýyllyklaryň dowamynda şu güne çenli saklanypdy. 

Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň şägirdi geçen aýyň ilkinji günlerinde Türkiýäniň açyk çepionatynda şu görnüşde öz ussatlygyny eýýäm görkezdi. Şonda Merdan hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. 

Sport baradaky Döwlet komitetiniň sport mekdebiniň türgeni we Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň üçünji ýyl talyby arkanlygyna 50 metr aralyga ýüzmekde ýene-de bir  bürünç medal gazandy. Şu aralykda ol Aziadada hem 22 sentýabrda çykyş etdi. Şonda hem ol şahsy we milli rekordlary goýdy. Bu ýerde Merdana ýaryşyň final tapgyryna düşmek üçin 0,1 sekund ýetmedi. Şeýle-de bolsa bu görkeziji Aziýanyň iň güýçli suwda ýüzüjileriniň ilkinji onlugynyň hatarynda öz mynasyp ýerini berkitdi. 

Uşu boýunça ýaryşlarda Salaheddin Baýramow 65 kilogram agram derejesinde çykyş etdi we pakistanly türgenden üstün çykdy, Jennet Aýnazarowa bolsa 60 kilogram agram derejesinde Nepaldan bolan türgeni ýeňdi. Biziň türgenlerimiziň ikisi hem pesinden bürünç baýraga dalaş edýärler. 

23 we 24-nji sentýabrda suwda ýüzmek boýunça ýaryşlarda Sergeý Krowýakow çykyş eder. Ol finala çykmak ugrunda erkin görnüşde 50 we 100 metr aralykda bäsleşer. 

XVII Aziýa oýunlarynyň medallary ugrunda göreş dowam edýär. Türkmenistanlylar sportuň ýokarda agzalyp geçilen görnüşlerinden başga-da woleýbol, boks, tennis, taekwondo (WTF görnüşi), welosport, uşu söweş sungaty, ýeňil atletika, sport göreşi (erkin we grek-rim) we karate görnüşlerinde çykyş ederler. Aziada 4-nji oktýabra çenli dowam eder. 

Habarlar #Koreýa

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: