Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi18 Maý, 2014 (18:35)

BölümSoňky habarlar

Belliklerfutbol, taekwondo, WTF. figuralaýyn typmak, küşt

Sport täzelikleri

Şu maý günlerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan ýaryşlar we sport çäreleri geçirildi. Olaryň hatarynda awtomobil ýaryşy boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşikler, futbol festiwaly, taekwondo (WTF) boýunça Türkmenistanyň XIV Kubogy hem-de Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasynyň IV Kubogy ugrundaky ýaryşlar, figuralaýyn typyjylaryň baýramçylyk çykyşlary we beýlekiler bar. Biziň ildeşlerimiziň şol baýramçylyk günlerinde halkara ýaryşlarynda nobatdaky baýraklaryna mynasyp bolandygy begendirýär. Olar öz ýeňişlerini beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşladylar.

Mysal üçin, Golaýda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde küşt boýunça “First Saturday” däp bolan halkara ýaryşy tamamlandy. Şonda biziň türgenlerimiz bäş medala – 1 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanlylar sportuň bu görnüşiniň iki ugrunda – rapid we nusgawy ugurlarynda tapawutlandylar.

Halkara sport ussady Maksat Atabaýew çalt oýnalýan küşt, ýagny rapid boýunça bäsleşikde ýeňiş gazanyp, iň ýokary derejeli baýraga mynasyp boldy. Bu ýerde ýaryşlar örän çekeleşikli boldy. Çünki türgenleriň köpüsi halkara grossmeýsteri diýen ýokary ada eýedir.

Ýaryşlar şweýsar ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Olaryň barşynda Maksat 7 ýeňiş gazandy, bir gezek deňme-deň oýnady we bir gezek utuldy. Özi-de, aýgytlaýjy duşuşykda M.Atabaýew 64 öýjükli küştde özüniň dogany – halkara sport ussady Ýusup Atabaýewiň garşysyna oýnady. Netijede, Maksat birinji orna mynasyp boldy, Ýusup bolsa bürünç medal bilen oňmaly boldy. Ýaryşa örän güýçli oýunçylaryň gatnaşandygyny nazara alsaň, Ýusubyň gazanan netijesi hem örän ýokarydyr. 

Kümüş medallara halkara grossmeýster Orazly Annageldiýew we sport ussatlygyna dalaşgär Gurbangeldi Amangeldiýew mynasyp boldular. Olaryň birinjisi halkara ussatlaryň toparynda, ikinjisi bolsa FIDE-niň ussatlarynyň toparynda çykyş etdi. 

Sport ussatlygyna dalaşgär Hurma Weliýewa Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde ikinji bürünç medaly eýeledi. Ol FIDE-niň ussatlarynyň toparynda tapawutlandy. 

Ýene-de bir türkmen küştçüsiniň – 15 ýaşly sport ussady Saparmyrat Atabaýewiň çykyşyny bellemelidiris. Ol erkekleriň arasynda halkara ussatlarynyň toparynda beýleki güýçli küştçüler bilen  deň derejede oýnap, hormatly dördünji orna mynasyp boldy. 

Indi biziň türgenlerimiz küşt boýunça beýleki iri halkara ýaryşlaryna –Norwegiýanyň Tromso şäherinde awgust aýynda geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna, şeýle hem sentýabr aýynda Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna, ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatyna we beýlekilere taýýarlyk görerler. 

Ýene-de bir hoş habar Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinden gelip gowuşdy, şol ýerde   şotokan-karate boýunça “Hazaryň Kubogy” atly halkara ýaryşynda  14-15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 70 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş eden Perman Işanow altyn medala mynasyp boldy. Şu derejede 40-dan gowrak türgeniň çykyş edendigini bellemelidiris. Bakudaky ýaryşlar dowam edýär. 

Milli bäsleşikleriň hatarynda sport muşdaklarynyň ünsi awtomobil ýaryşy boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşige  gönükdi. Bu ýaryş Içeri işler ministrliginiň Awtomobil  sport merkezinde geçirildi. Ýaryşlar iki görnüşde – “Volkicar” sport awtoulaglarynda hem-de kartlarda geçirildi. 

Olaryň  birinji görnüşinde 13,5 kilometr aralyga deslapky üç bäsleşik geçirildi. Olarda final toparyny düzen iň gowy awtomobil sürüjileriniň 6-sy kesgitlenildi. Şunda jemleýji ýaryşda pellehanadan ilkinji bolup, Içeri işler ministrliginiň toparyndan Guwanç Hommodow geçdi. Onuň topardaşy Gara Garaýew ikinji orna we şu toparyň ýene-de bir wekili Parahat Garlyýew üçünji orna mynasyp boldular. 

Karting boýunça ýaryşlar dört görnüşde – hereketlendirijileriniň göwrümi 60 kub santimetr (çagalaryň arasynda ), 125  kub santimetr (ýetginjekleriň arasynda), 125 kub santimetr “Patriot” kysymly we  125 kub santimetr “Halkara” kysymly  ulaglarda geçirildi. Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport mekdebiniň toparynyň türgenleri Amir Wartanow, Kuwwat Annaýew we Wýaçeslaw Şkunow 3 ýeňşe mynasyp boldular. Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary  ministrliginiň toparynyň tügreni sport ussady Ýuriý Žulin 1 altyn medaly eýeledi. 

Ýaryşyň baş baýragyna – Kuboga Içeri işler ministrliginiň türgenleri mynasyp boldulapr. Awtomobil ulaglary ministrliginiň topary ikinji ýeri, “Aşgabat” awtomobil merkeziniň topary üçünji ýeri  eýelediler. Şeýle hem Daşary işler ministrliginiň toparynyň baş tälimçisi M.Orazmämmedow türkmen awtomobil sportuny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin ýörite baýrak bilen sylaglandy. 

Häzirki wagtda türkmen türgenleriniň topary indiki aýda Özbegistanyň paýtagity Daşkent şäherinde geçiriljek däp bolan halkara ýaryşyna ykjam taýýarlyk görýär. Şeýle hem şu ýylyň tomsunda Aşgabatda ýurdumyzyň sport ussatlarynyň we beýleki ýurtlaryň türgenleriniň gatnaşmagynda  “Ýaraw” Kubogy ugrundaky açyk ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. 

“Geliň, köpçülikleýin futbol oýnalyň!”—şeýly şygar astynda türkmen paýtagtynda ikinji Futbol festiwaly geçirildi. Ol Türkmenistanyň Sport baradaky komiteti hem-de Futbol federasiýasy tarapyndan BMG-niň Ilat gaznasy (ÝUNFPA), BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde köpçülikleýin futboly mundan beýläk-de ösdürmek maksadynda geçirildi. 

“Millionlaryň  oýnunyň” köpsanly muşdaklaryny jemlän futbol festiwaly “Köpetdag” standionynda geçirildi. Toparyň her bir oýunçysy top bilen oýnamakda, topy bermekde we depmekde, şeýle hem çalt ylgamakda öz ussatlygyny görkezmeli boldy. Festiwala gatnaşyjylaryň ýekejesi-de baýraksyz galmady. Hatda olaryň iň körpesi Şirinjemal Gurbanowa-da sowgat gowşuryldy. 

Futbol baradaky gürrüňi dowam edip, köpugurly “Aşgabat” stadionynda adybir toparyň futbolçylary “Talyp sporty” toparynyň türgenleri bilen duşuşdylar. Duşuşygyň birinji ýarymynda toparlaryň hiç biri üstünlik gazanyp bilmedi. Arakesmeden soň bolsa aşgabatlylar iki netijeli hüjüm geçirip, bu oýny 2:0 hasabynda tamamlamagy başardylar. Netijede “Aşgabat” 18 utuk toplady we 6-njy orunda galdy. 

Demirgazyk welaýatyň merkezinde “Daşoguz” we  “Bagtyýarlyk-Lebap” toparlarynyň   duşuşygy 0:0 hasabynda tamamlandy. 16-njy tapgyryň galan oýunlary – “Altyn asyr” – “Merw”, “Balkan” – “Ahal” hem-de HTTU --  “Şagadam” toparlarynyň duşuşyklary 24-nji iýuna geçirildi. 

Taekwondo boýunça Türkmenistanyň XIV Kubogy hem-de Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasynyň IV Kubogy ugrundaky ýaryşlara (WTF) 300-e golaý türgen gatnaşdy. Olar üç topara – kadetleriň, ýetginjekleriň we uly ýaşlylaryň toparlaryna bölündiler. Ýaryşlar iri halkara bäsleşiklerine, şol sanda Aziýanyň çempionatyna hem-de yklymyň esasy sport ýaryşlaryna – Inçhonda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň birine öwrüldi. 

Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumy şu günler figuralaýyn typmak boýunça ussatlaryň gatnaşmagynda sport-baýramçylyk çäresiniň geçirilen ýeri boldy. Türgenler köpsanly tomaşaçylary ajaýyp çykyşlary bilen  begendirdiler. Şol çykyşlaryň arasynda “Magtymguly we Meňli” atly täze tans hem bar. 

Mundan başga-da, “Maral” tans topary “Türkmenistanyň owazlary” atly kompozisiýany ýerine ýetirdi. Bu çykyş geçen aýda Russiýanyň paýtagtynda geçirilen Halkara buz üstündäki tanslar festiwalynda “Oýnuň özboluşlylygy üçin” diýen ýörite baýraga mynasyp boldy. Şeýle hem Aşgabadyň Sport toplumynyň buzly meýdançasynda geçen ýyl Moskwada geçirilen festiwalda “Iň gowy horeografiýa üçin” diýen Kuboga eýe bolan “Awaza” tans kompozisiýasy, “Küştdepdi” we beýleki tanslar ýerine ýetirildi. 

Habarlar #futbol

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: