Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi30 Mart, 2014 (22:21)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, agyr atletika

Täze sport desgalarynda — täze sepgitler

Geçen hepdede bolup geçen köp sanly ýaryşlaryň arasynda agyr atletika boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatyny aýratyn bellemek bolar. Onda milli rekordlaryň birnäçesi goýuldy. Ýaryşa gatnaşmak üçin ähli welaýatlardan Aşgabada iň güýçli agyr atletikaçylaryň 100-den gowragy geldi. Paýtagtymyzyň iki topary bu ýaryşlara gatnaşdy we hut şolaryň arasynda hem esasy bäsleşikler boldy.

Iň uly ähmiýetli rekordy 94 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden J.Jumaýew goýdy. Ol iki görnüş boýunça rekord goýdy we jemi onuň göteren agramy birden götermekde 160 kilograma, itekläp götermekde 195 kilograma we jemi 355 kilograma deň boldy. 

Uly ýaşdaky erkekler toparynda has tejribeli ussatlardan asgyn gelmän çykyş eden ýetginjek türgenler hem 3 rekordy goýdular. 77 kilograma çenli agramda çykyş eden 20 ýaşly Daýanç Aşyrow birbada täze rekordlaryň ikisini goýdy. Ol birden götermekde 150 kilogramy galdyryp, iki görnüş boýunça jemi 315 kilogramy göterdi. 

Şu agram derejede çykyş eden Ş.Hojamyradow hem iki görnüş boýunça jemi 315 kilogram agramy göterdi. Emma ýaryşyň guramaçylary bu iki türgeniň  öz agramlaryny hasaba aldylar we şonda D.Aşyrowyň agramy öz bäsdeşiniňkiden köpräk boldy. Bu bolsa Şöhrat Hojamyradowa birinji ýeri eýelemäge mümkinçilik berdi. 

Ýetginjekleriň toparynda 105 kilogram agram derejesinde aşgabatly Döwlet Sapargeldiýew 200 kilogramdaky agramy itekläp götermek bilen rekord goýdy. Iki görnüşiň jemi boýunça 355 kilogram netije gazanan bu türgen çempionatyň altyn medalyna mynasyp boldy. 

Aşgabatdan halkara derejeli sport ussady Ömürbek Bazarbaýew 62 kilogram agram derejesinde ýeňiş gazandy. Bu türgen milli derejedäki ýaryşlarda birnäçe rekord goýupdy we olaryň iň esasysy Ömurbegiň Olimpiýa ýaryşlaryna 4 gezek gatnaşmagydyr. Ol 2000-nji ýylda Sidneýde, 2004-nji ýylda Afinyda, 2008-nji ýylda Pekinde we 2012-njy ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy. 

Häzirki wagtda bu türgen 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiada taýýarlyk görýär. Häzirki wagtda Ýokary sport ussatlygy mekdebinde tälimçi bolup işleýän Ö.Bazarbaýew milli derejedäki ýaryşlarda altyn medallaryň kyrka golaýynyň eýesidir, ol bu ýokary netijeleri ýurdumyzyň çempionatlarynda we Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde çykyş eden 20 ýyldan gowrak döwrüniň içinde gazandy. 

Aşgabatly türgenleriň arasynda erkekleriň arasynda 69 kilogram agramlykda çykyş edýän M.Sähetmyradow, 85 kilogram agram derejede çykyş edýän R.Rejebow we 105 kilogramdan ýokary agram derejede çykyş edýän A.Toýçyýew, zenanlaryň toparynda bosla 53 kilogram agram derejede çykyş edýän Polina Gurýewa, 58 kilogram agram derejesinde çykyş edýän Kristina Şermetowa we 63 kilogram agram derejede çykyş edýän Jennet Aýnazarowa altyn medala mynasyp boldular. 

Lebap welaýatyndan 56 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän S.Mürzoýew we 48 kilogram agram derejesinde çykyş edýän Ý.Jumabaýewa hem çempionatyň ýeňijileri boldular. 

Şu gezekki ýaryşlar ýurdumyzyň iň gowy agyr atletikaçylaryna Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde sentýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlaryna we Gazagyçtanyň Almaty şäherinde noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän dünýä çempionatyna taýýarlanmak üçin özboluşly tapgyrdyr. 

Şu ýylyň maý aýynda Mary welaýatynyň merkezinde geçiriljek Türkmenistanyň nobatdaky birinjiligi ugrundaky ýaryşlarda ýurdumyzyň ýaş agyr atletikaçylarynyň arasynda iň güýçlülerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berer. 

Gyşky görnüşler boýunça sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça açyk birinjilige Döwlet haryt çig-mal biržasynyň «Şir», «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Oguzhan», Aragatnaşyk ministrliginiň «Alp Arslan», Sport baradaky döwlet komitetiniň «Bürgüt» we Ýaş olimpiýaçylar mekdebiniň «Ýaş olimp» toparlary gatnaşdylar. 

Üç tapgyrdan soň, baş baýragy almak ugrunda has güýçli toparlaryň ikisi mälim boldy. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýyldaky Kubogynyň eýesi «Şir» we şol ýaryşlarda ikinji orny eýelän «Oguzhan» toparlarydyr. Bu toparlar mümkin bolan 3 ýeňiş gazanyp, 100 göterim netije görkezdiler. 

Birinji orun ugrunda bu iki topar duşuşdy. Şonda «Türkmengaz» döwlet konserniniň toparyna hem «Şir» toparyny utmaga oňyn mümkinçilikler boldy. Şeýle-de bolsa «Şir» topary özüniň has güýçlüdigini subut etdi we 5:0 hasabynda «Oguzhany» ýeňdi. 

Bürünç medaly almak ugrunda geçirilen duşuşykda «Alp Arslan» topary 1:3 hasabynda «Ýaş olimp» toparyndan utuldy.  

Bu ýaryşlaryň guramaçylary has tapawutlanan hokkeýçilere ýörite baýraklary hem berdiler. «Ýaş olimp» toparynyň hüjümçisi Begenç Döwletmyradow iň gowy hüjümçi, «Oguzhan» toparyndan Timur Wlasow iň gowy goragçy, «Şir» toparyndan Meýlis Saparmyradow we Aleksandr Kožewnikow degişlilikde iň gowy derwezeçi hem-de iň köp hokkeý topuny geçiren oýunçy hökmünde ykrar edildiler. 

7-nji aprelde türkmen paýtagtynda Içeri işler ministrliginiň Institutynyň sport toplumynda hasap boýunça ýurdumyzyň üçünji buzly sport desgasy açylar. Bu desga dabaraly ýagdaýda açylandan soň, onda Türkmenistanyň 2013-2014-nji ýyllarda geçirilen ilkinji çempionatynyň ýeňijisi Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary bilen «Şir» we «Oguzhan» toparlarynyň oýunçylaryndan düzülen ýygyndy topar duşularlar. 

Aprel aýynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň ençemesi geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde her gün «Sagdynlyk  we bagtyýarlyk» şygary bilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni sagaldyş çäreleri geçiriler. Bu ýaryşlardan başga-da, sport ulgamyna degişli dürli maslahatlar, sergiler we beýleki çäreler geçiriler. 

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: