Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi27 Iýul, 2014 (20:05)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, Taekwondo, ITF

Dünýä çempionatynyň öň ýanynda

Geçen dynç günlerinde ITF görnüşi boýunça taekwando eýeriji türkmen türgenleriniň 20-den gowragyna bu söweş sungatynyň ýokary tapawutlandyryş nyşanlary—gara guşagyň I we II danlary gowşuryldy. Halkara taekwondo federasiýasynyň adyndan gowşurylyş dabarasy paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary köpsanly tomaşaçylaryň öňünde toplumlaýyn maşklardan /tuli/ görkezip, çykyş etdiler. Şolar boýunça biziň türgenlerimiz ýakyn günlerde dünýä çempionatynda çykyş ederler.

ITF Taekwondoda gara guşagyň eýesi bolmak üçin bu söweş sungatynyň ähli görnüşleri boýunça—ikiçäk tutluşykda, toplumlaýyn maşklarda /toparlaýyn we şahsy hasapda/, gaty jisimleri döwmekde we beýleki görnüşler boýunça gözden geçirilişiň barşynda ýokary netijeleri durnukly gazanmak zerurdyr. Gara guşagyň eýesi taekwondonyň tehnikasyny, ahlagyny, medeniýetini, düzgünlerini ele alan göreşijidir. Ine, ýakyn günlerde aşgabatly taekwondoçylaryň 13-si, Mary we Balkan welaýatyndan degişlilikde taekwondoçylaryň 8-si we 3-si gara guşaga mynasyp boldular.

Gara guşaga eýe bolanlara, şeýle hem şahadatnamalar we “ITF-niň pasporty” gowşuryldy. Olar taekwondo boýunça halkara ýaryşlaryna, şol sanda Aziýa we dünýä çemptonatlaryna gatnaşmaga hukuk berýär.

Dünýäniň iň oňat taekwondoçylarynyň gatnaşmagyndaky ýaryş barada aýdylanda olar 3-11-nji awgust aralygynda Täjigistanyň paýtagtynda geçiriler. Şol günlerde Duşenbe şäherinde dünýä çempionatynyň medallary ugrunda ýetginjekler, şeýle hem söweş sungatynyň bu görnüşiniň weteranlary bäsleşerler. Jemi birnäçe onlarça ýurtlardan, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndysyndan hem türgenleriň müňden gowragy güýç synanyşarlar. 

Ýetginjekleriň ýaryşlarynda biziň ioparymyzyň düzüminde G.Annamyradow, O.Çaryýew, G.Durdyýew, S.Jannazarow we B.Gandymow çykyş ederler. Olar toparlaýyn, şahsy we görkezme tutlyşyklarynda, toparlaýyn we şahsy tulide, gaty jisimleri döwmekde, şeýle hem “ýörite tehnika” we “özüňi goraýyş” görnüşlerinde ussatlyklaryny görkezmeli bolarlar.

ITF taekwondo boýunça halkara sport ýaryşynda Türkmenistandan ilkinji gezek zenan maşgala—ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony M.Agaeýewa çykyş eder. Ol medallar ugurnda özbaşdak tutlyşykda 46 kilogram agrama çenli derejede, şeýle hem şahsy hasapda toplumlaýyn maşkda bäsleşer.

Şol görnüşler boýunça ýaryşlarda  taekwondonyň weteranlarynyň arasynda  
biziň ýurdumyzdan B.Şirmämmedow  /80 kilograma çenli/ çykyş eder.

Türkmen türgenleriniň Duşenbedäki dünýä çempionatynda oňat netijeleri görkezjekdiklerine biziň watandaşlarymyzyň ozalky halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri ynam döredýär. Şeýle çykyşlaryň soňkularynda biziň taekwondoçylarymyz ýetginjekleriň we ulularyň arasynda şu ýylyň aprelinde Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň sportda gzananlarynyň üstüne 15 medal—2 altyn, 7 kümüş we 6 bürünç medallary goşdular.  

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: