Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi24 Awgust, 2014 (19:47)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAhal, Gökdepe, küşt

Küştçüler ýeňiş ruhunda çykyş edýärler

Ahal welýatynyň giň gerimli sport durmuşynda küşt aýratyn orun tutýar. Muňa ahallylaryň diňe milli ýaryşlarda däl, eýsem halkara ýaryşlarynda gazanýan köpsanly uly ýeňişleri şaýatlyk edýär. Ýakyn günlerde Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew adyndaky daýhan birleşiginde açylan täze sport mekdebindäki ilkinji ýaryşlaryň sportuň hut şu görnüşi boýunça geçirilmegi sebitde küştüň uly meşhurlygynyň ýene bir mysalyna öwrüldi.

T.Baýramdurdyýew adyndaky daýhan birleşiginde sport-türgenleşik edarasynyň açylmagy ýerili ýaşlara sportuň täze görnüşlerinde öz mümkinçiliklerini amala aşyrmak üçin täze şertleri we geljegi döretdi. Çünki, bu obada ozal esasan küşt we göreş meşhur bolupdy. Mundan beýläk bu ýerde guşakly göreş we küşt öýnamak bilen bir hatarda tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda dzýudo, woleýbol, basketbol, futbol, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik peýda boldy.

Geçen dynç günlerinde şeýle hem küşt boýunça Baharly etrabynyň açyk birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Ol döwrebap sport mekdebinde geçdi.  Gyzlaryň arasynda birinji we ikinji orunlary Tagandurdyýewleriň küştçi maşgalasynyň wekilleri – doganlar Bägül we Ogulmeňli eýelediler. Üçünji orna A.Annasähedowa mynasyp boldy. 

Ýetginjekleriň toparynda D.Çaryýarow ynamly ýeňiş gazandy. Kümüş baýraga A.Annaberdiýew we bürünç baýraga A.Temirow mynasyp boldy. 

Baharly etrabynyň sport mekdebiniň türgenleri küşt boýunça milli ýaryşlarda öňdebaryjylaryň hatarynda durýarlar. Bu mekdebe wekilçilik edýän belli we abraýly küştçi Hurma Weliýewadyr. Ol dürli ýaşlarda Türkmenistanyň birinjiliginiň ençeme gezek ýeňijisi, zenanlaryň arasynda birinji liga girýän ýurdumyzyň ýeňijisi bolup durýar. 

Şeýle hem onuň halkara sport ýaryşlarynda-da gazananlary az däldir. Mysal üçin, şu ýylyň maý aýynda Wengriýada geçirilen ýaryşda H.Weliýewa bürünç baýragy eýeledi. Geçen ýyl ol zenanlaryň milli ýygyndysynyň düzüminde Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Bütindünýä uniwersiadada biziň ýurdumyza wekilçilik etdi. Häzir bolsa ol   20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda dünýä çempionatyna çynlakaý taýýarlyk görýär. Bu ýaryş güýzde Hindistanyň Puna şäherinde geçiriler. Ýer ýüzüniň birinjiligi ugrunda geçiriljek ýaryşa gatnaşyjylaryň ýene biri Maksat Atabaýew hem Ahal welaýatyndandyr. Häzir ol Aşgabat şäher sport komitetiniň küşt sport mekdebinde türgenleşýär.  

Baharly etrabynyň sport  mekdebiniň türgenleri sportuň beýleki görnüşlerinde hem ýokary netijelere ýetýärler. Mysal üçin, woleýbol babatda 1997-1998-nji ýyllarda doglan ýetginjekler topary şu ýaş toparynda Türkmenistanyň birinjiliginiň ençeme gezek ýeňijileri bolup durýar. 

Ahal welaýatynyň woleýbol býounça ýetginjekler ýygyndysynyň esasy düzümi Baharly etrabynyň sport mekdebiniň okuwçylarydyr. Olaryň ikisi – K.Muhammetkulyýew we B.Baýramow milli ýygyndynyň düzümine girýär. Olar häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynda halkara ýaryşyna  gatnaşýarlar. Bu ýaryşlar 30-njy awgusta çenli dowam eder. Indiki aýda bolsa Türkmenistanyň topary sentýabrda Malaýziýada geçiriljek halkara ýaryşyna taýýarlanar. 

Şu günler Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň woleýbol ýygyndy topary halkara okuw-türgenleşik ýgnanyşygyny geçýär. Biziň toparymyzyň wekilleriniň biri Ahalyň sport mekdebinde türgenleşýän  H.Rejebow bolup durýar.   

Baharly etrabynyň türgenleriniň sportuň milli göreş, futbol we ýeňil atletika ýaly görnüşlerinde hem gazanan üstünlikleri az bolmady. Etrapda  döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze sport mekdebiniň açylmagy bilen bolsa bu ýerde boks, kiçi futbol, gerk-rim, sambo we  guşakly göreş görnüşleri boýunça bölümler işläp başlady. 

Baharlynyň sport – okuw edarasynyň Magtymguly, Ş.Batyrow adyndaky, Deşt, Mürçe, Durun, Garagan we Arçman daýhan birleşiklerinde öz bölümleri bar. Ol ýerlerde hem mekdebiň tälimçiler düzümi tarapyndan ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça uly wagyz ediş eşleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, zähmet toparlarynyň arasynda ýaryşlar guralýar. Şu günler şeýle ýaryşlar Arçman şypahanasynyň binýadynda geçirilýär. 

Ahal welaýatynyň sport durmuşyna bagyşlanan indiki söhbetimizde biz okyjylary Kaka we Ak bugdaý etraplarynyň sport mekdepleriniň işi bilen tanyşdyrarys. 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: