Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi18 Aprel, 2014 (19:18)

BölümSoňky habarlar

BelliklerBasketbol

Geljekki olimpiýa ýeňişleriniň bähbidine

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbie-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň çäklerinde geçirilýän köp sanly ýaryşlar, ilkinji nobatda, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge ýardam etmelidir. Ýöne şol bäsleşikleriň arasynda dünýä we yklym möçberlerindäki ýaryşlara taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlary bolup durýanlary hem az däl. Şeýle bäsleşikleriň hatarynda 17-nji aprelde “Galkynyş” sport toplumynda badalga alan Türkmenistanyň uşu boýunça çempionatyny görkezmek bolar.

Gadymy söweş sungatlarynyň biriniň ussatlarynyň ýaryşy milli ýygyndymyzyň agzalary üçin Hytaýda ýetginjekleriň arasynda geçiriljek Bütindünýä Olimpiýa oýunlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda özboluşly synag bolar. Şol ýaryşlar degişlilikde awgust we sentýabr aýlarynda geçiriler. Oýunlaryň maksatnamasyna hytaý başa-baş söweşiniň görkezme bäsleşigi hökmünde girizilendigini bellemelidiris.

Golaýda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilen uşu boýunça dünýäniň çempionaty Hytaýda guraljak Olimpiýa oýunlaryna saýlama bäsleşigi bolup hyzmat etdi. Şol ýaryşa dünýäniň 54 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan 1 müňe golaý türgen gatnaşdy. Biziň toparymyza uşu bilen meşgullanýan türgenleriň dördüsi girdi. Olaryň üçüsi Türkmenistan üçin Bütindünýä Olimpiadasyna ýollanma almagy başardy.

Uşu boýunça ýaryşlaryň sanda bölüminde Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda üç agramlyk derejede we zenanlaryň arasynda iki agramlyk derejede sylaglaryň 5 toplumy ugrunda göreşiler. Şol agramlyk derejeleriň köpüsinde biziň ildeşlerimiziň medallar ugrunda bäsleşjekdigi Türkmenistanda bu söweşjeň sungatyň ýokary derejede ösendigine şaýatlyk edýär.


Dünýä birinjiliginde biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde aýratyn ussatlygyny görkezenleriň hatarynda Oraznepes Geldiýew (60 kilograma çenli agramlyk derejede), Muhammet Gurbanow (70 kilograma çenli agramlyk derejede) we Merjen Saparowa (52 kilograma çenli agramlyk derejede) bar. Olar Hytaýda geçiriljek Oýunlara ykjam taýýarlyk görmeli bolarlar.

Ýöne biziň milli ýygyndymyzyň düzümi üýtgäp biler, çünki öňümizdäki aýlarda ýurdumyzyň iň güýçli uşuçylary her bir ýaryşda özleriniň ussatlyk derejesini tassyklamaly bolarlar. Olar Türkmenistanyň şu çempionatynda hem öz ussatlygyny tassyklamalydyrlar. Bu ýaryşlar 20-nji aprelde tamamlanar.

Häzirki wagtda Aşgabatda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen 200-den gowrak uşuçylar diňe bir başa-baş duşuşyklarda däl, eýsem toplumlaýyn maşklar bölüminde (taolu) hem çempionlyk derejesi ugrunda göreşýärler. Çempionatyň ilkinji iki gününde çärýek finalçylar kesgitlenildi. Şenbe güni, 19-njy aprelde ýarym final ýaryşlary geçiriler, ýekşenbe güni bolsa ýeňijiler hem-de baýrakly orunlara mynasyp boljaklar kesgitlener.

Türkmenistanyň çempionaty tamamlanan badyna biziň türgenlerimiziň bir topary uşu boýunça däp bolan halkara ýaryşyna ugrar. Bu bäsleşik Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda 23-27-nji aprel aralygynda geçiriler. Geçen ýyl düzüminde 5 türgen bolan biziň ýygyndymyz bu ýaryşlarda 5 sany medala (2 altyn we 3 bürünç) mynasyp bolmagy başardy. Bu gezek bolsa Ýerewandaky ýaryşda türkmen uşu ussatlarynyň 10-sy medallar ugrunda göreşer.


19-njy aprelde Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde ýetginjekleriň we ulularyň arasynda taekwondo (ITF görnüşi) boýunça Aziýanyň çempionaty badalga alýar. Ozal habar berlişi ýaly, bu ýaryşlara hem türkmen türgenleri gatnaşar. Olar çempionatda iki ýaş toparynda hem wekilçilik ederler. Şol toparlaryň her birinde türkmen türgenleriniň bäşisi çykyş eder. Şahsy we toparlaýyn tutluşyklardan başga-da, biziň ildeşlerimiz şahsy we toparlaýyn tuli (toplumlaýyn maşklar) görnüşinde hem çykyş ederler.

Milli ýaryşlara gaýdyp gelmek bilen, şu dynç alyş günlerinde Aşgabatda karting we basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatlarynyň geçiriljekdigini bellemelidiris. Tizlik boýunça ýaryşlar Milli awtosport merkeziniň täze bäsleşik ýolunda, ähli welaýatlaryň toparlarynyň gatnaşjak basketbol boýunça ýaryşlar bolsa Berkararlyk etrap häkimliginiň ýanyndaky B.Şamyradow adyndaky medeni we dynç alyş seýilgähiniň sport toplumynyň açyk meýdançasynda geçiriler.

Basketbol baradaky gürrüňi dowam edip, düýn (18-nji aprelde) Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bedenterbiýe – sagaldyş toplumynda ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň arasynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” diýen şygar astynda ýaryşlaryň tamamlanandygyny ýatlatmalydyrys. Geçirilen duşuşyklaryň barşynda, garaşylyşy ýaly, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň basketbol topary ýeňiş gazandy. Bu topar 53:28 hasabynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň türgenlerinden üstün çykmagy başardy. Üçünji ýere Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary mynasyp boldular.

Şu günlerde talyplar suwda ýüzmek boýunça hem bäsleşdiler. Ýaryşlar paýtagtymyzdaky Suw-sport toplumynda geçirildi. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary E.Meredowa, D.Saryýewa, R.Nazarow we M.Ataýew iň gowy netijeleri görkezdiler. Ikinji we üçünji orunlara degişlilikde Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem sport çäreleri işjeň dowam etdi. Mysal üçin, Lebap welaýatynyň merkezinde şu günler Türkmenistanyň iki çempionaty – sport gimnastikasy we ýeňil atletika boýunça çempionatlar geçirilýär.


Ýaryşlaryň birinjisi 5-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde geçirilýär we 19-njy aprelde tamamlanar. Bu ýerde ýaryşa gatnaşyjylar 5 topara bölündi. Olaryň arasynda 3-nji ulular derejesine eýe bolan türgenlerden başlap, sport ussatlarynyň derejesine çenli bolan türgenler bar.

Erkekler sport gimnastikasynyň 6 görnüşinde – daýançly bökmek, halkada, perekladinada, parallel bruslarda, sport atynda we erkin maşklarda bäsleşerler. Zenanlar bolsa dört bölümde – erkin maşklarda, daýançly bökmek, pürsde we dürli beýiklikdäki bruslarda maşk etmek boýunça güýç synanyşar. Ýeňiji her bir görnüşde toplanan umumy utuklaryň netijesi boýunça kesgitlener.

Ýeňil atletika boýunça çempionat Türkmenabadyň sport toplumynda geçirilýär. Şol ýerde ýaryşa gatnaşyjylar birnäçe görnüşde – ýakyn aralyga ylgamakda, uzynlygyna bökmekde, ýekedaban, disk zyňmakda we beýleki görnüşlerde bäsleşerler. Ýeňijiler hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolanlar 20-nji aprelde kesgitlener.

Demirgazyk welaýatyň merkezinde uumymilli ýaryşlar – woleýbol we futbol boýunça Türkmenistanyň birinjilikleri geçirilýär. 14-15 ýaşly ýetginjekleriň gatnaşmagynda woleýbol ýaryşlary 4-nji sport mekdebiniň oýun zalynda geçirilýär, 2000-nji ýylda doglan futbolçylar bosla “Galkynyş” täze sport toplumynyň meýdançasynda ýeňijini kesgitleýärler.

Sport biraýlygy dowam edýär, geljek hepdede türkmen sport muşdaklarynyň dürli ýaryşlaryň barşynda ýokary netijeler bilen begendirjekdigine berk ynanýarys.

Habarlar #Basketbol

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: