Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi23 Iýul, 2014 (20:06)

BölümSoňky habarlar

BelliklerRussiýa, Moskwa, küşt

Türkmen küştçüleriniň halkara ýaryşynda gazanan nobatdaky üstünligi

Türkmen küştçüleri Russiýanyň paýtagdy Moskwa şäherinde ýakynda geçirilen halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolup, Watanymyza iki altyn, bir kümüş we bir bürünç medal bilen dolanyp geldiler. Şunda 19 ýaşly Maksat Atabaýewiň görkezen ýokary netijesi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr: ol öz ýaşyna görä halkara grossmeýsteriniň derejesini gazanan ilkinji türkmen küştçüsi boldy.

Gollandiýadan, Belgiýadan, Togolez Respublikasyndan, Russiýadan, Azerbaýjandan, Moldowadan, Gazagystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan güýçli küştçüleriň gatnaşmagyndaky ýaryşlar “Sokolniki” sport toplumynda geçirildi. Baýrakly orunlar ugrunda üç toparda – halkara grossmeýsterleriniň, halkara ussatlarynyň we dereje alyş toparlarynda geçirildi.

M.Atabaýew has tejribeli küştçüleriň arasyndaky ilkinji toparda çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Muňa garamazdan halkara derejeli türkmen türgeni geçirilen bäsleşikleriň 6-synda utup, 2-sini deňme-deň oýnap we bir döwde utulyp, mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk gazandy. 

Ýaş küştçi Atabaýewiň gazanan bu üstünligi küşt äleminde gazanan ýeňişleriniň iň soňkysy däldir. Ol şeýle hem ýokary ligada erkekleriň arasynda Türkmenistanyň iň ýaş çempionydyr: Maksat bu ada 15 ýaşynda mynasyp boldy. Häzirki wagtda bu küştçi ýurdumyzyň milli çempionatynda 3 gezek çempionlyk adyna mynasyp boldy.

Şeýle hem ol dürli ýaşdaky türgenleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatlarynda-da halkara derejesindäki ýaryşlarda-da birnäçe gezek öňdäki orna mynasyp bolupdy. Ýeri gelende aýtsak, şu günler paýtagtymyzyň küşt mekdebinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky ýurdumyzyň birinjiliginde M.Atabaýew baş baýraga mynasyp dalaşgärleriň biridir. 

Moskwada geçirilýän bäsleşikleriň dördünji tapgyryndan soň ýeňiji mümkin bolan 4 utukdan 4 utuk toplap, ynamly ýeňiş gazanýar. Bu ýaryşlar ýurdumyzyň milli erkekler ýygyndy toparynyň öňdebaryjysy Maksat üçin şu ýylyň 1-15-nji awgustynda Norwegiýanyň Tromso şäherinde geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlyk görmegiň iň soňky tapgyrlarynyň biridir.

Moskwada geçirilýän halkara ýaryşlar baradaky gürrüňi dowam etmek bilen grossmeýsterler toparynda çykyş edýän halkara sport ussady Ýusup Atabaýewiň hem Atabaýewleriň küşt boýunça neberesiniň wekilidigini belläp geçmelidiris, ol şu ýaryşlaryň iň güýçli küştçüleriniň bäşliginiň hataryna girdi. Grossmeýster Orazly Annageldiýew altynjy orny eýeledi. 

Türkmenistandan şu ýaryşlara gatnaşýan iň ýaş küştçi, FIDE-niň 15 ýaşly ussady Saparmyrat Atabaýew Türkmenistanyň toparyna ikinji altyn medaly getirdi. Ol halkara ussatlaryň toparynda sykyş edip, mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplap, şeýle üstünlige mynasyp boldy. 

2012-nji ýylda Türkiýede geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasynda Saparmyrat 16 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda altyn medala eýe bolupdy.
Bu Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taryhynda şeýle ýokary derejedäki ýaryşlarda mynasçyp bolan ilkinji ýeňşidir. 

Moskwada geçirilýän ýaryşlara dolanyp gelmek bilen, türkmen küştçüleriniň halkara ussatlarynyň toparynda çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň häzirki çempiony Suhrap Semiýewiň 4-nji orna eýe bolandygyny bellemelidiris. 

Türkmenistanlylar küşt boýunça derejeleri kesgitlemek toparynda kümüş we bürünç medallara eýe boldular: sport ussady Gurbangeldi Amangeldiýew 6,5 utuk bilen ikinji orna, Rüstem Nazarow bolsa  üçünji orna mynasyp boldular.

Habarlar #Russiýa

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: