Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi15 Iýun, 2014 (20:20)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, welosport, marafon

Çempionat ýurdumyzyň ökde türgenlerini kesgitledi

Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň şosse ýollarynda welosport boýunça Türkmenistanyň üç günlük marafon ýaryşy tamamlandy. Ýaryşa gatnaşyjylar—Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlary ýaryşyň üç görnüşinde—27 kilometr aralyga aýratyn badalgaly şahsy bäsleşiklerde, toparlaýyn bäsleşikde (110 km) we komandalaýyn bäsleşikde (54 km) öz hatarlarynda ökdeleri kesgitlediler.

Häzirki wagta çenli milli sport arenasynda paýtagtymyzyň türgenleri öňdebaryjylygy saklap geldiler. Emma indi öňdäki hatarlara welaýatlaryň türgenleri ýakynlaşýarlar. Daşoguzlylar komandalaýyn bäsleşikde kümüş baýraga mynasyp boldular: M.Nurmedowyň şägirtleri 54 kilometrlik aralygy 1 sagat 23, 28 minutda geçmegi başardylar.

Sebitlerde sport hereketiniň okgunly ösmegini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ähli welaýatlarda döwrebap sport toplumlarynyň bina edilmegi bilen düşündirmek bolar. Şäherleri we obalary birleşdirýän täze ýollaryň gurulmagy netijesinde bolsa şosse welosiped ýaryşlary boýunça bäsleşikler hem okgunly ösüp başlady. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenler ýüzlerçe kilometrleri geçip öz ussatlygyny artdyrýarlar. Ýokary netijeler hem şundan gelip çykýar.

Türkmenistanyň çempionatynda komandalaýyn bäsleşikleriň ýeňijileri barada aýdylanda bolsa, onda birinji orny Aşgabat-3 topary eýeledi (1:19, 09 sagat).  Baýrakly orunlaryň üçünjisine bolsa paýtagtymyzyň 2-nji toparyndan  bolan türgenler mynasyp boldular (1:24, 31 sagat).

Aýratyn badalgaly şahsy bäsleşiklerde pellehana birinji bolup aşgabatly R.Amangeldiýew geldi. Ol 27 kilometr aralygy 39,19 minutda geçmegi başardy.

Şu çempionatyň öň ýanynda Gazagystanda Aziýanyň şosse welosiped ýaryşlary boýunça  çempionady geçirildi, şonda R.Amangeldiýew 30 kilometr aralykda geçirilen aýratyn badalgaly şahsy bäsleşiklerde güýçli türgenleriň onlugyna girdi. 
Türkmenistanly türgen bu üstünlige 23 ýaşa çenli “adlerler” toparynda gazandy. Şonuň üçin R.Amangeldiýewiň milli ýaryşdaky gazanan ýeňşi kanunalaýyk netije boldy. 

Ikinji orny ýeňijiniň toparyndan bolan K.Ataýew eýeledi (40, 56 minut). Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Daşoguz welaýatynyň toparyndan I.Jumaýew çykmagy başardy (41,10 minut).

Toparlaýyn bäsleşiklerde ähli baýrakly orunlary aşgabatlylar eýelediler.  Ikinji orny W.Mýagkow (2:19,40 sagat) we üçünji orny W.Akmyradow (2:20,17 sagat) eýelemegi başardylar. Şunda Y.Öwezmyradow iň çakgan boldy. Oňa 110 kilometri geçmek üçin 2 sagat 18,57 minut gerek boldy.

Ýeri gelende aýtsak, Y.Öwezmyradow hem Gazagystanda geçirilen yklym ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, 18 ýaşa çenli ýetginjek toparynda 30 kilometr aralykda geçirilen aýratyn badalgaly şahsy bäsleşikde Aziýanyň ökde welospedçileriniň onlugynyň hataryna girdi.  Onuň ýurdumyzyň häzirki çempionatynda gazanan ýeňişi bolsa ýaş türgeniň uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýärdi. Ýaryşda onuň bilen tejribeli türgenler bäsleşdiler.

Şahsy bäsleşiklerde ady agzalan ýeňijiler--Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzümine dalaşgärler bolup, bu topar ýakyn wagtda Aziýa oýunlarynda çykyş eder. Bäsleşikler şu ýylyň sentýabrynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçiriler. 

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: