Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi02 Sentýabr, 2014 (19:43)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, Gökdere, agyr atletika

Ştangaçylar we pauerliftingiň ussatlary Aziada taýýarlyk görýärler

Ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän Çagalar sagaldyş merkezleri diňe çagalaryň tomusky dynç alyş günlerinde göwnejaý dynç almaklary üçin ajaýyp ýer bolmak bilen çäklenmän, eýsem türgenleriň jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görmegi üçin amatly ýer bolup durýar. Ynha, häzir hem “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş merkezinde agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparymyz Koreýa Respublikasynda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça okuw-türgenleşigini geçýär. Bu ýerde şeýle hem maýyp adamlaryň sport mekdebiniň wekilleri öz ussatlygyny artdyrýarlar. Olar nusgawy Aziada tamamlanandan soň badalga alýan Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler.

Agyr atletikanyň türkmen ussatlary Inçhonda geçiriljek Oýunlaryň ýokary derejesine garamazdan, olara has jogapkärli ýaryşa  —  Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna tapgyrlaýyn bäsleşik  hökmünde garaýarlar. Şol ýerde 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiada ilkinji ýollanmalar ugrunda bäsleşikler geçiriler. Şonuň üçin biziň ştangaçylarymyzyň Aziýa oýunlarynda gazanjak netijeleri olaryň dört ýyldan bir gezek geçirilýän sport wakasyna gatnaşmaga taýýarlyk derejesiniň görkezijisi bolar. 

Ýeri gelende ýatlasak, türkmenistanlylaryň 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiadadan öň dünýä bäsleşiklerinde eden üstünlikli çykyşlary netijesinde Türkmenistanyň ýygyndy topary 2010 we 2011-nji ýyllaryň    dünýä bäsleşiklerinde iň gowy toparlaryň 20-siniň hataryna girdi we hasap boýunça 30-njy Olimpiýa oýunlarynda türgenleriň üçüsiniň wekilçilik etmek hukugyna eýe boldy. 

Biziň ýurdumyzyň ussat agyr atletikaçylarynyň halypasy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ikram Matkarimowyň aýtmagyna görä, bu gezek biziň türgenlerimiziň dünýä sanawynda eýeleýän ornuny berkitmäge we Braziliýa ýollanmalaryň azyndan dördüsini gazanmaga mümkinçilik berjek ähli şertleri bar. 

Geçen ýyl Kazanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Bütindünýä Uniwersiadasynda biziň agyr atletikaçylarymyzyň oňa gatnaşan 59 ýurduň iň gowy toparlarynyň üçüsiniň hataryna girmegi türkmenistanlylaryň ýokary derejede taýýarlygyny görkezdi. Galyberse-de, Hojamuhammet Toýçyýew Uniwersiadanyň rekordyny goýdy, ol itekläp galdyrmakda agramy 225 kilogram bolan  ştangany göterdi we 105 kilogramdan gowrak agram derejesinde dünýäniň ussat agyr atletikaçylarynyň bäşisiniň hataryna girmegi başardy. 

Şol üstünliginden başga-da, H.Toýçyýew beýleki halkara derejeli iri ýaryşlarda sylaglaryň ençemesini gazandy —  geçen ýyl Indoneziýada geçirilen Yslam oýunlarynda bürünç medalyna mynasyp boldy, 2012-nji ýylda talyplaryň arasynda Ysraýylda geçirilen dünýä bäsleşiginde üçünji orny eýeledi. 

Hojamuhammet Toýçyýew bilen bilelikde Gökderede okuw türgenleşigini milli ýygyndy toparymyza girýän agyr atletikaçylar hem geçýärler. Olar  —  Daýanç Aşyrow (77 kilograma çenli), doganlar Jumaýewler  —  Inoýat (85 kilograma çenli) we Jasurbek (94 kilograma çenli) milli ýygyndy toparymyzda mynasyp orun eýeleýärler. Biziň ştangaçylarymyzyň hut şu dördüsine Koreýa Respubilkasynda şu aýyň ikinji ýarymynda badalga alýan Aziýa oýunlarynda medallar ugrunda bäsleşmek hormaty garaşýar. Olar şeýle hem Gazagystanda geçiriljek dünýä çempionatynda milli ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş ederler. Ýeri gelende aýtsak, şol ýerde  —  Almaty şäherinde dünýä belli türkmen ştangaçysy, halkara derejeli sport ussady Ömurbek Bazarbaýew hem Olimpiada bäşinji gezek gatnaşmak hukugyny gazanmak ugrunda bäsleşer. 

Bu zehinli türgenimiz dünýäniň esasy bäsleşiklerine gatnaşmak boýunça türkmen türgenleriniň arasynda rekord gazandy: Ol 2000-nji ýylda Sidneýde, 2004-nji ýlda Afinada, 2008-nji ýylda Pekinde we 2012-nji ýylda Londonda Türkmenistana wekilçilik edip, yzygiderli ýokary netijeleri gazanmagy başardy. Ynha, indi Ö.Bazarbaýew Astanada  geçiriljek dünýä çempionadynda çykyş etmek  hyjuwyndan doly. 

Aşgabat şäher sport komitetiniň maýyplar sport mekdebiniň wekilleri barada aýdylanda bolsa, olar hem Aziýa paralimpiadasynda ştangany götermek  —  pauerlifting (ýatan ýeriňden ştangany itekläp galdyrmak) boýunça bäsleşiklerde Türkmenistana wekilçilik ederler. Ýygyndy toparymyzyň düzümindäki bir orna üç türgen  —  Mekan Agalykow, Spartak Ramazanow we Walentina Simakowa dalaş edýärler. 

Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri doganlar Ýusif we Adyl Aliýewleriň şägirtleri halkara derejesindäki bäsleşiklere, şol sanda Bütindünýä paralimpiadasyna gatnaşyp, tejribe topladylar. M.Agalykow we W.Simakowa 2012-nji ýylyň London Oýunlaryna gatnaşyp, ikisi hem dünýäniň pauerlifting boýunça ussatlarynyň onusynyň hataryna girdiler. 

Şondan bäri olaryň ussatlygy has-da artdy, ynha, indi olaryň öňünde Inçhonda geçiriljek Aziadada medallary gazanmak wezipesi durýar. 

Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary barada aýdylanda bolsa, Gökdere jülgesinde sportuň beýleki görnüşleriniň wekilleri hem dürli derejedäki ýaryşlara işjeň taýýarlyk görýärler. Çünki bu gözel künjekde geçirilýän türgenleşikler jülgäniň arassa dag howasy bilen türgenleriň ruhubelentligini artdyryp,  ýokary netijeleri gazanmaga ugrukdyrýar.   

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: