Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi02 Awgust, 2014 (19:58)

BölümSoňky habarlar

BelliklerSakarçäge, Baýramaly, agyr atletika, woleýbol, futbol

2. Sebitleýin ýaryşlardan – halkara ýaryşlaryna

Mary welaýaty, 2-nji awgust (TDH). Ozal habar berlişi ýaly, şu günler welaýatyň ähli şäherlerinde we etraplarynda köpsanly sport çäreleri geçirilýär.

Düýn Sakarçäge etrabynda we Baýramaly şäherinde agyr atletika, woleýbol we futbol boýunça welaýat derejesindäki ýaryşlar geçirildi. Şu gün esasy sport ýaryşlary welaýat merkezinde we Ýolöten şäherinde boldy. Maryda taekwondo boýunça (ITF görnüşi) ýurdumyzyň ýygyndy topary ýörite maksatnama bilen çykyş etdi, toparyň agzalary bu maksatnamany Täjigistanda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde görkezdiler. Suwda ýüzüji türgenler bolsa düýpli abatlaýyşdan soň açylan suw sport toplumynyň täze howzunda güýç synanyşdylar. Ýolötende milli göreş boýunça welaýatyň birinjiligi hem-de baýdarkada küreklemek we kanoe boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky bäsleşikler geçirildi. 

Ýetginjekleriň we weteranlaryň gatnaşmagynda taekwondo boýunça dünýä çempionaty Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde badalga aldy (3-11-nji awgust). Oňa 50-den gowrak ýurtdan türgenleriň müňden gowragy gatnaşýar, olaryň hatarynda Türkmenistanyň ýygyndy topary hem bar. 

Söweş sungatynyň bu görnüşi boýunça milli derejede maryly türgenler öňdeligi eýeleýär, dünýä çempionatynda çykyş edýän ýurdumyzyň ýygyndy topary diňe şu welaýatyň türgenlerinden düzülendir. 

Türkmen türgenleri taekwondonyň ähli görnüşleri – toparlaýyn, şahsy we görkezme bäsleşiklerinde, toparlaýyn we şahsy toplumlaýyn maşklary ýerine ýetirmekde, gaty jisimleri urup döwmekde, şeýle hem özüňi goraýyş we ýörite tehnika ugry boýunça baýraklar ugrunda bäsleşerler.

Dünýä çempionatynda ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşiklerde milli ýygyndy toparymyz Annamyrat Goşanyýazowdan, Orazmyrat Çaryýewdan, Goşanyýaz Durdyýewdan, Serdar Jannazarowdan we Batyr Gandymowdan ybarat düzümde çykyş edýär. Taekwondo boýunça halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda türkmen zenanlaryndan ilkinji bolup Mähri Agaýewa çykyş eder. Weteranlaryň arasynda geçiriljek ýaryşlara hem Bäşimgeldi Şirmämmedow ilkinji gezek gatnaşar.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçisi Gaýgysyz Atabaýew ilkinji gezek ýygyndy topary tälimçi hökmünde dünýä çempionatyna taýýarlady. Türkmenistanyň Taekwondo ITF federasiýasynyň ýolbaşçylary bu ýaş tälimçiniň türgen hökmünde dürli halkara derejesindäki ýaryşlara, şol sandy Aziýa we dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edendigini hem-de baý tejribe toplandygyny göz öňünde tutup, bu jogapkärli wezipäni ynandylar. Gaýgysyz iri halkara ýaryşlarynda medallaryň ençemesine mynasyp bolupdy, olaryň birnäçesi bolsa altyn medallardyr. 

Ýurdumyzyň ýygyndy toparynda çykyş edýän taekwondoçylaryň köpüsi ozal halkara ýaryşlarynda çykyş edip, baýrakly orunlary eýelän türgenlerdir. Mysal üçin, Orazmyrat Çaryýew şu ýylyň ýazynda Nepalyň paýtagty Kadmandu şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda iň köp medala – 5 medala (1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç) mynasyp bolan, şeýle hem toplumlaýyn maşklary we ýörite tehnikany ýerine ýetirmekde iň güýçli türgen diýlip ykrar edildi.

Türkmenistanyň topary Aziýa çempionatynda jemi 16 medala (2 altyn, 7 kümüş we 7 bürünç) mynasyp bolupdy. Toparlaýyn hasapda bolsa  ýygyndymaz üçünji orny eýeledi. 

Şonuň üçin hem hünärmenler taekwondonyň ITF görnüşini 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini nygtaýarlar. Birinjiden, söweş sungatynyň bu görnüşi biziň ýurdumyzda köpdän bäri çalt depginler bilen ösdürilýär, ikinjiden,  sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenler ýokary derejeli baýraklaryň onlarçasyna mynasyp bolup, türkmen sportunyň abraýyny belende göterýärler.  

Mary şäheriniň suw-sport toplumynda geçirilen ilkinji bäsleşiklere  welaýatyň suwda ýüzüji iň gowy türgenleri gatnaşdylar. 

Tutuş ýurdumyz boýunça täze sport  desgalarynyň bina edilmegi bilen bir hatarda, ozal bar bolanlary hem döwrebaplaşdyrylýar, olaryň binýatlarynda türgenleriň birnäçe nesli kemala geldi. Şu gün bolsa olaryň köpüsi bu ýaryşlara gatnaşýar. 

Welaýat ýaryşlaryna gatnaşýanlaryň arasynda Aziada 2017-de üstünlikli çykyş etmegine umyt baglanylýan türgenler hem bar. Olaryň hatarynda batterflýaý boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Atajan Annadurdyýewi görkezmek bolar, ol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçen ýyl Koreýa Respublikasynda bolan  IV Aziýa oýunlaryna hem gatnaşypdy. 

Milli we welaýat derejesindäki ýaryşlarda birnäçe gezek birinjiligi eýelän türgenleri A.Joraýewyň, A.Guseýnowyň hem-de 11 ýaşly türgen gyz D.Ýewtuşenkonyň hem milli ýygyndy toparyň düzümine girmek mümkinçilikleri bardyr.

Ýolöten şäherinde baýdarkada küreklemek we kanoe boýunça welaýatyň birinjiligi ýakynda Türkmenistanyň Küreklemek sporty federasiýasynyň açylmagy mynasybetli geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinden tälimçileriň we kürekleýji türgenleriň gatnaşmagynda bu  federasiýanyň mejlisi geçirildi. 

Mejlisiň barşynda Türkmenistanda sportuň küreklemek görnüşlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň, sport binýadyny pugtalandyrmagyň we olarda sebit we milli derejelerdäki ýaryşlary guramagyň meselleri ara alyp maslahatlaşyldy. Welaýatyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar täze federasiýanyň howandarlygynda guralan ilkinji bäsleşikdir.

Ýaryşlar ýekelikde 200, 500 we 1000 metr aralyklara küreklemek boýunça geçirildi. Baýdarkada küreklemek boýunça erkekleriň arasynda H.Jumaýew (200 metr), W.Woskresenskiý (500 metr) we K.Makubow (1000 metr) birinji orunlary eýelediler. 

Kanoede geçirilen bäsleşiklerde 500 we 1000 metr aralyklarda D.Jumaýew iki gezek birinji orny eýeledi. 200 metr aralykda bolsa A.Taçew ýeňiş gazandy.

Zenanlar baýdarkada küreklemekde bäsleşdiler, şonda 200 metr aralykda L.Baýramowa we 500 metr aralykda N.Krylowa üstünlik gazandy. 

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde küreklemek sportuny ösdürmekden başga-da, Sport baradaky döwlet komitetiniň we federasiýanyň wekilleri ýakyn wagtlarda türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna hem gatnaşmagyny  göz öňünde tutýarlar. Munuň üçin bolsa Küreklemek sporty boýunça halkara federasiýasynyň düzümine girmek zerurdyr.

Milli göreş boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi Ýolöten şäheriniň sport mekdebinde guraldy. Oňa bu welaýatyň ähli künjeklerinden güýçli pälwanlar gatnaşdy. 

Ýolöten etrabynyň türgenleri umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular. Olar 6 gezek ýeňiş gazandylar – S.Sylapow (48 kg. çenli agramda), S.Wellekow (57 kg. çenli agramda), G.Abdyrahmanow (62 kg. çenli argamda), A.Jumaýew (68 kg. çenli agramda), M.Muhammetdurdyýew (90 kg. çenli agramda) we H.Meredow (100 kg-den ýokary agramda) üstünlik gazandylar. 

Tagtabazar etrabynyň topary ikinji orna eýe boldy – A. Ýagşymyradow (52 kg. çenli agramda), K.Gylyjow (74 kg. çenli agramda) we T.Janmyradow (100 kg. çenli agramda) birinji orunlary eýelediler. Türkmengala etrabynyň topary üçünji orny eýeledi, onuň düzüminde çykyş eden B.Hemraýew (82 kg. çenli agramda) ýeňiş gazandy. 

3-nji awgustda Mary welaýatynda geçirilýän sport çäreleri Murgap we Mary etraplarynyň sport mekdeplerinde dowam etdirildi, olarda erkin göreş, taekwondo (WTF) we sportuň beýleki görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy. Olar barada indiki makalalarymyzda gürrüň bereris. 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: