Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi27 Aprel, 2014 (19:07)

BölümSoňky habarlar

Belliklertaekwondo, dzýudo, sambo, futbol

Türkmen mekdep okuwçylary Kazanda geçirilen Halkara sport festiwalynda altyn we kümüş medallary aldylar

Geçen hepde Halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlaryndan köpsanly hoş habarlar gelip gowuşdy — taekwondo (ITF görnüşi), dzýudo we sambo boýunça ussat türgenlerimiz dürli derejedäki medallaryň onlarçasyna mynasyp bolup, Türkmenistanyň sportda gazanan üstünliklerini pugtalandyrdylar. 26-nji aprelde Kazan şäherinde (Russiýa Federasiýasy) tamamlanan GDA ýurtlarynyň mekdep okuwçylarynyň II Halkara sport festiwalynda hem biziň türgenlerimiz oňat netijeleri gazandylar. Şol ýerde türkmenistanly ýaşlar sportyň toparlaýyn görnüşlerinde bir altyn we iki kümüş medallara eýe boldular.

Tatarystanyň paýtagtyna Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan we beýlekilerden okuwçy türgenleriň 1500-e golaýy ýygnandy. Olar sportuň ýedi görnüşi — kiçi futbol, basketbol, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, badminton, küşt we fitnes-aerobika boýunça bäsleşdiler. Ýaryşlar geçen ýyl Bütindünýä uniwersiadanyň geçirilen sport meýdançalarynda ýaýbaňlandy, Bütindünýä uniwersiadasynda hem biziň talyp türgenlerimiz baýraklaryň ençemesini alypdylar.

Bu gezekki festiwalda biziň mekdep okuwçylarymyz kiçi futbol boýunça üstünlikli çykyş etdiler. Türkmenistanlylar Russiýanyň,  Tatarystanyň,   Ukrainanyň, Belarusyň ýygyndy toparlaryndan üstün çykdylar we moldawan futbolçylary bilen deňme-deň oýnadylar.

Woleýbol we basketbol boýunça geçirilen bäsleşiklerde biziň türgenlerimiz kümüş medallara mynasyp boldular. Şunda ýaryşa gatnaşyjylar toparlara bölündiler, olardan ýarym finala çykan toparlaryň dörtlükleri emele getirildi. 

Woleýbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşlaryň ikisinde hem toparlardan ynamly çykyp, ýarym finalda gazak türgenlerini 3:0, basketbol boýunça bolsa Russiýanyň toparyny 52:28 hasabynda utmagy başardylar. Aýgytlaýjy bäsleşiklerde biziň ýaş türgenlerimiz tutanýerlilik görkezseler-de, öz bäsdeşlerini utup bilmediler we netijede ikinji orny eýelediler.

Kazanda Halkara festiwaly geçirilýän wagtynda Russiýanyň Mekdep okuwçylary sport federasiýasynyň prezidenti, figuralaýyn typmak boýunça üç gezek olimpiýa çempiony Irina Rodnina Moskwada Türkmenistanyň Gyşky görnüşleri boýunça milli sport merkeziniň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda eýýäm halkara derejesinde hem özüniň ukyp -  başarnyklaryny görkezen figuralaýyn typmak boýunça sportuň türkmen mekdebini mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu aýyň ortasynda geçirilen 28-nji Halkara festiwalynda Aşgabadyň «Maral» figuralaýyn typmak boýunça topary «Türkmenistan äheňleri» tans maksatnamasy bilen buzuň üstündäki tanslarda «Tansy goýmagyň özboluşlylygy» ugry boýunça iň oňat topar diýip hasap edildi. Geçen ýyl geçirilen festiwalda bolsa biziň figuraçylarymyz «Awaza» atly çykyşy bilen «Iň gowy horeografiýa üçin» Kuboga mynasyp bolupdylar. 

Şeýlelikde, türkmen figuralaýyn typmak boýunça türgenlerimizden ýakyn geljekde oňat netijelere garaşyp bolar diýip, meşhur türgen nygtady. 

— Meniň üçin örän ukyply figuralaýyn typmak boýunça türkmen türgenleri bilen duşuşmak, esasan-da, Aşgabadyň sport toplumlarynyň buzly meýdançalarynda duşuşmak ýatdan çykmajak we şadyýan wakadyr diýip, Irina Rodnina aýtdy. 
 
Hokkeý boýunça geçirilýän ýaryşlarda hem Türkmenistan üçin uly mümkinçilikler açylýar. Mysal üçin, geljek aýda Belarusda dünýä çempionaty geçiriler we onuň barşynda Minsk şäherinde sportuň bu görnüşini tutuş dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda hem ösdürmek boýunça Halkara hokkeý federasiýasynyň maslahaty geçiriler. Maslahatdan soňra Halkara hokkeý federasiýasynyň kongresi bolar, şonda Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli merkeziniň bu federasiýanyň düzümine girmek baradaky resmi ýüz tutmasyny gowşurmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa türkmen hokkeýçilerine halkara derejesindäki islendik ýaryşlara, şol sanda dünýä çempionatlaryna we Olimpiadalara gatnaşmaga ýol açar. 

27-nji aprelde hokkeý boýunça 2000-nji ýylda doglan we ondan hem kiçi türgenleriň arasynda ýurdumyzyň  birinjiligi tamamlandy, ol «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň çäklerinde geçirildi. Gyşky oýunlar boýunça sport  toplumynyň buzly meýdançasynda «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Oguzhan», Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir», Sport baradaky döwlet komitetiniň «Bürgüt» we Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň toparlary güýç synanyşdylar. 

Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky Aşgabatda geçirilen ikinji halkara ýaryşynda finala çykan «Oguzhan» we «Şir» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk uly gyzyklanma döretdi.  «Oguzhan» topary örän çekeleşikli geçen bäsleşikde 2:1 hasabynda utup,  birinji orna mynasyp boldy. 

Şeýle hem bu ýaryşlaryň iň tapawutlanan oýunçylary kesgitlenildi. «Oguzhan» toparynyň hokkeýçileri K.Babaýew we M.Güýçgeldiýew degişlilikde iň güýçli hüjümçi we derwezeçi hökmünde yglan edildiler, sport mekdebiniň oýunçysy D.Kowalýew iň gowy goragçy, G.Çižikow bolsa iň köp hokkeý topuny geçiren (17 gezek) we ýaryşyň iň güýçli oýunçysy hökmünde bellenildi. 

Paýtagtymyzdaky «Köpetdag» sport toplumynda geçen dynç alyş günleri 14 ýaşa çenli ýetginjek futbolçylaryň arasynda ýurdumyzyň birinjiliginiň ýeňijileri aýan edildi. Ol sport bir aýlygynyň çäklerinde we Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guraldy.

Bäsleşiklere her welaýatdan bir topar we Aşgabatdan üç topar gatnaşyp,  olar ikä bölündi. Ýaryşyň düzgünleri boýunça öz toparynda birinji orny eýelän göni finala çykýar, ikinji orun bolsa bürünç medal üçin göreşmäge mümkinçilik berýär. 

Netijede, ýaş olimpiýadaçylary taýýarlaýan ýöriteleşdirilen «Ýaşlyk» futbol boýunça çagalar-ýetginjekler olimpiýa mekdebiniň topary altyn medallara we Kuboga mynasyp boldy. Finalda olar Aşgabadyň futbol boýunça sport mekdebiniň oýunçylaryny 3:0 hasabynda  utdular. Paýtagtymyzyň «Olimp» topary üçünji orny eýeledi. 

26-njy aprelde «Köpetdag» sport toplumynda çäkli mümkinçilikli türgenler üçin sport baýramçylyk çäresi guraldy. Oňa gatnaşyjylaryň 200-den gowragy çeýelik, tizlik, güýçlilik boýunça köp sanly bäsleşiklerde öz ukyplaryny görkezdiler. Ýaryşlar tamamlanandan soň olaryň her birine guramaçylardan we hemaýatçylardan sowgatlar gowşuryldy.

Geçen dynç alyş günleri Lebap welaýatynyň merkezinde kikboksing we küşt boýunça ýurdumyzyň çempionatlary geçirildi. Başa-baş söweş boýunça 1999-2000-nji ýylda doglanlar Türkmenistanyň birinjiliginiň çäklerinde medallar ugrunda bäsleşdiler. Ýöriteleşdirilen altynjy sport mekdebinde geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça umumy toparlaýyn hasapda Lebap welaýatynyň türgenleri ýeňiş gazandylar. 

Şeýle hem lebaplylar gadymy oýun bilen meşgullanýanlaryň 50-siniň gatnaşmagynda geçirilen küşt boýunça açyk çempionatda hem ynamly ýeňiş gazandylar. Olar ilkinji üç ornuň hemmesini eýelediler: A.Ýoldaşow birinji orna, R.Döwletow ikinji orna mynasyp boldular we deň möçberde utuk toplan N.Temirow we B.Bäşimow üçünji-dördünji orunlary paýlaşdylar. 

Aprel aýynyň ahyrynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» ady bilen geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriň çäklerinde köpsanly sport ýaryşlary dowam eder. Balkan welaýatynyň merkezinde häzirki wagtda gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär, Daşoguz şäherinde bolsa woleýbol boýunça ýokary liganyň erkekler toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 3-nji tapgyry badalga aldy. Sport bir aýlygynyň jemlenjek güni hem indi daşda däl.

Habarlar #taekwondo

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: