Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi02 Aprel, 2014 (19:51)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, welosport, karate

Ýaryşlar we görkezme çykyşlar

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen geçirilýän köpçülikleýin bedenterbie-sport we medeni – sagaldyş çäreleriniň ikinji güni erkekleriň arasynda welosiped boýunça Türkmenstanyň çempionaty, şeýle hem söweş sungaty ussatlarynyň görkezme çykyşlary bilen dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, bu köpçülikleýin çäräniň çäklerinde, sagdynlyk durmuş ýörelgesine bagyşlanyp geçirilýän çäreler düýn 5 kilometr aralyga ylgamak, şeýle hem “Köpetdag” sport toplumyndaky türgenleriň aýdyň öwüşgünli çykyşlary bilen badalga aldy.

Aşgabadyň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň iň ökde welosipedçileriniň arasyndaky bäsleşikler on günläp dowam eder. Olar sportuň bu görnüşiniň birnäçe ugry boýunça – toparlaýyn ýaryşlaryň bäşisi, aýry-aýry türgenleriň arasynda aýrylykda badalga bilen toparlaýyn birinjilikde çempion adyny almak ugrunda bäsleşerler.

Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komiteti we welosiped sporty boýunça Milli merkez tarapyndan guralan bu ýaryşlar, däp boýunça Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça geçirilýär. Olar çempionatyň barşynda jemi 1 müň kilometre golaý aralygy geçerler.

Şu gün ýekelikde ýaryşmak boýunça 27 kilometr aralykda öňdebaryjy türgen kesgitlendi. Şunda aşgabatly Röwşen Amangeldiýew bu arylygy 39 minut 52 sekundda geçip, iň oňat netije görkezdi.


Daşoguzly türgen Şatlyk Geldiýew ondan 1 minut yza galyp, ikinji orny eýeledi. Aşgabat şäheriniň toparyndan Wýaçeslaw Kutuzow bu aralygy 41minut 09 sekundda geçip, üçünji ýeri eýeledi. 3-nji aprelde çempionata gatnaşyjylar 110 kilometr aralykda toparlaýyn bäsleşige çykarlar.

Söweş sungatynyň ussatlarynyň görkezme çykyşlary paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda geçirildi. Ony kikboksing we taý boksy boýunça türgenler açdylar. Mälim bolşy ýaly, başa-baş söweşiň bu görnüşleri ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizilendir. Hakykat ýüzünde olar öňde boljak Aziýa oýunlarynda çykyş etjek türgenlerdir.

Türkmen kikboksing mekdebiniň indi birnäçe ýyllaryň dowamynda halkara derejesinde öňdäki orunlary eýeläp gelýändigini ýatladýarys. Muňa geçen ýyl Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen IV Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň türgenleşdiren türgenleri Gurban Bekhanowyň we Şöhrat Hallyýewiň degişlilikde altyn we bürünç medallara mynasyp bolandygyny mysal getirip bolar.

Emma taý boksynyň biziň ýurdumyzda ýakynda meşhurlyga eýe bolup başlandygyny bellemelidiris. Şonuň üçin hem türkmen türgenleriniň sportuň bu görnüşi boýunça Koreýada geçirilen Aziýa oýunlarynda çykyş etmekleri 2017-nji ýylda biziň ýurdumyzda geçiriljek Aziýa oýunlaryna özboluşly taýýarlyk diýip hasap edip bolar.

Soňra tomaşaçylaryň öňünde taekwondo bilen meşgullanýan türgenler çykyş etdiler. Olar özleriniň juda ýaşdygyna (iň kiçisi 6 ýaşynda) garamazdan, örän sazlaşykly we dürs hereketleri ýerinpe etirdiler.


Ýaş türgenlerden soňra gara guşagyň eýeleri we milli hem-de halkara derejelerindäki sport ussatlary çykyş etdiler. Türgenleriň bu topary örän çylşyrymly maksatnama boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine etirdiler. Olar öz ussatlygy bilen dünýä we Aziýa çempionatlarynda birnäçe gezek ýeňiş gazandylar.

Ýeri gelende aýtsak, 18 we 23-nji aprelde Nepalda ýaşlaryň we uly ýaşlylaryň arasynda Aziýanyň 7-nji çempionaty geçiriler, onda biziň milli ýygyndy toparymyz ýaş aýratynlyklary boýunça iki düzümde çykyş eder.

Adaty karate boýunça ussatlaryň çykyşy hem gyzykly boldy. Mälim bolşy ýaly, Fudokan-Şotokan karate-do Bütindünýä federasiýasynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 2012-nji ýylyň güýzünde diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem halkara derejesinde ösldürmäge uly şahsy goşandy üçin 10-njy danyň eýesiniň (karate we dzýudo boýunça kämillik derejesi) Hormatly diplomy gowşuryldy. Söweşjeň sungatyň bu görnüşiniň biziň ýürdumyzda örän meşhurdygyna milli derejede geçirilýän ýaryşlaryň her birine türgenleriň gatnaşýandygy hem şaýatlyk edýär.

Soňra kekuşinkaý-karate bilen meşgullanýan türgenler görkezme çykyşlaryny görkezdiler. Başa-baş söweşiň bu görnüşi hem Türkmenistanda meşhurlyga eýe boldy we biziň türgenlerimiz iri ýaryşlarda uly üstünlik gazanýarlar. Mysal üçin, geçen aýda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda Türkmenstanyň ýygyndy toparynyň agzasy Jumadurdy Jumadurdyýew 45 kilogram agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Häzirki wagtda kekuşankaý-karate boýunça biziň toparymyz 1-4-nji maý aralygynda Ispaniýada geçiriljek Ýewraziýanyň açyk çempionatyna taýýarlanýar.

Aýkido boýunça çykyş edýän türkmen türgenleri hem halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýarlar, olaryň görkezme çykyşlary has täsirli boldy. Şu ýylyň tomsunda olar Germaniýada, Şweýsariýada we Beýik Britaniýada geçiriljek göçme maslahatlaryň üçüsine gatnaşarlar. Güýzde bolsa biziň paýtagtymyzda Aýkikaý Bütindünýä guramasynyň we aýkido Halkara federasiýasynyň wekili, gara guşagyň eýesi (VI dan) Kris Muniniň gatnaşmagynda halkara maslahaty geçiriler.

Ertir hem köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni sagaldyş çäreleri dürli çärelere baý bolar. Şol gün Sergi köşgünde “Aşgabat - Aziada-2017-niň paýtagty” atly halkara sergisi açylar, şeýle hem Yzgant obasynyň sport toplumynda sambo boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga alar.

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: