Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi04 Aprel, 2014 (19:49)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, welosport

Türkmen sportunyň derejesi ýylsaýyn ýokarlanýar

Aşgabat, 4-nji aprel (TDH). «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» ady bilen geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň dördünji güni köp sanly bäsleşiklere beslendi. Düýn sport baýramçylygynyň çäklerinde geçirilen sport çärelerine figuralaýyn typmak boýunça birnäçe gezek Olimpiýa çempiony Irina Rodnina gatnaşdy.

Russiýaly ussat paýtagtymyzdaky «Aşgabat—Aziada—2017-niň paýtagty» ady bilen geçirilen halkara sergä baryp gördi we sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumdaky buzly köşkde görkezme çykyşyny ýerine ýetirdi. Şöhrat gazanan bu türgeniň paýtagtymyza indi dördünji gezek gelýändigini bellemeli. Ol her gezek gelende figuralaýyn typmak boýunça türkmen mekdebiniň ösüş derejesiniň barha artýandygyny aýratyn belleýär. 

Şeýle hem Irina Rodnina Russiýanyň paýtagtynda her ýylyň 12-nji aprelinde geçirilýän buz üstündäki tanslaryň halkara festiwalyna türkmen türgenleriniň gatnaşjakdygyny aýtdy. 30 ýyla golaý mundan ozal Olimpiýa çempiony tarapyndan gurlan bu festiwaly ilkinji nobatda, zehinli ýaş türgenleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Figuralaýyn typmak boýunça türkmen topary bu abraýly ýaryşlarda çykyş etmegi meýilleşdirip,  öz maksatnamasyny taýýarlady we şu gün sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda çykyş etdi. 

Aşgabadyň  günorta künjeginde bolsa welosport boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşan Aşgabadyň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ýygyndy toparlarynyň wekilleri 120 kilometr aralyk boýunça toparlaýyn ýaryşlara gatnaşdylar. 

Iki tapgyrdan soň Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň birinji ýyl talyby Ş.Geldiýewa ýaryşyň tertipnamasynda öňdäki orna düşdi. Ol sary sport lybasynda welosipedçiler toparyna ýolbaşçylyk etdi.  Ol şu gün ýeňijileriň birinji üçlügine düşüp bilmedik hem bolsa, 130 kilometr aralyga 7-nji aprelde geçiriljek toparlaýyn ýaryşda öňdäki orunda bäsleşige goşular. 

120 kilometrlik aralyk boýunça geçirilen bäsleşikde aşgabatly Y.Öwezmyradow ýeňiji boldy. Ikinji we üçünji orunlara degişlilikde aşgabatly türgenler R.Amangeldiýew we W.Kutuzow mynasyp boldular. 

6-njy aprelde welosiped boýunça Türkmenistanyň çempionaty 54 kilometrlik menzil boýunça toparlaýyn bäsleşik bilen dowam eder. 

Paýtagtymyzdaky «Galkynyş» sport toplumy şu gün erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda gylyçlaşmak boýunça Aşgabadyň çempionatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bäsleşigiň baş maksady şu ýylyň 27—30-njy apreli aralygynda Balkan welaýat merkezindäki täze häzirkizaman sport toplumynda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatyna ökde türgenleri seçip almakdan ybaratdyr. 

Türgenler medal ugrundaky ýaryşlarda iki görnüş boýunça bäsleşdiler. Onuň birinjisinde aýal-gyzlaryň arasynda altyn medala A.Mälikowa mynasyp boldy. Kümüş medaly A.Kiçiýewa eýeledi. Ýaryşyň üçünji ornuna türgenleriň ikisi E.Sahybowa we M.Hemraýewa düşdüler. 

Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde W.Woronin ýeňiş gazandy. Ol final oýunlarynda M.Esenowdan üstün çykdy. Bürünç medala A.Agaýew bilen N.Dawudow mynasyp boldular. 

Gylyçlaşmagyň beýleki görnüşinde erkekler we aýal-gyzlar bir toparda bäsleşdiler. Jemleýji bäsleşikde M.Esenow we K.Baýramsähedow degişlilikde birinji we ikinji orynlary eýelediler. Ýaryşyň bürünç medalyna A.Kiçiýewa bilen E.Sahybowa mynasyp boldular. 

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň sport toplumynda şu günler Aşgabadyň saglygy goraýyş düzümleriniň işgärleriniň arasynda woleýbol boýunça bäsleşikler ýaýbaňlandyryldy. Oňa paýtagtymyzyň ähli lukmançylyk edaralarynyň, şol sanda, dermanhana düzümleriniň toparlary gatnaşýarlar. Ýaryşlar 5-nji aprele çenli dowam eder. 

Şeýle hem şol gün guşakly göreş boýunça ikinji milli turnire badalga berler. Paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde türkmen göreşiniň ussatlary bäsleşerler. Lebap welaýatynyň merkezindäki dördünji sport mekdebinde ýurdumyzyň iň ökde pälwanlary kesgitlener. 

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: