Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi16 Fewral, 2014 (22:35)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, hokkeý

Türkmen toparlary ýaryşyň baş baýragy ugrunda çykyş ederler

Aşgabat, 16-njy fewral (TDH). Şu gün hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşlarynyň final bäsleşiklerinde duşuşmaly toparlar kesgitlendi. Ýaryşyň baş baýragy ugrundaky bäsleşikde «Şir» topary bilen «Oguzhan» topary öz aralarynda bäsleşerler.

Sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumyň buzly meýdançasynda şu gün «Şir» topary «Galkan» topary bilen duşuşdy. Ilkinji hokkeý topuny «Galkan» topary geçiren hem bolsa, birbada jedelli görnen bu topy eminler özara maslahatlaşyp hem-de oýunlaryň wideo ýazgysyna seredip, geçdi hasap eden hem bolsalar, munuň özi «Şir» toparynyň oýunçylarynyň ruhdan düşürmedi. Olaryň ýeňşe bolan ynamy we sazlaşykly oýny «Şirleriň» 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmagyny şertlendirdi.   

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň birinji çempionatynyň 2013-2014-nji ýyllardaky möwsüminde «Galkan» topary altyn medal eýeläp, bäsdeşi «Şir» toparyny ikinji orna geçmäge mejbur etdi. Ol bäsleşikler Halkara ýaryşynyň öňüsyrasynda tamamlandy. Ine, indi bolsa, «Şir» topary öz garşydaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşikleriň final oýnuna çykmaga mümkinçilik bermedi.  

Ýaryşyň ikinji ýarym finalynda «Oguzhan» Russiýanyň Almetýewsk şäherinden bolan we iň güýçlüleriň biri hasaplanýan «Neftýanik» topary bilen duşuşdy. Bu topar Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky geçen ýylky bäsleşikde ýaryşyň bürünç medalyny eýeläpdi. Bu gezek russiýaly hokkeýçiler üçünji ýer ugrunda göreşmeli boldular. Çünki «Oguzhan» bu topary 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. 

Şeýlelikde, 17-nji fewralda ýaryşyň üçünji ýeri ugrundaky göreş «Galkan» bilen «Neftýanik» toparynyň arasynda bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny eýelemek ugrundaky bäsleşikde «Şir» topary  bilen «Oguzhan» topary oýnar. 

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: