Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi23 Maý, 2014 (18:28)

BölümSoňky habarlar

BelliklerLebap, Türkmenabat, gimnastika, welosport, kikboks

Lebapda sport baýramçylygy dowam edýär

Türkmenabat, 23-nji maý (TDH). Lebap welaýatynyň merkezinde Çagalary goramagyň Halkara gününe bagyşlanan sport çäreleri dowam edýär. Bu ýerde sport gimnastikasy, welosiped sporty we kikboksing boýunça welaýat ýaryşlary geçirildi.

1996-1998-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda kikboksing boýunça geçirilen welaýat birinjiliginde Türkmenabadyň sportuň bu görnüşi boýunça mekdebiniň  türgenleri has tapawutlandylar. 

Hususan-da, birinji orunlaryň dördüsini tälimçi Zakir Atajanowyň şägirtleri eýelediler. «Göwher Kubogy—2013» Halkara ýaryşynyň ýeňijisi Nariman Aýdogdyýewiň şägirtleri üç gezek hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna ykdylar. 1998-nji ýylda taý boksy boýunça Aziýanyň çempiony bolan Kuwwat Gurbanowyň şägirtleri iki ýeňiş gazandylar. Geçen ýyl Koreýa Respublikasynda geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik eden Tahyr Şaýmanowyň ýolbaşçylygynda sportuň şu görnüşi bilen meşgullanýan ýaş türgen hem altyn medallaryň birini eýelemegi başardy. 

Mälim bolşy ýaly, indiki Aziýa oýunlarynyň yklymlaýyn ýaryşlary 2017-nji ýylda Aşgabatda, häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Olimpiýa şäherçesinde geçiriler. Şoňa görä-de, kikboksing boýunça häzirki ýaryşlara gatnaşýan türgenler öňümizdäki Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga çalşarlar. Şu günler lebaply ýaş kikboksçylar Gazagystanda geçiriljek halkara ýaryşyna taýýarlyk görýärler. 

Sport gimnastikasy boýunça ýaryşlar Türkmenabat şäheriniň 5-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde geçirildi. Şu sport — okuw mekdebiniň açylmagy bilen sport gimnastikasy boýunça ähli milli ýaryşlaryň, şol sanda Türkmenistanyň çempionatlarynyň we ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşikleriň hut şu ýerde geçirilýändigini bellemelidiris. Şu wagta çenli milli sport ýaryşlarynda aşgabatlylar öňdäki orunlary eýelän bolsa, indi lebaply türgenler kem-kemden öňdäki orunlara çykýarlar. Mysal üçin, erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda olar umumy topar hasapda birinji orny eýeleýärler. 

Şunuň bilen baglylykda, golaýda Sankt-Peterburg şäherinde (Russiýa Federasiýasy) sport gimnastikasy boýunça Halkara ýaryşynyň geçirilendigini bellemelidiris. Onda türkmen toparynyň düzüminde türkmenabatly sport ussatlygyna dalaşgär Babamyrat Çaryýew çykyş etdi. Serdar Ýollyýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşik geçirýän ildeşimiz ussatlyk görkezip, dünýäde iň güýçli türgenleriň ilkinji onlugyna girmegi başardy. 

Welaýat ýaryşlary barada aýdylanda bolsa, oňa tälimçiler Z.Saparowanyň, S.Abubekirowanyň, B.Çaryýewiň we Z.Karymşakowyň şägirtleriniň 50-ä golaýy gatnaşdy. 

Türkmenabatda 5-nji sport mekdebiniň açylmagy bilen gündogar welaýatda welosiped sporty okgunly ösüşe eýe boldy. Jelil Orunowyň türgenleşdirýän Lebap welaýatynyň topary soňky birnäçe ýylyň dowamynda welosiped sporty boýunça milli ýaryşlaryň ählisinde mynasyp çykyş edýär. Olaryň her birinde türkmenabatly welosipedçiler özleriniň sport görkezijilerini gowulandyrýarlar. 

Golaýda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen halkara okuw-türgenleşiginden boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy dolanyp geldi. Ýurdumyzyň türkmen boksçylarynyň iň gowy onlugynyň hataryndakylaryň  ýedisi gündogar sebitiň wekilleridir. Mundan başga-da, boks boýunça milli ýygyndymyzyň kapitany halkara derejeli sport ussady Türkmenabat şäherinden Serdar Hudaýberdiýewdir. Onuň ýeňişli çykyşlarynda Aziýa-2009-yň birinjiligi ugrundaky ýaryşynyň altyn medaly bar. Bu türgeniň iň oňat gazanany Ýer ýüzüniň esasy sport wakasy bolan Londonda geçirilen Olimpiada-2012-ä gatnaşmagydyr. Özbegistanda geçirilen türgenleşik okuwlary Koreýanyň Inçhon şäherinde sentýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň tapgyrlarynyň biri boldy. Ondan öňürti biziň boksçylarymyza Hytaýda we Ermenistanda halkara okuw-türgenleşikleriniň ikisi, şeýle hem bu ýurtlarda geçiriljek iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklary garaşýar. 

24-nji maýda Lebap welaýatynyň merkezinde Çagalary goramagyň halkara gününiň hormatyna sportuň suw görnüşleri — suwda ýüzmek, waterpol we wyşkadan bökmek boýunça ýaryşlar badalga alar. Şol gün Aşgabatda suwda ýüzmek boýunça tälimçileriň we eminleriň on günlük okuw maslahaty badalga alýar. Bu okuw maslahatyny geçirmek üçin Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komiteti Moldowadan ussat hünärmeni — Ýewgeniý Karabeskini çagyrdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda taýýarlanmak maksadynda guralan forumyň işine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan tälimçiler we eminler gatnaşarlar.  

Mundan başga-da, öňümizdäki dynç günlerde paýtagtymyzda, «Köpetdag» we «Dagdan» stadionlarynyň binýadynda ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň medallary ugrunda bäsleşiler. Oňa ýurdumyzyň ähli welýatlaryndan türgenler gatnaşar. 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: