Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi31 Awgust, 2014 (19:44)

BölümSoňky habarlar

BelliklerGuşakly göreş, Russiýa, Ulýanowsk, küşt

Halkara bäsleşiklerinde gazanylan nobatdaky ýeňişler

Türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki iri ýaryşlarda — guşakly göreş boýunça Russiýanyň Ulýanowsk şäherinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda we ýakynda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda tamamlanan sportuň intellektual görnüşleriniň Bütindünýä olimpiadasynda çykyşlary uly üstünlik bilen tamamlandy. Biziň watandaşlarymyz jemi 17 baýraga — 6 altyn, 7 kümüş we 4 bürünç medallara mynasyp boldular.

Göreş boýunça bäsleşiklere dünýäniň onlarça ýurdundan ýüzlerçe türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndy topary medallaryň her derejesinden üç medal — jemi dokuz medal gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda çempionatda iň gowy netijeleriň birini görkezdi. 

Hangeldi Allakow (68 kg.), Pirguly Gurbandurdyýew (75 kg.) we Laçyn Badaglyýewa (48 kg.) birinji orunlara eýe boldular.

Jangeldi Medow (68 kg.), Hanmuhammed Patdyýew (82 kg.) we Dinara Hallyýewa (66 kg.) kümüş medallara, Agageldi Agageldiýew (57 kg.), Toýlymyrat Aýazow (75 kg.) we Göwher Atdaýewa (66 kg.) bürünç medallara eýe boldular. 

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini ýatladýarys, şonuň üçin hem türkmenistanlylaryň Ulýanowskide dünýä birinjiliginde gazanan uly üstünlikleri, biziň ýurdumyzda geçiriljek dünýä derejesindäki bäsleşiklerde hem türkmen türgenleriniň ýokary netijeler görkezjekdigine ynam döredýär.

... Londonda geçirilýän intellektual oýunlarda türkmen küştçüleriniň ýeňiş gazanmaklary indi asylly däbe öwrüldi. 18-nji gezek geçirilýän şu gezekki bäsleşiklerde hem şeýle boldy. Sportuň intellektual görnüşleriniň onlarçasy boýunça ýaryşlara dünýäniň 45 ýurdundan toparlar gatnaşdy. Türkmenistanlylar ýaş küştçileriň bütindünýä bäsleşiginde 3 altyn, 4 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. 

Sport ussady Şanepes Meredow has gowy netije görkezdi — ol jemi 4 medal aldy, olaryň 2-si altyn, şonçasy hem kümüş medallardyr. 

Ol nusgawy «Rapidu» boýunça ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşiklerde ýeňiş gazandy, bu oýna 25 minut wagt berilýär, çalt oýnamakda 5 minut berlip, her göçümden soň 3 sekunt wagt goşulýar. Birinji görnüşde ol mümkin bolan 6 utukdan 4 utuk, ikinji görnüşinde bolsa 5 utuk gazandy.

Ş.Meredow «Rapidiň» ýene bir görnüşi boýunça kümüş medaly eýeledi, oňa arassa 25 minut wagt berlip, her göçümden soň 6 sekunt goşulýar. Şunda biziň ildeşimiz Mergen Kakabaýew Şanepesden ozdy we oňa jübütlikde ikinji kümüş medaly almaga ýardam berdi. Şeýle hem M.Kakabaýew çalt oýnamak boýunça ikinji orny eýeledi. 

25 minut wagt berlip, her göçümden soň 6 sekunt goşulýan «Rapid» boýunça Haýrulla Haýtbaýew dördünji kümüş medaly eýeledi. Erkekleriň arasynda nusgawy «Rapid» boýunça Begenç Annaýew bürünç medala eýe boldy. 

Gadymy aň-paýhas oýny boýunça türkmen ussatlarynyň hersi ýurdumyzyň dürli sebitlerine wekilçilik edýär. H.Haýtbaýew Daşoguz welaýatyndan, M.Kakabaýew Mary welaýatyndan, Ş.Meredow we B.Annaýew bolsa şäher sport komitetiniň Aşgabadyň sport küşt mekdebiniň okuwçylarydyr.

Häzirki wagtda ýaş türkmen küştçüleri nobatdaky iri halkara ýaryşlaryna — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň mekdep okuwçylarynyň 20-27-nji sentýabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek medeni-sport festiwalyna taýýarlyk görýärler. Bu sport çäresinde küştden başga-da, futzal, kenarýaka woleýboly, basketbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşikler geçiriler.  

Habarlar #Guşakly göreş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: