Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi07 Awgust, 2014 (19:56)

BölümSoňky habarlar

BelliklerTäjigistan, Duşenbe, taekwondo, ITF

Türkmenistanlylaryň dünýä çempionatynda ilkinji ýeňişleri

Şu awgust günlerinde Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde ýetginjekleriň we weteranlaryň arasynda taekwondo boýunça (ITF ugry) dünýä çempionaty geçýär, oňa Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşýar. Öz çykyşynyň ilkinji gününde biziň watandaşlarymyzyň biri Orazmyrat Çaryýew bürünç medala mynasyp bolup, toplumlaýyn türgenleşiklerde (tuli) tapawutlandy, ITF taekwondonyň Halkara federasiýasynyň kongresinden ýene-de bir ýakymly täzelik gelip gowuşdy, şol kongres emele gelen däbe görä, dünýä çempionaty geçirilýän günlerde bolup geçýär. Bu forumda türkmen halypasy Aýdogdy Atabaýewe taekwondonyň nobatdaky VII dany berildi. Oňa Milli federasiýanyň baştutany we görnükli taekwondo ussady gatnaşdy.

Gündogar başa-baş söweşlerinde söweşijiniň hususy mümkinçiliklerine, onuň usulyna, ruhy güýjüne we durnuklylygyna köp basgançakly baha bermegiň ulgamy bar. Taekwondoda (ITF) ýokary ussatlyga baha bermegiň şkalasy dokuz basgançakdan — dandan ybaratdyr. Ýedi dandan  dokuz dan aralygyndaky gara guşaklara eýe bolanlar taekwondonyň (ITF) ähli inçeliklerinden baş çykarýan, başa-baş söweşiň bu görnüşiniň beýik ussatlary hasaplanýar. Biziň watandaşymyz Aýdogdy Atabaýew hem türkmen başa-baş göreşijileriniň ilkinjisi boldy. Oňa bu ýokary halkara derejesi berildi.  

Dünýäde birinjilik ugrundaky häzirki ýaryşa ýurtlaryň 40-dan gowragyndan türgenleriň 1000-e golaýy gatnaşýar. Şonuň üçin hem türkmen taekwondoçylarynyň üstünligine Türkmenistanda başa-baş söweşiň bu görnüşini ösdürmegiň ýokary derejesiniň şaýatnamasy hökmünde baha bermek gerekdir. Şonuň üçin hem şu ýylyň ýazynda Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde taekwondo boýunça Aziýanyň  çempionatynyň barşynda aýratyn tapawutlanan O.Çaryýewe hünärmenleriň umyt baglamagy geň däldir.  

Şonda Orazmyradyň Türkmenistanyň sport üstünliklerine 5 medaly, ýagny, 1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medallary goşandygyny hem-de yklym derejesinde ýaryşlaryň doly ýeňijisi bolandygyny ýatlap geçmeli. 

Biziň watandaşlarymyzyň öňünde şahsy, toparlaýyn we görkezme tutluşyklarynda, toparlaýyn tulilerde, berk zatlary döwmekde, şeýle hem «öz-özüňi goramak» we «ýörite tehnika» ugurlarynda ýaryşlarda bäsleşmek wezipesi durýar. Gyzlar toparynda we sportuň weteranlarynyň arasyndaky ýaryşlarda dünýä çempionatynda türkmen türgenleri ilkinji gezek çykyş ederler. 

ITF taekwondosynyň Halkara federasiýasynyň A.Atabaýewe VII  dany bermek hakyndaky çözgüdi barada aýdylanda bolsa, «Ussat» diýen at öz ýurdunda taekwondony işjeň wagyz edendigi we ösdürendigi, onuň şägirtleriniň halkara sport ýaryşlarynda gazanan uly üstünlikleri we başgalar üçin tälimçä dakylýar. 

Bularyň hemmesi doly derejede Aýdogdy Atabaýewiň hyzmatlaryna hem degişlidir. Ol tälimçilik işi bilen eýýäm onlarça ýyl bäri meşgullanyp gelýär. Hut şondan tälim alýanlar Türkmenistanyň sport üstünliklerine has köp sylaglary goşýarlar.  

Taekwondo (ITF) boýunça dünýä çempionaty 11-nji awgusta çenli dowam eder, biz  bolsa türkmen türgenleriniň täze ýeňişlerine garaşýarys.  

Habarlar #Täjigistan

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: