Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi01 Iýun, 2014 (20:28)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, hokkeý

“Galkan” hokkeý boýunça IIM-niň Kubogynyň eýesi

Aşgabatda hokkeý boýunça Türkmenistanyň IIM-niň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy ýurdumyzda gün-günden artýar.

Kubok ugrundaky ýaryşa iki topara bölünen komandalaryň 6-sy gatnaşdy. “A” toparyna IIM-niň “Galkan” hökkeý topary, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan” we “türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň “Alp Arslan” hökkeý toparlary girdiler. “B” toparynda IIM-niň intitutynyň “Nesil”, Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň “Aşgabat” hem-de Türkmenistanyň söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” toparlary çykyş etdiler.

Ýaryşyň jemleýji duşuşygynda “Galkanyň” hökkeýçileri “Nesil” toparyny ynamly ýeňdiler. 2013-2014-nji ýyllar möwsüminde Türkmenistanyň ilkinji çempionatynyň altyn baýragynyň eýeleri garşydaşlarynyň derwezesine 5 sany hökkeý topuny geçirip, diňe birini öz derwezesine goýberdiler. 

‘Galkanlylaryň” hökkeý býounça Dünýä çempionatynyň myhmanlary 
hökmünde Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenkonyň çagyrmagy boýunça bolan ýerleri Minsk şäherinden ýakynda dolanyp gelendiklerini ýatlap geçeliň. Ol ýerde türkmen türgenleri ajaýyp duşuşyklaryň diňe bir şaýady bolmoan, eýsem-de öňdebaryjy Belarus hokkeý toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdiler. Bu bolsa biziň hokkeýçilerimiziň ussatlyk derejesiniň has-da ýokarlanmagy üçin oňat oýun tejribesi bolup hyzmat etdi. 

Kubok ugrundaky ýaryşda 3-nji orun üçin Türkmenstanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ikinji halkara ýaryşynyň finalçylary “Şir” we “Oguzhan” bäsleşdiler. Geçenki gezek ýaly, “Şir” topary ökde we çalasyn oýnap, öz örän uly hasap bilen 9:2 artykmaçlyklaryny görkezdiler.   

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: