Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi28 Awgust, 2014 (19:45)

BölümSoňky habarlar

BelliklerTaekwondo, ITF

Jogapkärli ýaryşlaryň öň ýanynda

16 ýaşa çenli ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda taekwondo (ITF) boýunça Mary welaýatynyň birinjiliginiň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler kesgitlenildi. Öz wagtynda ýurdumyzyň hut şu sebitinde gündogaryň başa-başa söweşiniň bu görnüşi ilkinji gezek ornaşyp ugrady. Şoňa görä-de taekwondo (ITF) boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň esasy düzümini Mary welaýatynyň türgenleriniň emele getirýändigi geň däldir. Bu ýerde geçirilen bäsleşikler milli we halkara derejesindäki jogapkärli ýaryşlaryň öň ýanynda türgenler üçin bolşy ýaly, tälimçiler üçin hem möhüm synag boldy. Tälimçileriň käbiriniň şu ýaryşlarda ilkinji gezek tälimçilik işine başlandyklaryny bellemek gerek.

Welaýat birinjiligine türgenleriň 100-den gowragy gatnaşyp, taekwondo ITF-niň bäş görnüşi — şahsy we toparlaýyn bäsleşikler, şahsy we toparlaýyn tuli (toplumlaýyn maşklar) we görkezme bäsleşikler boýunça medallar ugurnda güýç synanyşdylar. 

Ýaş tälimçiler baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, Orazmyrat Çaryýewiň türgenleşdirýän Mary şäheriniň birinji sport mekdebiniň topary umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýeländigini bellemeli. Ýaş tälimçiniň özi hem heniz ýetginjek-türgen (ol 15 ýaşynda) bolmak bilen, özüni geljegi uly tälimçi hökmünde görkezdi. Onuň toparynyň ýeňiş gazanmagy munuň subutnamasydyr. 

Ýeňiş gazanan topara wekilçilik edýän Röwşen Annaýew şahsy hasapda iň oňat görkezijä eýe bolup, ähli görnüşlerde baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ondan soňky orunlary topar boýunça ýoldaşlary Rahat Atanyýazow, Sylap Köşüliýew we Batyr Annaýew eýelediler. 

1-nji sport mekdebiniň okuwçylarynyň gazanan şeýle üstünlikleriniň sebäbi düşnüklidir. Olaryň tälimçisi O.Çaryýew diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem, tutuş Aziýa yklymynda hem iň güýçli ýetginjek taekwondoçylaryň biridir. Şu ýylyň ýazynda Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçen taekwondo ITF boýunça Aziýanyň çempionatynda Orazmyradyň 5 (1 altyn, 3 kümüş hem-de 1 bürünç) medala mynasyp bolmakdan başga-da, çempionatyň absolýut ýeňijisi diýip ykrar edilmegi hem onuň subutnamasydyr. Ol awgust aýynyň başynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde ýetginjekleriň we ulularyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda hem bürünç medaly eýeledi. 

Indi bolsa onuň terbiýe berýän türgenleri ilkinji ýeňişlerini gazanýarlar. O.Çaryýewiň bir ýarym ýyl bäri tälimçilik edýän toparynda türgenleriň 50-ä golaýy bar. 

Umumy toparlaýyn hasapda Mary welaýatynyň birinjiligi ugrundaky ýaryşda ikinji orny Mary  DES-niň «Mekan» sport topary eýeledi.

Ýene bir ýaş tälimçi Mähri Agaýewanyň türgenleşdirýän “Bagtyýarlyk” topary üçünji orny eýeledi. Bu zehinli türgen halkara derejesindäki ýaryşlarda taekwondo ITF boýunça biziň ýurdumyza wekilçilik eden ilkinji taekwondoçy zenan hökmünde milli sport hereketiniň taryhyna girdi. Ol Duşende şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda biziň ýurdumyza üstünlikli wekilçilik edip,  bürünç medal gazandy. Welaýatyň häzirki birinjiligi ugrundaky ýaryşda onuň terbiýeleýänleri 9 baýrakly orunlara mynasyp boldy. 

Geçirilen ýaryşlar güýzde geçiriljek taekwondo boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlarynyň biri boldy. Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlaryň netijeleri boýunça milli ýygyndy toparymyz düzüler, ol noýabr aýynda Minskide (Belarus Respublikasy) geçiriljek dünýä Kubogynyň medallary ugrunda çykyş eder. 

Habarlar #Taekwondo

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: