Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi14 Awgust, 2014 (19:52)

BölümSoňky habarlar

BelliklerTaekwondo, ITF, suwda ýüzmek

Täze üstünlikleriň bosagasynda

Soňky döwürde türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlarynyň ençemesine gatnaşyp, baýraklaryň köpsanlysyna mynasyp boldular. Mysal üçin, golaýda taekwondo boýunça geçirilen dünýä çempionatynda (ITF) , şeýle hem suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşynda biziň ildeşlerimiz dürli derejedäki medallaryň 20-ä golaýyny eýelemegini başardylar. Şeýle ýaryşlaryň ýene-de köpsanlysy geçiriler, ýöne olara gatnaşmak üçin türkmen türgenlerine milli derejede geçirilýän bäsleşiklerde öz ussatlyklaryny görkezmekleri möhümdir.

Biz olar barada soňrak gürrüň bereris, häzir bolsa ýokarda agzalyp geçilen halkara ýaryşlaryna gaýdyp geleliň. Mälim bolşy ýaly, ýetginjekleriň we weteranlaryň arasynda taekwondo boýunça Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda biziň türgenlerimiz jemi 4 medala – 1 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular. Şol baýraklaryň biriniň Mähri Agaýewa degişlidigini bellemelidiris. Ol 46 kilograma çenli agramlyk derejede şahsy bäsleşiklerde 3-nji orna mynasyp boldy.

Bu baýrak türkmen sport hereketi üçin aýratyn ähmiýetlidir. Çünki, Mähri halkara sport giňişliginde Türkmenistana wekilçilik eden ilkinji taekwondoçy gyzdyr. Munuň özi zehinli türkmen türgeniniň geljekki çykyşlarynyň öňünde uly mümkinçilikleri açýar. Çünki, halkara derejesinde, özi-de, dünýä çempionatynda gazanylan ilkinji medal onuň uly sport geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. 

Taekwondo boýunça dünýä çempionaty (ITF)  barada aýdylanda bolsa, türkmen taekwondo mekdebiniň Aziýa yklymynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini bellemelidiris. Munuň şeýledigini ýazky Aziýa çempionaty hem tassyklady, şonda türkmenistanlylar 17 medala mynasyp boldular we ýaryşyň iň gowy toparlarynyň üçlügine girdiler. Biziň ýygyndymyzyň agzasy Orazmyrat Çaryýewiň taekwondonyň ähli görnüşlerinde (başa-baş tutluşyklar, toplumlaýyn maşklar, öz-özüňi goramak we beýlekiler)   çykyşlaryň netijeleri boýunça çempionatyň absolýut ýeňijisi bolandygyny bellemek ýakymlydyr. Mundan başga-da, Täjigistanda geçirilen dünýä çempionatynda ol “toplumlaýyn maşklarda”  kümüş medala mynasyp boldy. 

Şeýle ýokary görkezijileri nazara almak bilen, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynda sportuň bu görnüşi boýunça biziň ýygyndy toparymyzyň üstünlikli çykyş etjekdigini ynamly aýtmak bolar. ITF taekwondosy Olimpiadanyň maksatnamasyny girmeýär, diýmek, onuň  Aziada –2017-niň maksatnamasyna  girmek mümkinçiligi uludyr. Mälim bolşy ýaly, bu yklymlaýyn ýaryşlar, ilkinji nobatda, Olimpiada girmeýän sportuň görnüşlerini Aziada wagyz etmek hem-de ösdürmek maksadynda döredildi. 

Ýeri gelende aýtsak, Aziada –2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň görnüşleriniň biri-de suwda ýüzmekdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen türgenleriniň Türkiýäniň açyk çempionatynda gazanan üstünligini bellemelidiris. Biziň türgenlerimiz bu ýaryşda 14 medala – 3 altyn, 5 kümüş we 6 bürünç medala mynasyp boldular. 

Öňdäki ýaryşlar barada durup geçmek bilen, 16-njy awgustda Nankin şäherinde (HHR)  II Bütindünýä ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň boljakdygyny bellemelidiris. Biziň olimpiýa ýygyndymyzyň düzüminde suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklerde Merjen Saryýewa çykyş eder. Golaýda Katarda geçirilen açyk çempionatda 50 metr aralyga ýüzmekde bürünç medala mynasyp bolan bu türgen hem indiki aýda Inçhonda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýär. 

Aziada-2017-de küşt boýunça ýaryşlarda hem türkmenistanlylardan ýokary netijelere garaşylýar.  Şunda türkmen küştçüleriniň ýaş nesliniň iri halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýandygyny bellemelidiris. 

Milli derejede geçirilýän ýaryşlar barada aýdylanda bolsa, olaryň her biriniň örän gyzykly we çekeleşikli geçýändigini nygtamalydyrys. 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda golaýda Aşgabatda guralan küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi hem örän çekeleşikli boldy. Bu ýaryşlar  saýlama bäsleşikleriň çäklerinde geçirildi. Ýaryşyň ýeňijileri Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda çykyş eder. Dünýä çempionaty şu ýylyň oktýabr aýynda Hindistanyň Puna şäherinde geçiriler. 

Milli ýaryşa ýurdumyzyň  welaýatlaryndan iň gowy küştçüleriň 32-si gatnaşdy. Olar aýlaw ulgamy boýunça öz aralarynda baýrakly orunlar ugrunda  bäsleşdiler.  

Netijede,  Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň küşt mekdebiniň türgenleri M.Atabaýew we  H.Weliýewa ýeňiş gazandylar. Olara Türkmenistanyň at gazanan sport tälimçisi, halkara grossmeýster O.Annageldiýew tälim berýär. Indi bu türgenler dünýä birinjiligine taýýarlyk görmeli bolarlar. Mälim bolşy ýaly, bu ýaryşlara dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan  sport wekiliýetleri gatnaşar. 

Öňümizdäki milli bäsleşikler barada aýdylanda bolsa, olaryň köpüsiniň Türkmenbaşy şäherinde geçiriljekdigini bellemelidiris. Olaryň hatarynda grek-rim göreşi boýunça ýetginjekleriň arasynda geçiriljek  “Hazar duşuşyklary”  atly şäheriň açyk  birinjiligi bar. Bu ýaryşlara her ýyl ýurdumyzyň  ähli sebitlerinden ýaş pälwanlaryň ýüzlerçesi gatnaşýar. 

Öňki ýaryşlardan tapawutlylykda bu bäsleşik golaýda açylan döwrebap sport toplumynda geçiriler. Ýaryşyň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar 19-njy awgustda belli bolar. 

Şeýle hem şol günlerde Türkmenbaşyda  gandbol we sambo boýunça Balkan welaýatynyň açyk çempionatlary geçiriler.  Sambo boýunça ýaryşlarlara sportuň bu görnüşiniň  söweş we  sport ugurlarynyň muşdaklary gatnaşar. 

Mundan başga-da, bu ýerde şäheriň açyk çempionatlarynyň ikisi – sportuň köpugurly söweş görnüşi we kenarýaka kabaddi görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler. 

Kabaddi boýunça  bäsleşikler "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guralar. Olaryň netijeleri boýunça  sportuň kenarýaka görnüşleri boýunça oktýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndysynyň deslapky düzümi dörediler. Bu sport ýaryşy Tailandda geçiriler. 

Habarlar #Taekwondo

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: