Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi01 Awgust, 2014 (19:59)

BölümSoňky habarlar

BelliklerMary, Sakarçäge, Baýramaly, agyr atletika, woleýbol, futbol

Mary welaýaty sport mümkinçiligini artdyrýar

Mekdep okuwçylaryň tomusky dynç alyş döwründe Mary welaýatynyň sport mekdepleri sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmekde däp boýunça işjeň hereket edýärler. Ine, şu günler Sakarçäge etrabynda we Baýramaly şäherinde bina edilen täze, döwrebap okuw-sport binalarynda agyr atletika, woleýbol we futbol boýunça welaýat derejesinde ýaryşlar geçirildi.

Türkmen sport söýüjileriniň ählisi üçin Sakarçäge etraby agzalanda hemişe agyr atletika göz öňüne gelýär. Çünki, hut şu ýerde şöhratly türkmen ştangaçysy, dünýäniň üç gezek çempiony, Ýewropanyň dört gezek çempiony Altymyrat Orazdurdyýew doguldy we özüniň ilkinji ýokary netijelerini gazandy.

Mundan başga-da, Sakarçäge häzirki gün hem türkmen agyr atletikaçylarynyň esasy kemala gelýän ýeri bolmagynda galýar. Mysal üçin, erkekleriň milli ýygyndysynyň düzüminde 10 türgeniň 7-si şu etrapda doglanlardyr. Olara şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýada geçiriljek Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň abraýyny goramak garaşýar. 

Agyr atletikanyň ykrar edilen türkmen   ussatlarynyň yzyndan sakarçägelileriň ýaş nesli hem galmaýar. Ine, geçen ýyl Katarda geçirilen Aziýanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşda Murgap sebitlerinden türgenleriň 4-si — G.Atabaýew, M.Döwranow, D.Sapargeldiýew hem-de Orazdyrdyýewleriň maşgalasynyň agyr atletikaçylarynyň neslini dowam edýän B.Orazdurdyýew degişlilikde kümüş we üç sany bürünç baýraklary eýelediler. Ýakyn günlerde Hytaýyň Nankin şäherinde badalga aljak ýetginjekleriň Bütindünýä olimpiadasyna hem Sakarçäge etrabyndan türkmen agyr atletikaçysy Söhbet Tirkişew gatnaşar. 

Görnüşi ýaly, Sakarçägede geçirilýän islendik ýaryşlar hemişe ýokary sport üstünlikleri bilen tapawutlanýar. “Ak ýap” daýhan birleşiginiň sport mekdebinde geçirilen şu etrabyň häzirki açyk ýaryşy hem bu aýdylanlardan üzňe bolmady. Ýaryşa welaýatyň ähli künjeginden ýaş agyr atletikaçylar gatnaşdylar.

Garaşylyşy ýaly, iň oňat netijäni ýaryşyň eýeleri görkezdiler: sakarçägeliler 
hemme ilkinji orunlary eýelediler.  Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna H.Ýagmyrow (36 kilograma çenli agramda), D.Baýramow (40 kilograma çenli), D.Gurbanberdiýew (56 kilograma çenli), M.Gulallyýew (62 kilograma çenli), D.Serdarow (69 kilograma çenli) we A.Begjanow (77 kilograma) çykdylar. 

Erkekler toparlarynyň arasynda woleýbol boýunça açyk çempionat etrap merkeziniň sport mekdebinde geçirildi. Bu ýaryşlara sport toparlarynyň 5-si gatnaşdy. Sportuň bu görnüşinde hem birinji orna ýer eýeleri çykdylar. 

Woleýbol hem Sakarçäge etrabynyň türgenleriniň ýüzi bolup durýar. Olar  sportuň bu görnüşi boýunça erkekleriň we ýetginjekleriň milli ýygyndylarynyň düzüminde has köp orny tutýarlar. Häzirki wagtda bolsa ýetginjekler ýygyndysyndan sakarçägelileriň ikisi 1997-1998-nji ýyllarda doglanlar — M.Ahmedow we B.Gylyjow indiki aýda Şri-Lankada geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlanýarlar.

Sakarçäge etrabynda geçirilen ýaryş barada aýdylanda jemleýji duşuşykda ýer eýeleri 3:1 hasabynda özleriniň Mary etrabyndan bolan garşydaş toparlaryny ýeňdiler. Üçünji orna Baýramaly şäheriniň woleýbolçylar topary mynasyp boldy. 

Baýramalyda ýöriteleşdirilen sport mekdebiniň açylmagy bilen, bu sebitde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi örän işjeňleşdi. Bu ýerde şäherde ozal sportuň meşgullanylmadyk görnüşleri boýunça bölümler peýda boldy. Ine, sport mekdebiniň binýadynda pauerlifting, stol üstündäki tennis, futzal, adaty karate we welosport boýunça bölümler açyldy. Sportuň täze görnüşleriniň birnäçesinde ýaş baýramalylylar eýýäm milli sport ýaryşynda ýokary netijeleri gazandylar.

Mysal üçin, pauerliftingde sport mekdebiniň türgenleriniň hasabynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlarda eýýäm onlarça ýeňişler bar. Türgenleşdirijiler 14 ýaşly A.Kamalowa has uly umyt bildirýärler. Ol özüniň ýaşlygyna garamazdan, eýýäm sport ussadynyň derejesini ýerine ýetirýär. Bu netije oňa milli ýygyndynyň düzüminde orun üpjün edip biler. 

Gysga wagtyň içinde adaty karate ýaş eýerijiler hem uly üstünlikler gazandylar. Golaýda deňizýaka Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Balkan welaýatynyň açyk ýaryşy muňa bir mysaldyr. Mary welaýatynyň      ýygyndysynyň düzüminde Baýramalydan  diňe bir wekil — D.Babaýew çykyş etdi. Ol hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna iki gezek — tutlyşyklaryň netijeleri boýunça (kumite) we toplumlaýyn maşklar (kata) boýunça çykmagy başardy.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesiniň öň ýanynda Türkmenistanyň adaty karate milli merkezi gara guşagy — söweş sungatlarynda ýokary sport tapawutlandyryş nyşany gowşurmak üçin synaglary kabul eder. Bu hormatly derejä mynasyp boljak az sanly dalaşgärleriň hatarynda Baýramaly şäheriniň sport mekdebinden hem ýaş türgenleriň birnäçesi bar.

Häzirki wagtda Baýramalynyň sport mekdebinde sportuň 16 görnüşi bilen meşgullanylýar. Ýokarda agzalanlardan başga-da, ýaşlar milli göreş, düzzüm, küşt, şaşka, ýeňil atletika, woleýbol, dzýudo, sambo, boks, agyr atletika we futbol bilen meşgullanýarlar. Ýakyn geljekde sport mekdebiniň ýolbaşçylary sport mekdebiniň binýadynda ýene 3 bölüm — suwda ýüzmek, tennis hem-de kabaddi boýunça bölümleri açmagy meýilleşdirýärler. Bu bolsa ýerli türgenleriň hatarynyň ýene-de artjakdygyny aňladýar. 

Futbol boýunça ýaryşlar barada aýdylanda, olara 5 topar gatnaşýar. 1-nji awgustda Baýramaly şäheriniň we Garagum etrabynyň toparlary duşuşyp, 3:1 hasabynda ýer eýeleri ýeňiş gazandylar.

Ýakyn geljekde Mary welaýatynda ýene-de 3 sany sport mekdebiniň açylmagyna garaşylýar. Täze sport türgenleşik binalary sebitiň dolandyryş merkezinde, Ýolöten we Oguzhan etraplarynda öz gapylarynda açar.   
 
Görnüşi ýaly, Mary welaýatynyň türgenleri bilen beýleki sebitlerden we türkmen paýtagtyndan olaryň garşydaşlarynyň arasynda bäsleşikli göreşiň tiz wagtda has-da güýçlenjekdigini ynam bilen çaklamak bolar.  


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: