Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi12 Awgust, 2014 (19:53)

BölümSoňky habarlar

BelliklerDaşoguz, agyr atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis

Daşoguz welaýaty sport ýaryşlarynyň tapgyryny kabul etdi

Häzirki tomus möwsüminde milli habar beriş serişdelerimiz eýýäm Lebap, Balkan we Mary welaýatlarynyň sport mekdepleriniň hem-de sport toplumlarynyň işi hakyndaky materiallaryň tapgyryny çap etdi. Şu gezek sport çäreleri Daşoguz welaýatynda dowam etdirildi.

Daşoguzyň 1-nji sport mekdebinde agyr atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we şaşka boýunça açyk birinjilikleriň 4-si boldy.

Demirgazyk sebitiň türgenleriniň gazanýan ýokary netijeleri welaýatda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär. Olaryň iň esasysy agyr atletika boýunça halkara derejesindäki sport ussady Umurbek Bazarbaýewdir.

Bu türkmen türgeni köp sanly milli rekordlary, şol sanda Olimpiadalara gatnaşmagyň möçberi boýunça hem rekord gazandy. Ol olimpiadalaryň dördüsine - Sidneý-2000, Afiny-2004, Pekin-2008 we London-2012 gatnaşdy. Bu oýunlaryň ählisinde ol durnukly ýokary netijeleri görkezdi. Şol netijeler häzirki günde oňa ýer ýüzüniň iň güýçli agyr atletikaçylarynyň onlugynda mynasyp orny üpjün etdi. 

Häzirki wagtrda U.Bazarbaýew özüniň bäşinji olimpiadasyna taýýarlanýar. Ol 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriler. Agyr atletikaçy erkekleriň milli ýygyndysynyň düzüminde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň wekilleriniň ýene-de birnäçesi bar. Olar diňe ýer ýüzüniň esasy sport wakasyna taýýarlyk görmän, eýsem-de maksatnamasyna ştangaçylaryň ýaryşlary goşulan ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem taýýarlyk görýärler. Ol öz gazanan sport ýeňişlerini türkmen sportuny ösdürmek üçin ägirt uly işleri alyp barýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk edýän garaşsyz Watanymyza bagyş edýär. 

Daşogzuň 1-nji sport mekdebinde agyr atletika boýunça açyk ýaryş barada aýdylanda bu ýerde hemme ilkinji orunlary ýer eýeleri eýelediler. Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna M.Matkerimow, O.Berdimyradow, R.Rejepow, R.Matýakubow, B.Reýimow, A.Rejepow we M.Meredow çykdylar. 

Agyr atletikadan başga-da 1-nji sport mekdebiniň okuwçylary küşt boýunça welaýat ýaryşlarynda hem öňdäki orunlary eýeleýärler. Häzirki ýaryşlarda olar nobatdaky gezek öz garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Ýetginjekleriň içinde birinji orundan üçünji orna çenli degişlilikde S.Matýakubow, S.Öwezow we Ý.Bahramow, gyzlaryň arasnyda bolsa – L.Jumabaýewa, M.Matýakubowa we S.Öwezowa eýelediler. 

Daşoguzly küştçileriň milli derejedäki ýaryşlarda hem hormatly orunlaryň ählisini eýelemäge ukyplydyklaryny belläp geçmek gerek. Şeýle görkeziji şu ýylyň başynda Aşgabatda geçirilen birinji liga girýän erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda hasaba alyndy. 

Ýakynda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda sportuň akyl-paýhas görnüşleriniň Bütindünýä olimpiadasy badalga alýar. Oňa biziň ýurdumyzyň ýygyndysy hem gatnaşar. Ýygyndynyň düzüminde daşoguzly küştçi H.Haýtbaýew bar.   

Stoluň üstünde oýanalýan tennis boýunça ýaryşlar Daşoguz şäheriniň açyk birinjiligi ugrundaky ýaryşyň çäklerinde geçirildi. Ähli etraplardan dolandyryş merkezine ýygnanan ýaryşa gatnaşyjylar şahsy, jübütleýin we garyşyk görnüşlerde üç güniň dowamynda ýeňijileri we baýrak eýelerini ýüze çykardylar. 

Sportuň bu görnüşiniň Daşoguzda eýýäm 30 ýyldan gowrak işjeň ösdürilýändigini nygtamak gerek. Ýöne stol üstündäki tennis soňky ýyllarda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döwrebap sport mekdepleri yzly-yzyna açylyp başlandan soň aýratyn ösüşe eýe boldy. 

2012-nji ýylda Daşoguzda 1-nji sport mekdebi açyldy. Ol ýerde stol üstündäki tennis ýaşlaryň arasynda meşhurlygy boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Diňe şu mekdepde tennis bölümine ýüzden gowrak türgenler gatnaşýar. Olaryň hatarynda milli ýaryşlarda hemişe ýokary orunlary eýeleýän welaýatyň ýaşlar ýygyndysynyň esasy düzümini emele getirýänler bar. 

Olar nobatdaky gezek häzirki ýaryşlarda öz artykmaçlyklaryny subut etdiler. Şahsy hasapda ýetginjekleriň arasynda G.Pälwanow ýeňiş gazandy. Ikinji orna S.Berdiýew, üçünji orna B.Pälwanow mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda hormat münberine M.Sabirowa, M.Begjanowa we M.Pälwanowa çykdylar. Jübütleýin we garyşyk tertiplerde birinjilik ugrunda şol türgenleriň arasynda esasy göreşler ýaýbaňlandyryldy. 

Daşoguz welaýatynda sportuň umumy ösüşi baradaky gürrüňi dowam edip, döwrebap sport binýatlarynyň döredilmegi bilen pauerlifting, sambo we dadminton boýunça täze bölümleriň hem açylyp başlandygyny bellemek gerek. Bu sport ugurlary örän gysga döwürde daşoguzlylaryň ýaş nesilleriniň hatarynda köp sanly geljegi uly türgenleri ýüze çykardy. 

Mysal üçin, pauerliftingde 1-nji sport mekbebiniň türgenleriniň hatarynda eýýäm ýurduň öz öňdebaryjysy – Bibijan Gulmürzäýewa bar. Oňa 52 kilogram agram derejesinde iň ýokary görkezijileriň üçüsi – ýatan ýeriňden ştangany iteklemekde (125 kg.), ştanga bilen oturyp – turmakda (135 kg.) we üç görnüşli bäsleşigiň jeminde (365 kg.) degişlidir. Mundan başga-da geçen ýylky dünýä çempionatynda B.Gulmürzäýewa öz agram derejesinde dünýäniň iň güýçli türgenleriniň bäşligine girdi. 

Şu ýylyň baharynda Daşogzuň 1-nji sport mekdebinde pauerlifting boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Ol ýaşlaryň toparynda milli sport ýaryşlarynda täze öňdebaryjylary kesgitledi. Daşoguzlylar umumytoparlaýyn hasapda 8 sany birinji orny, 3 sany ikinji we 1 üçünji orunlary eýeläp, birinji orna mynasyp boldular. Häzir olaryň köpüsi güýzde geçiriljek Türkmenistanyň çempionatyna hem-de ulularyň arasynda geçiriljek ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görýärler. 

Sport mekdebinde sambo (sport we söweşjeň görnüşi) hem işjeň ösdürilýär. Eýýäm häzir daşoguzlylar milli derejedäki ähli ýaryşlarda umumytoparlaýyn hasapda öňdäki orunlara has-da ýakynlaşdylar. Has tapawutlanan türgenleriň arasyndan Jowlana Madaminowany bellemek gerek. Ol ýaragsyz özüňi goramagyň söweşjeň görnüşi boýunça Aziýanyň häzirki çempionydyr. 

Badminton barada aýdylanda bolsa, geçen ýyl 1-nji sport mekdebinde açylan sport topary häzirlikçe demirgazyk sebitinde ýeke-täk bolup durýar. Bu ýerde heniz haýsydyr bir netijeler barada aýtmak ir, çünki sportuň şu görnüşinde Daşoguz welaýatynda ökde hünärmenleriň ýetmezçiligi duýulýar we türgenleriň arasynda sport bäsdeşligi ýetmezçilik edýär.  

Şulardan ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde sport hereketiniň ösüşiniň oňyn depginine garamazdan, umuman garalanda özüne ýeterlik kemçilikleriň bardygy gelip çykýar. Emma daşoguzly türgenleşdirijileriň pikiri boýunça, esasy zat şol ýetmezçilikleri wagtynda bilmek we ýagdaýlary düzetmek möhümdir. Hut şu ýagdaýlara hem häzir sport hünärmenleri öz tagallalaryny gönükdirýärler. 

Çünki ýakyn wagtda bize has ähmiýetli wakalar garaşýar. Mysal üçin, indiki aýda “Awazada” Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Mekdep medeni-sport fesitwaly geçiriler. Noýabrda Aşgabatda bolsa guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty guralar. Türkmenstanyň döwrebap sport binýatlarynda geçirilýän şu we ençeme beýleki halkara ýaryşlary ilkinji nobatda biz üçin esasy sport forumy bolan ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup hyzmat eder. Ol oýunlara diňe bir Aziýanyň iň oňat türgenleri däl, eýsem-de ilkinji gezek Awastraliýanyň we Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleri hem gatnaşar.  

Ýurdumyzyň içinde geçirilýän ýaryşlaryň hem sporty ösdürmekdäki ähmiýeti az däldir. Türkmenistanyň dürli künjeklerinde geçirilýän ýaryşlara, şol sanda Daşoguzda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak türgenleriň sport ussatlygyny artdyrmak bilen, olaryň täze şertlere we emele gelen ýagdaýlara çalt uýgunlaşmagyna ýardam berýär. Demirgazyk welaýatda birnäçe günüň dowamynda iri sport ýaryşlarynyň dördüsi geçirildi. Biziň türgenlerimiziň goňşy welaýatlarda hem geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaklary olaryň ýeňşe bolan erkini berkidýär. Türgenlerimiziň  ukyp – başarnyklarynyň, ýeňşe bolan erkiniň barha artjakdygyna biz ynanýarys. 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: