Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi21 Awgust, 2014 (19:48)

BölümSoňky habarlar

BelliklerHytaý, Nankin, agyr atletika

Döwrebap sport desgalary—olimpiýa ýeňişleri üçin

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi we oňa laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bäşisiniň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ygtyýarynda bolan, şol sanda gurulýan sport desgalaryny Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyna bermek tabşyryldy. Bu ädim, umuman, milli sport hereketini ösdürmäge uly badalga bermegiň möhümdiginden gelip çykýar, şeýle hem türkmen türgenleriniň ak mermerli paýtagtymyzda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk derejesini ýokarlandyrar. Mundan başga-da, sport desgalarynyň Sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyna berilmegi sport düzümlerini maksadalaýyk we has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Dürli ýaryşlarda, şol sanda halkara ýaryşlarynda biziň ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýokary derejeli türgenleriň hut sebitlerde taýýarlanýandygynyň mysallary az däl. 

Mysal üçin, şu günler Nankinde (HHR) badalga alan ikinji Bütindünýä ýaşlar olimpiadasynda biziň toparymyzyň wekilleriniň biri—Söhbet Tirkişow olimpiýa medalyny gazanmagyň öňüsyrasynda galyp, 62 kilograma çenli agramda agyr atletika boýunça ýaryşlarda hormatly dördünji orny eýeledi. Agyrlygy birden galdyrmakda türkmen türgeni 115 kilogramy göterdi, itip galdyrmakda bolsa, 137 kilogramy götermegi başaryp, bu iki görnüşde umumy 252 kilogram netije görkezdi. 

S.Tirkişow Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndandyr.  Bu etrap ýokary derejeli türkmen agyr atletikaçylarynyň çykýan ýeri hökmünde hemmelere meşhurdyr. Gepiň gerdişine görä aýdylsa, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň erkekler milli ýygyndysynyň wekilleriniň  onusyndan 7-si Sakarçägäniň ýaşaýjylary bolup durýar. Iň şöhratly türkmen agyr atletikaçysy, dünýäniň üç gezek çempiony, Ýewropanyň 4 gezek çempiony Altymyrat Orazdurdyýew Sakarçäge etrabynda doglup, şu ýerde hem özüniň ilkinji sport ýeňişlerini gazandy. 

Ýurdumyzyň gündogar sebiti — Lebap welaýaty Türkmenistanyň sport abraýyny üstünlikli goraýan örän iri halkara derejesindäki ýaryşlarda milli ýygyndynyň düzüminde çykyş edýän ajaýyp göreşiji pälwanlary bilen şöhratlanýar. Häzirki ýaşlar olimpiadasy hem mundan üzňe bolmady. Onda 100 kilograma çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça ýaryşlarda Muhammet Rozykulyýew çykyş edýär. 

Bu ýaş türkmen pälwanynyň sport ussatlygyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Galkynyş etrabynda bina edilen sport mekdebi doly derejede açdy. Häzirki wagtda M.Rozykulyýew erkin göreş boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi, şeýle hem erkekleriň arasynda  ýurdumyzyň çempionatynyň bürünç baýragynyň eýesidir. 

Nankinde geçirilýän oýunlaryň sport düşekçesine Muhammet dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan öz deň-duşlary bilen bäsleşmek üçin 27-nji awgustda çykar.  

Ýaşlaryň olimpiadasynda Türkmenistandan türgenleriň üçüsiniň çykyş etjekdigini bellemek gerek, olaryň ikisi etrap sport bölümlerinde tälim alanlardyr. Häzirki wagtda bütin ýurdumyz boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen häzirki zaman sport toplumlarynyň we sport mekdepleriniň ýüzlerçesi guruldy, ýaş, geljegi uly türkmen türgenleriniň sany yzygiderli artýar. 

Ýurdumyzyň ähli sport desgalary garamagyna geçirilýän Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sport mekdepleriniň we desgalarynyň işini utgaşdyrmak» ady bilen seminar-maslahatyň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarladylar, şol maksatnama bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň bäşisiniň we Aşgabat şäheriniň ähli tälimçileri hem-de esasy türgenleri üçin gollanma bolar.  

Ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, türgenleri ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, şeýle hem beýleki iri halkara ýaryşlaryna taýýarlamak, häzirki zaman sport enjamlaryny netijeli peýdalanmak we beýleki ençeme möhüm meseleler maksatnama girýär.  

Şular ýaly seminar-maslahatlar eýýäm Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde geçirildi. 22-nji we 23-nji awgustda sport mekdepleriniň we beýleki sport desgalarynyň işini utgaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga Aşgabadyň tälimçileri hem-de türgenleri gatnaşar. Soňra şular ýaly seminar-maslahatlar Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlaryň sport toparlarynda geçiriler. 

Şu gün, 22-nji awgustda Gökdepe etrabynda täze häzirki zaman sport mekdebiniň açylyş dabarasynyň boljakdygyny bellemek gerek, ol diňe bu etrapda däl, eýsem-de sport synçylarynyň hasap edişi ýaly, umuman, Ahal welaýatynda sport hereketini ösdürmäge täze itergi berer. Bu ýerde sagdyn durmuş ýörelgesine ýaş eýerijileriň ýüzlerçesi, ýagny Türkmenistanyň geljekki olimpiýa umytlary ýokary gazanylanlar sportuna goşulup we ýurdumyzda işjeň ösdürilýän bedenterbiýe -  sagaldyş hereketiniň düzümine girip bilerler. 

Olimpiýa meselesine gaýdyp gelmek bilen, Nankinde bolan ýaşlar olimpiadasyna biziň ýurdumyzdan suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara Merjen Saryýewanyň gatnaşandygyny belläp geçmeli, ol 50 metr aralykda batterflýaý we 50 metr aralykda erkin görnüşde çykyş etdi. 

Sportuň şu görnüşlerinde biziň türgen zenanymyz geçen ýylda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziadada çykyş etdi, şonda ol öz şahsy görkezijisini gowulandyrmagy başardy. Ine indi Hytaýda M.Saryýewa batterflýaýda aralygy 31,49 sekuntda, erkin görnüşde bolsa 29,50 sekuntda ýüzüp geçip, ýene-de şahsy rekordyny goýdy. 

Ol öýe gaýdyp gelenden soň, ýene-de möhüm sport ýaryşlarynyň birine güýçli taýýarlyk görmeli bolar: M.Saryýewa sentýabryň ikinji ýarymynda Inçhonda badalga aljak Aziýa oýunlarynda milli ýygyndy toparyň düzüminde çykyş eder. 

Häzirlikçe bolsa Nankindäki olimpiadada erkin görnüşde ýaş türkmen göreşijisiniň çykyşyna garaşýarys. Şu gün, 22-nji awgustda bolsa, biziň uşu boýunça ussatlarymyz çykyş edip, uşunyň watanynda dünýäde gündogaryň başa-baş söweşleriniň iň oňat ussatlary bilen göreşlerde ýokary orunlary eýelemek ugrunda bäsleşer. Türkmen toparynyň düzüminde türgenleriň üçüsi — şu ýylyň baharynda Türkiýede geçirilen seçip alyş dünýä çempionatynda olimpiada gatnaşmaga arzyly ýollanmany gazanan Oraznepes Geldiýew, Muhammet Gurbanow we Merjen Saparowa bar.  


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: