Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi10 Aprel, 2014 (19:25)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, Köpçülikleýin sport, welosport

Ýaryşlarda ýaşlar öňde barýar

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu gün “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen köpçülikleýin bedenterbie – sport we sagdyn durmuş – medeni çäreleriň biraýlygynyň ilkinji ongünlügi tamamlandy. Şu on güniň dowamynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça milli bäsleşikleriň onlarçasy geçirildi. Şu gün olaryň biri – erkekleriň arasynda welosiped sporty boýunça Türkmenstanyň çempionaty tamamlandy. Şonuň netijesinde köp günlik ýaryşlaryň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar kesgitlenildi.

Bu ýaryşlara Aşgabat şäherinden, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan welosiped sportunyň ussatlary gatnaşdylar. Olar Aşgabadyň esasy ýollary boýunça jemi bir müň kilometre golaý ýoly geçdiler. Türgenler sekiz görnüşde – 100 kilometrden we şondan ýokary aralykda bäş toparda, 27 kilometr aralyga şahsy ýaryşlaryň ikisinde we 54 kilometr aralygyna toparlaýyn bäsleşikde çempion bolmak ugrunda bäsleşdiler.

Wpelosiped ýaryşynyň jemleýji tapgyrynyň öňüsyrasynda umumy topar bäsleşiginde daşoguzlylar öňdeligi eýeleýärdiler. Ýöne, final ýaryşynda aşgabatlylar olardan öňe geçip, birinji orny eýelemegi başardylar. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ýygyndy topary ikinji ýere, Aşgabadyň ikinji topary üçünji orna mynasyp boldular.

Daşoguzlylar umumy topar ýaryşynda birinji ýeri elden gideren bolsalar-da, şahsy bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardylar: sekiz tapgyryň netijeleri boýunça 17 sagat 22,29 minut wagty görkezip, Şatlyk Geldiýew hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Aşgabat – 1 toparyndan Yhlas Öwezmyradow ikinji orna mynasyp boldy.

Çempionatyň bürünç baýragyna mynasyp bolan Döwlet Baýramow bolsa paýtagtymyzyň ikinji toparyna wekilçilik etdi. Ol welosiped surmek boýunça ýaryşa gatnaşanlaryň arasynda iň ýaş türgendir. Şu ýyl onuň 15 ýaşy dolar. Özüniň ýaşdygyna garamazdan, Döwlet eýýäm ýokary sport netijelerini gazanýar. Munuň özi oňa milli ýygyndynyň düzüminde mynasyp orny eýelemäge mümkinçilik berýär. 

Maý aýynyň 20-lerinde Gazagystanyň Almaty şäherinde ýetginjekleriň arasynda welosport boýunça Aziýanyň çempionatynyň geçiriljekdigini bellemelidiris. Şol ýaryşlara biziň türgenlerimiz hem gatnaşar. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň iň ökde türgeni D.Baýramow üçin “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” sport biraýlygynyň çäklerinde geçirilen ýurdumyzyň şu çempionaty halkara derejesindäki ýaryşynyň öňüsyrasynda oňat synag boldy. 

Şu gün Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň küşt sport mekdebinde  ýokary liga girýän erkekleriň we zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 8-nji döwi geçirildi. Iň güýçli küştçüsi adyna mynasyp bolmak ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň  hersinden iň gowy türgenleriň 16-synyň gatnaşýandygyny ýatladýarys. Olaryň arasynda bu gadymy intellektual oýnuň iň ýaş muşdaklarynyň öňde barýandygyny bellemelidiris. 

Mysal üçin, zenanlaryň toparynda entek aşgabatly 15 ýaşly küştçi, sport ussatlygyna dalaşgär Jemal Öwezdurdyýewadan öňe geçip bilýän türgen ýok. 8 döwden soň ol iň ýokary netijäni görkezip, 8 utuk toplady. Ikinji ýerde barýan küştçiniň bolsa 6,5 utugynyň bardygyny bellemelidiris. 

Erkekleriň toparynda ýetginjekler derejesiniň wekili, 15 ýaşly sport ussady Saparmyrat Atabaýew 6 utuk bilen öňdeligi eýeleýär. Bu ýaş kütçi Türkmenistanyň birinjiliklerinde 20 gezege golaý ýeňiş gazandy, ine, indi bolsa ulularyň arasynda empion bolmak üçin onuň oňat mümkinçilikleri bar. 

Ýokarda ady agzalan ýaş türkmen kuştçüleriniň milli ýygyndynyň düzümine girmek üçin ähli mümkinçilikleri bardyr. Biziň ýygyndy toparymyz şu ýylyň awgust aýynda Bütindünýä küşt olimpiadasynda (Tromso şäheri, Norwegiýa) medallar ugrunda göreşer. S.Atabaýew sportuň bu intellektual görnüşi boýunça 2012-nji ýylda Türkiýede geçirilen dünýä bäsleşiginde Türkmenistana wekilçilik edipdi. Şonda ol 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda altyn medala mynasyp bolupdy.  

Milli derejedäki ýene-de bir ýaryş – grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligi şu gün Mary welaýatynyň  Baýramaly şäheriniň täze sport mekdebinde badalga aldy. Deslapky ýaryşlara ýurdumyzyň ähli welýatlaryndan we  Aşgabatdan gelen iň gowy türgenleriň ýüzden gowragy gatnaşdy. 

Aşgabatly türgenler has şowly çykyş edip, umumy topar hasabynda birinji orna mynasyp boldular. Ikinji ýeri Lebap welaýatynyň ýygyndysy, üçünji orny bolsa ýer eýeleri bolan Mary welaýatynyň türgenleri eýelediler. 

Şu günler ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem bäsleşikleriň onlarçasy geçirilýär. Bu ýaryşlar köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni - sagaldyş  çäresiniň çäklerinde geçirilýär. Olary biri 12-nji aprelde badalga alar. Bu ýerde, Baýramalynyň sport mekdebiniň göreş zalynda erkin göreş boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň çäklerinde duşuşyklar geçiriler. Şol ýaryşlara hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden we Aşgabat şäherinden toparlar gatnaşar. Ýeňijiler hem-de baýrakly orunlara mynasyp boljaklar ýekşenbe güni kesgitlener. 

Şu gün Aşgabatda ýene-de bir sport wakasy bolup geçdi. Bu ýerde 1997-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça şäheriň birinjiligi geçirildi. Ol maý aýynyň 20-lerinde Maryda geçiriljek Türkmenistanyň birinjiligine saýlama bäsleşigi boldy.  

Paýtagtymyzyň agyr atletikaçylary “Aşgabat” köpugurly sport toplumynda bäsleşdiler. Bu ýerde hem iň ýaş türgenleriň has ýokary netijeler görkezendigini bellemelidiris. Mysal üçin, on ýaşly Begmyrat Baýjaýew 44 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edip, ulularyň birinji derejesiniň kadasyny ýerine etirmegi başaryp, netijede iki görnüşde 95 kilogram agramy göterdi. Şunda onuň öz agramynyň bary-ýogy 32 kilograma barabardygyny aýtmalydyrys. Şu ýaryşda Begmyradyň gazanan kümüş medalyny geljekki has uly ýeňişleriň girewi hökmünde bahalandyrmak bolar. 

Bäsleşiklerde birinji orunlara D.Muhyýew (30 kilograma çenli), Ş.Şöhradow (44 kilograma çenli), S.Annadurdyýew (48 kilogarma çenli), D.Soltanmyradow (56 kilograma çenli), R.Annaberdyýew (62 kiograma çenli), T.Amanmuhammedow (69 klograma çenli), A.Pirgulyýew (77 kilograma çenli), A.Babaýew (85 kilograma çenli) we N.Toýçyýew (85 kilogramdan ýokary) mynasyp boldular. 

Şeýlelikde, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen köpçülikleýin bedenterbiýe – sport we sagdyn durmuş – medeni çäreleriň biraýlygynyň tamamlanan birinji ongünlügi ýurdumyzyň ýaş türgenleriniň sportuň dürli görnüşlerinde ýokary netijeleri gazanandyklaryny görkezdi. Munuň özi sport synçylaryna türkmenistanlylaryň halkara bäsleşiklerinde oňat çykyş etjekdiklerine mynasyp baha bermäge mümkinçilik döredýär. 

Sport biraýlygy dowam edýär. Şu hepdede kenarýaka woleýbol boýunça Türkmenistanyň açyk birinjiliginiň çäklerinde baýraklar ugrunda bäsleşikler geçiriler. Bu ýaryşlar "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guralar. Şeýle hem Balkanabadyň dag gerişleri boýunça geçirjek alpinistleriň arasynda bäsleşikler, talyplaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş, okuwçylaryň arasynda hereket oýunlary boýunça bäsleşikler we beýleki köpsanly ýaryşlar geçiriler.  

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: