Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi09 Aprel, 2014 (19:25)

BölümSoňky habarlar

BelliklerHokkeý, Aşgabat

Sportuň baýdagy astynda

«Sagdynlyk we bagtyýarlyk» diýen şygar astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de medeni-sagaldyş çäreleriniň çäklerindäki sport ýaryşlary giň gerime eýe bolýar: şu hepde diňe milli ýaryşlaryň köplügi bilen däl-de, eýsem, türkmenistanlylaryň halkara sport giňişligindäki üstünlikleri, şeýle hem täze döwrebap sport toplumlarynyň ulanmaga berilmegi bilen tapawutlandy.

7-nji aprelde açylan täze hokkeý toplumy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň sport toplumyna sazlaşykly goşuldy. Mälim bolşy ýaly, onuň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyp, hut milli Liderimiziň tagallalary netijesinde hokkeýiň türkmen mekdebi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  yzygiderli ösýär. 

Şu ýylyň fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynda Aşgabadyň «Şir» toparynyň ýeňşi munuň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, 2013-2014-nji ýyllaryň möwsüminde ýurdumyzyň häzirki çempionlary — «Galkan» toparynyň hokkeýçileri, şeýle hem Türkmenistanyň milli hokkeý merkeziniň wekilleri Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Ol 9—25-nji maýda Belarusda geçiriler. Munuň bolsa tiz tejribe toplaýan türkmen hokkeýçileriniň sport ussatlygynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigi gürrüňsizdir. 

Figuralaýyn typmagyň milli mekdebi hem ýokary depginler bilen ösýär. Munuň şeýledigini Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda sişenbe güni geçirilen türkmen figuralaýyn typyjylarynyň çykyşlary aýdyň görkezdi. Bu çykyşlar halkara sport sahnasyna çykmazdan öň özboluşly synag boldy: 12-nji aprelde türkmen topary buz üstündäki tanslaryň 28-nji halkara festiwalyna gatnaşar. Bu sport forumy Moskwa şäheriniň merkezi buzly arenalarynyň birinde geçiriler. 

Ýeri gelende aýtsak, bu festiwal 30 ýyla golaý wagt mundan öň birnäçe gezek Olimpiýa çempiony bolan Irina Rodnina tarapyndan esaslandyryldy. Ol ýakynda biziň paýtagtymyza nobatdaky gezek gelip gitdi. Türkmenistanlylar eýýäm şunuň ýaly ýaryşlarda çykyş etdiler: geçen ýyl biziň figuraçylarymyzyň topary Russiýanyň paýtagtynda «Awaza» atly tansly çykyşy görkezdiler. Bu çykyş tomaşaçylara, şol bir wagtyň özünde eminler toparyna hem ýarap, olar türkmenistanlylara «Iň gowy tansly çykyş üçin» diýen ýörite kubogy gowşurdylar. 

Bu ýeňiş türkmenistanlylara 12-nji aprelde Moskwanyň buzly sahnasynda tansly çykyşlaryň ikisini görkezmäge hukuk berdi. Bu çykyşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugyna laýyklykda ýakynda döredilen «Maral» atly figuraçylar topary görkezer. 

Gürrüňi halkara sport giňişligindäki hoş habarlar bilen dowam edip, şu günler Gresiýada gyzlaryň we oglanlaryň arasynda dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk kubogy ugrunda ýaryş geçirilendigini belläliň. Şonda türkmen pälwany uly üstünlige eýe boldy. Begli Meretgeldiýew 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, dünýäniň güýçli dzýudoçylaryny ýeňip, finala ýetmegi we kümüş medaly gazanmagy başardy. 

Kubok ugrundaky ýaryşa gatnaşmakdan başga-da, türkmen ýygyndy topary Gresiýada halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Ol 10-njy aprele çenli dowam eder. 

Sport muşdaklary üçin hoş habarlaryň ýene-de biri Maýn boýundaky Frankfurt şäherinden gelip gowuşdy. Ol ýerde şu günler ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşda dünýäniň 13 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan türgenleriň ýüzlerçesi medallar ugrunda bäsleşdiler. 

Biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde 66 kilogram agram derejesinde bürünç medala eýe bolan Didar Amannazarow üstünlik gazandy. Ýeri gelende aýtsak, türkmen pälwany öz ýeňişleriniň birini Germaniýadan Ýewropa çempionatynyň iki gezek ýeňijisini ýykyp gazandy. Indi biziň türgenimiz Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýär. Şol oýunlar sentýabrda Koreýa Respublikasynda geçiriler. Didar «nusgawy» pälwanlaryň milli ýygyndy toparynyň düzümine girmäge esasy dalaşgärleriň biri bolup durýar. 

10-njy aprelde Baýramaly şäheriniň täze sport mekdebinde grek-rim we erkin göreş boýunça Türkmenistanyň birinjiligi başlanýar. Bäsleşikler 13-nji aprele çenli dowam eder. 

«Sagdynlyk we bagtyýarlyk» ady bilen geçirilýän sport biraýlygynyň çäklerinde beýleki ýaryşlar barada aýdylanda bolsa, şu hepdede göreş, welosiped sporty we küşt boýunça ýurdumyzyň çempionatlary, ýolbaşçy işgärleriň arasynda ýaryşlar, iň oňat türgenleri hormatlamak çäresi we başga-da ençeme çäreler geçirildi. 

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary 7-nji aprelde köpugurly «Aşgabat» sport toplumynda ýaryşdylar. Sport baýramçylygyna gatnaşanlar futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletika, nusgawy hem-de stoluň üstünde oýnalýan tennis, suwda ýüzmek boýunça kiçi ýaryşlarda öz sport ussatlyklaryny görkezdiler. 

Şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, zähmet toparlarynyň wekilleri, talyplar duşenbe güni ir bilen Köpetdag şaýoluna ýygnandylar. Bu ýerde 15 kilometr aralyga köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy. Oňa umuman alnanda, Aşgabadyň höwesjeň türgenleriniň 5 müňden gowragy gatnaşdy. Şular ýaly welosipedli ýörişleriň ähli welaýat dolandyryş merkezlerinde hem bolandygyny belläp geçmeli.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişlerini geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Milletiň Lideriniň görkezmesi boýunça geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň çäklerinde çäreler geçirildi. Şonuň netijesinde welosiped sportunyň muşdaklarynyň sany ep-esli artdy. 

Welosiped sportunyň iň gowy türkmen ussatlary şu günler paýtagtymyzyň köp kilometrlik ýollarynda  bäsleşýärler. Erkekleriň arasynda ýurdumyzyň çempionatynyň çäklerinde Aşgabadyň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň toparlary medallar ugrunda göreş alyp barýarlar.  

Eýýäm bu ýaryşyň ýedi tapgyry geçirildi, onuň barşynda ýaryş tablisasynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň türgenleri öňdäki orny eýelediler. Ýaryşa iki topary çykaran aşgabatlylar ikinji we üçünji orunlary eýeleýärler. Öňde jemleýji tapgyr, ýagny 27 kilometr aralyga bölekleýin badalga bilen hususy ýaryş bolar. Şondan soň altyn, kümüş we bürünç medallaryň eýeleri kesgitlener. 

Aşgabat şäher sport komitetiniň küşt   sport mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy. Ýaryşlara ýurdumyzyň güýçli küştçüleriniň 16-sy gatnaşýar, olar 15 tapgyrda duşuşyp, aýlawlaýyn ulgam arkaly ýeňijileri ýüze çykarar. 

Çempionatyň jemleri boýunça milli ýygyndy toparyň düzümi düzüler. Olar Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlyk görerler. Dünýäniň iň güýçli küştçüleriniň gatnaşmagy bilen bu ýaryş awgust aýynda Norwegiýanyň Tromso şäherinde geçiriler. Küşt oýnunyň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziadanyň maksatnamasyna girýändigini hem ýatlap geçmeli, ol 2017-nji ýylda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda geçiriler. Şonuň üçin hem sportuň intellektual görnüşi boýunça her bir ýaryşa yklymlaýyn sport forumyna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlarynyň biri hökmünde baha bermek zerurdyr. 

Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň zenanlar toparynda ýedi tapgyrdan soň sport ussady Jemal Öwezdurdyýewa öňdeligi eýeleýär. Onuň häzirlikçe mümkin bolan 7 utukdan 7 utugy bar. Erkekler toparynda 6,5 utuk gazanan sport ussady Saparmyrat Atabaýew birinji orny eýeleýär. Çempionat 16-njy aprele çenli dowam eder. 

Düýn Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde guralan iň gowy türkmen türgenlerini hormatlamak dabarasy boldy. 

Ussatlaryň hataryna küşt boýunça çempionatyň öňdeligi eýelänleri, şeýle hem G.Atabaýewa, B.Ezizowa, Ş.Hallyýew, B.Bagbekow, Ý.Meretdurdyýew, R.Garaýew, M.Ezizow, G.Amangeldiýew we A.Myratdurdyýew girdi. Olar iň iri halkara ýaryşlarynda — Aziýa oýunlarynda, Bütindünýä uniwersiadasynda we beýleki dünýä we yklymlaýyn bäsleşiklerinde hormat sekisine çykdylar. Türgenleriň hatarynda diňe bir küştçüler däl, eýsem, kikboksingiň, sambonyň we guşakly göreşiň ussatlary hem boldular. Hormatlamagy guraýjylaryň adyndan türgenlere hormat hatlary   hem-de gymmatly sowgatlar gowşuryldy. 

Sport biraýlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet  lukmançylyk uniwersitetinde «Garaşsyz Türkmenistanda ýokanç däl kesellere garşy hereket etmekde gazanylan üstünlikler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar geçen ýylyň dekabrynda bolan ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Ýewropa ministrler maslahatynyň barşynda kabul edilen Aşgabat jarnamasyna degişli meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu ugurda eýýäm geçirilen işleriň käbir jemlerini jemlediler. 

Şu hepdede sport biraýlygy milli derejedäki beýleki ýaryşlaryň köpüsi bilen dowam etdiriler. Mysal üçin, Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde 8-nji aprelde ýüz öýjükli şaşka boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy, hepdäniň ahyrynda bolsa bu ýerde gaýa dyrmaşmak boýunça ýaryş geçiriler; 10-njy aprelden 13-nji aprel aralygynda köpugurly «Aşgabat» sport toplumynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň medallary ugrunda ýaryş geçiriler hem-de 12-nji we 13-nji aprelde ««Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çägeli kenarynda woleýbol boýunça ýurdumyzyň açyk çempionaty bolar. 

Mundan başga hem talyplaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşa, mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagy bilen hereketli oýunlara we başga ençeme çärelere garaşylýar.

Habarlar #Hokkeý

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: