Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi30 Iýul, 2014 (20:00)

BölümSoňky habarlar

BelliklerGazagystan, Aktau, kikboks

Gazanylan ýeňişler geljekki üstünlikleriň girewidir

Halkara derejesindäki ýaryşlarda türkmen kikboksçylarynyň çykyşlary, däp bolşy ýaly, ýokary netijelere beslenendir hem-de dürli derejedäki, şol sanda altyn medallaryň gazanylmagyna getirýär. Ýakynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen halkara ýaryşynda biziň watandaşlarymyzyň hormatly münberlerde mynasyp orunlara eýe bolmaklary hem muňa aýdyň şaýatlyk etdi. Emma dünýäniň dürli ýurtlaryndan iň güýçli türgenleriň 200-sini ýygnan bu ýaryşlar şu ýylyň geçen ýedi aýynyň dowamynda ýeke-täk bäsleşikdir. Şunda türkmen türgenleriniň ýokary derejedäki halkara ýaryşlarynyň ýene-de birnäçesine gatnaşmaga mümkinçilikleriniň bolandygyny belläp geçmelidiris. Emma türkmen türgenleri ol ýaryşlara gatngaşmaga mynasyp bolsalar-da, dürli sebäpler boýunça gatnaşyp bilmediler...

Aktau şäherinde geçirilen halkara ýaryşynda Pygy Sylabow 54 kilograma çenli agramda çykyp edip, birinji orna eýe boldy we «Ýeňijiniň guşagyna» mynasyp boldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň terbiýeläp ýetişdiren türgenleri Gazagystanyň ýygyndy toparyndan ynamly üstün çykyp, üç gezek ýeňiş gazandylar. Mälim bolşy ýaly, ýer eýelerine diwarlar hem kömek edýär. Muňa garamazdan, biziň ildeşimiz öz bäsdeşlerinden, şol sanda 2013-nji ýylda ýaşlaryň arasynda dünýäniň kubogyna eýe bolan Umar Kazihanowdan hem üstün çykdyr, ony geljegine umyt baglanylýan türkmen kikboksçysy final duşuşygynda ýeňdi we «Ýeňijiniň guşagyna» mynasyp boldy. 

67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Mekan Amanow kümüş medala mynasyp boldy, onuň tälimçisi öz kakasy Pirli Amanowdyr.  

Bu baýraklar ýaryşyň geçirilýän ýer eýeleriniň kikboksing mekdebiniň dünýäde sportda öňdäki orunlary eýeleýändigi üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Gazagystanda geçirilýän halkara ýaryşlary  däbe görä dürli ýurtlardan güýçli türgenleri özünde jemleýär. Şonüň üçin hem şunuň ýaly ýaryşlara gatnaşmak uly tejribe bolup hyzmat edýär. Türkmen kikboksçylarynyň öňdäki orunlary eýelemekleri biziň türgenlerimiziň we olaryň tälimçileriniň ýokary taýýarlyk derejesini görkezýär. 

Eger-de türgenleri taýýarlamagyň usulyýeti barada aýdylanda, tälimçiler türgeniň esasy ýaryşlara taýýarlyk görenlerinde birnäçe aýyň dowamynda maksada okgunly türgenleşik geçmelidigini, şunda beden taýdan taýýarlyga has uly ähmiet berip, sport tärlerini ele almak, psihologiýa taýdan durnuklylygy berkitmek, öz geljekki bäsdeşleriniň asgyn we güýçli sypatlaryny öwrenmek üçin tutanýerli türgenleşik geçmelidigini bilýärler. 

Bu örän tutanýerli zähmeti talap edýär we oňa her bir adam döz gelip bilmeýär. Şeýle çylşyrymly türgenleşik ýollaryny geçip, türgen esasy ýaryşlara 10-15 gün galýança belen taýdan ýokary taýýarlyk derejesinde bolmalydyr. Türgeniň ençeme aýyň dowamynda tutanýerli taýýarlyk görmeginiň netijesi ýaryşlaryň diňe birnäçe gününiň dowamynda ýüze çykýar. Şondan soňra bolsa tebigy ýagdaýda türgeniň taýýarlyk derejesi ep-esli pese gaçýar. 

Türkmen kikboksçylarynyň gazanan ýeňişleri, olaryň Başkortostanyň (Russiýa Federasiýasy) paýtagty Ufa şäherinde geçirilen talyplaryň arasyndaky birinji dünýä çempionatyna tutanýerli taýýarlyk görup, özlerine bagly bomadyk sebäpleri boýunça bu ýaryşlara gatnaşyp bilmändikleri üçin hem aýratyn ähmiýet eýedir. Biziň ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzümine geljegine uly umyt baglanylýan türgenler, şol sanda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary hem girýärler. Biziň kikboksçy talyplarymyzyň dünýä derejesindäki ýaryşlarda mynasyp çykyş edendiklerini hasaba alanyňda, olaryň öz ýaşdaşlary bilen geçirilýän ýaryşlarda has-da üstünlikli ykyş etjekdiklerine bil baglap bolar. Mundan başga-da, bu çempionat eýýäm dünýä sportunyň taryhyna «Ilkinji»  gezek geçirilýän diýlip girdi. Ozal aýdylyşy ýaly, talyplaryň  arasynda ilkinji dünýä çempionatyna, gynansak-da, biziň türgenlerimiz gatnaşyp bilmediler, şonuň üçin hem olar Gazagystanda geçirilen ýaryşlaryň öňüsyrasynda psihologik taýdan pes týagdaýdadylar.   

Muňa garamazdan, Garagystandaky ýaryşlarda halkara derejesindäki çempionatlara gatnaşmaga hukuk gazanan biziň kikboksçylarymyz şu emele gelen ýagdaýda Aktau şäherine barmak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalandylar. Şonda ýaryşlara taýýarlanmak üçin we ýerli şertlere öwrenişmek üçin wagt galmandy. Biziň türgenlerimiz ýaryşlaryň geçirilen ýerine baran pursatyndan bäsleşige girişdiler. Muňa garamazdan, biziň türgenlerimiz kyn we çekeleşikli geçen bäsleşiklerde gazanan ýeňişleri has-da uly sarpa goýulmagyna mynasypdyr. 

Biziň türgenlerimiz türkmen kikboksingçileriniň halkara derejesindäki bäsleşiklerde şowly çykyş etmäge ukyplydygyny görkezip, ýokary netijeleri gazandylar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi A.Snagowskiniň ýolbaşçylygynda tälim alýan türgenler ýurdumyzyň milli kikboksing federasiýasynyň döredilenden bäri 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda her ýyl iri halkara ýaryşlarynda ýokary netijelere mynasyp bolýarlar. Geçen ýyl Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda bu tälimçiniň şägirtleri Gurban Bekhanow we Şöhrat Hallyýew degişlilikde altyn we bürünç medallara mynasyp boldular. 

Häzirki wagtda bolsa türkmen kikboksçylary ýene bir  iri halkara  ýaryşyna — «Diamond» dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşlara taýýarlyk görýärler, ol  23-28-nji sentýabrda Russiýanyň Anapa şäherinde geçiriler. Egerde, olar «özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça» ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5 Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolan bu ýaryşlara gatnaşyp bilmeseler, biziň türgenlerimiz üçin ahmyrly ýagdaý bolarda. Türkmen paýtagtynda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportyň kikboksing görnüşi hem girizilendir. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan  sport ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasatyň maksady güýçli, özüne erk edip bilýän türgenleri taýýarlap ýetişdirmekden ybaratdyr. Beden we ruhy taýdan ösen adamyň keşbi ýetginjekler we gyzlar üçin nusga bolup hyzmat edýär. Türkmen ýaşlarynyň köpüsi ýokary sport netijelerini gazanyp, sylaglara mynasyp bolýan türgenleri görüp, olaryň ýeňşi mynasybetli belent pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyza seredip hem-de Türkmenistanyň döwlet Senasyny tolgunmak bilen diňläp, şolar ýaly güýçli we edermen adamlar bolup ýetişmegi — ýeňijiler bolmagy arzuw edýärler. 

Biziň ýurdumyzda tejribeli ttälimçiler we geljegi uly türgenler, geljekki olimpiýaçylar bar. . 

Bularyň ählisi bolsa türkmen türgenleriniň esasy ýeňişleriniň öňde boljakdygyna ynanmaga ygtybarly esas döredýär! 

Şol sanda biziň türgenlerimiz Aziýada—2017-de hem uly ýeňişlere mynasyp bolarlar!  

Habarlar #Gazagystan

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: