Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi12 Mart, 2014 (22:32)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAgyr atletika

Milli ýaryşlardan halkara ýaryşlaryna tarap

Uly milli sport baýramçylygyna çenli sanaýmaly günler galdy. Ol 1-30-njy aprel aralygynda ýurdumyzyň ähli künjeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çärelerini geçirmek hakyndaky Kararyna laýyklykda guralar. Bir aýyň dowamynda ýüzlerçe ýaryşlar, bäsleşikler geçiriler. Aprelde boljak şol çäreleriň öň ýanynda birnäçe sport wakalary bolar. Olar diňe bir bäsleşikli häsiýetde däl-de, eýsem, türgenleşik häsiýetlidir.

Ine, häzirki günlerde türkmen paýtagtyna bodibildingiň we fitnesiň Bütindünýä we Aziýa federasiýalarynyň wekili, halkara derejeli emin Talap Imataliýew geldi. Merkezi  Aziýa boýunça sportuň bu görnüşlerine  gözegçilik edýän myhman birnäçe bölümden ybarat bolan ýörite işlenip taýýarlanan öwreniş häsiýetli maksatnamany hödürledi. Bolup geçen okuwyň barşynda  türgenleri taýýarlamagyň usulyýeti olaryň çykyşlaryna baha beriş ulgamy, bodibilding boýunça ýaryşlaryň düzgünleri ýaly meselelere we beýleki meselelere garaldy. 

Forumda şeýle hem soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda aýratyn meşhur bolan fitnes-klublaryň işine deglip geçildi. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerijiler üçin hyzmatlary hödürlemek boýunça bedenterbiýe-sagaldyş toparlarynyň işiniň meseleleri, häzirki wagtda olaryň işiniň aýratynlyklary hem-de ösüşiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Talap Imataliýew şeýle hem bodibildinge eýeriji türkmen ýaşlary üçin ussatlyk sapagyny berdi. Sportuň bu görnüşiniň Türkmenistanyň atletiki sport merkeziniň düzümine girýändigini belläp geçmek gerek. Bu ýerde hem pauerlifting (agyrlyk bilen oturyp turmak, ýatan ýagdaýyndan ştangany galdyryp düşürmek we agramy turup galdyrmak), armresling (elde güýç synanyşmak) we beýlekiler ulanylýar. Olar sportuň ýaş görnüşleridir. Bodibilding Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna eýýäm üç gezek hödürlendi we 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça Aziada ilkinji gezek giriziljek görnüşleriň biri bolup durýar. 

Eger bodibilding 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Oýunlara girizilmäge diňe bäsleşýän bolsa, onda küşt Aziada gürrüňsiz hödürlener. Şoňa görä-de, sportuň akyl-paýhasly görnüşleri boýunça milli ýaryşlaryň her biri bu iri ýaryşlara taýýarlanmagyň nobatdaky tapgyryna öwrülýär. Şu günler birinji ligadaky erkekleriň we aýalaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşlaryň ýeňijileri kesgitlendi. Hormat münberindäki orunlardan başga-da şäher sport komitetiniň Aşgabat küşt sport mekdebiniň binýadynda geçirilen ýaryşa gatnaşyjylar hormatly dördünji orun üçin hem bäsleşdiler. Bu orun hem, öňdäki üç orun ýaly, ýokary ligada çykyş etmegi üpjün edýär.

Aýratyn ýiti göreş erkekleriň toparynda ýaýbaňlandy. Bu ýerde welaýatlaryň ählisinden we Aşgabatdan türgenleriň 90 töweregi duşuşdylar. 

Daşoguzly küştçi  Şahruh Töräýew 11 utukdan 9 utuk gazanyp, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Onuň üçin häzirki ýeňiş sport  ussadynyň derejesini gazanmagyny üpjün etdi. Kümüş baýragynyň eýesi bolan aşgabatly Haýrulla Haýytbaýew ýeňijiden ýarym utuk yza galdy. Üçünji we dördünji orunlary birmeňzeş 8 utuk bilen şäher sport komitetiniň Aşgabat küşt sport mekdebiniň wekilleri Artyk Öwezow we Hajy Döwletow paýlaşdylar.

Aýal-gyzlaryň toparynda ýokary ligadaky orunlar üçin küştçileriň 40-sy bäsleşdiler. Altyn baýragy Marydan bolan türgen Gülälek Abdullaýewa  11 utukdan 8,5 utuk gazanyp eýeledi.  

Üçünji orna ýaryşa gatnaşyjylaryň bir wagtyň özünde üçüsi dalaş etdiler. Olaryň her biri öz çykyşyny 8 utuk bilen tamamlady. Şeýle ýagdaýda guramaçylar sport koeffisiýentiniň gatnaşygyna garaýarlar. Şunda Lebapdan Maral Rozyýewa ýeňiji bolup, kümüş baýragyň eýesi boldy. Üçünji we dördünji  orunlary degişlilikde Maýa Goçkarowa (Aşgabat) we Maýa Ýalkanowa (Mary) paýlaşdylar. 

Ýokary ligadaky türgenleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty apreliň 20-lerinde geçiriler. Bu ýaryşlar awgustda Norwegiýanyň Troms şäherinde geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna hem-de Koreýanyň Inçhon şäherinde sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin deslapky ýygyndynyň düzümini kesgitlär. 

Milli ýaryşlar barada aýdylanda bolsa, ýazyň ilkinji aýynda täze milli rekordlaryň goýlandygyny bellemek gerek. Olaryň ikisi pauerlifting boýunça (ýatan ýagdaýyndan ştangany galdyrmak)  şäher sport komitetiniň Aşgabadyň paralimpiýa  sport mekdebiniň türgenleriniň arasynda açyk çempionatynyň barşynda hasaba alyndy. Rekordlaryň ikisi hem 54 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden sport ussady Mekan Agalykowa degişlidir.

Mekan Agalykowyň maýyplaryň sport mekdebiniň Kubogy ugrunda geçen ýyl geçirilen açyk ýaryşda goýan öz rekordyny täzelendigini bellemek gerek: şonda onuň göteren agramy 157 kilograma ýetdi. Bu gezek ol bu görkezijini üçünji synanyşygynda ilki 1 kilogram gowulandyrmagy başardy, dördünji synanyşykda bolsa, ýagny goşmaça synanyşykda Mekan 160 kilogramy galdyrdy. 

Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ýusif we Adyl Aliýewleriň ýolbaşçylygynda türgenleşýän M.Agalykowyň eýýäm halkara sport ýaryşlarynda hem gazanan baýraklarynyň bardygyny, hususan-da,  2011-nji ýylda Iordaniýanyň açyk çempionatynda   ýetginjekleriň arasynda Mekanyň altyn medal gazanandygyny bellemek gerek. 

Şeýle-de bolsa M.Agalykowyň iň uly üstünligi geçen ýyl Londanda geçirilen Bütindünýä paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy bolup durýar. Şonda ol iň güýçli ussatlaryň sekizligine girmegi başardy. Şonda Mekan 150 kilogram agramlygy göterdi. Häzirki wagtda bolsa bu netije eýýäm 10 kilogram ýokarydyr. Bu görkeziji Braziliýada geçiriljek Paralimpiýada-2016-nyň ýaryşlaryna oňat mümkinçilik açýar.

Häzirki hepde hem ýaryşlara örän baýdyr. Olara  ýetginjek ýaşdaky türgenler gatnaşar. Ine, 11-nji martda paýtagtymyzdaky Suw-sport toplumynda suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşlar badalga aldy. Olar aýyň 14-ne tamamlanar. Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde bolsa 15-16-njy martda  ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden sport göreşi (erkin we grek-rim) we boks boýunça ýaş türgenler bäsleşerler.

Ýokarda agzalan ýaryşlar ýetginjekleriň II Tomusky olimpiýa oýunlaryna  taýýarlanmak maksady bilen geçirilýär. Bu bütindünýä sport forumy 16-28-nji awgustda Hytaýyň Nankin şäherinde geçiriler. Görnüşi ýaly, «sport aýy» diýip ynamly atlandyryp boljak öňümizdäki aprel aýy  biziň olimpiýa ýygyndy toparymyza iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin zerur bolan tejribäni toplamaga ýardam eder.

Habarlar #Agyr atletika

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: