Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi12 Fewral, 2014 (22:37)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, hokkeý

Türkmen toparlarynyň üçüsi hem ýarym finala çykdy

Aşgabat, 12-nji fewral (TDH). Şu gün Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda Halkara ýaryşynyň nobatdaky bäsleşigi boldy. Duşuşyklaryň ikisine «Galkan» we «Oguzhan» toparlary gatnaşdylar, olar öz bäsdeşlerinden üstün çykdylar we ýarym final ýaryşlarda orunlaryny möhletinden öň üpjün etdiler.

Ýakynda «Şir» toparynyň Russiýanyň «Neftýanik» toparyny 5:1 hasaby bilen utup, möhletinden öň ýarym finala çykandygyny hem ýatlap geçmeli. Şeýlelikde, biziň ýaryşa gatnaşýan üç toparymyz hem ýaryşyň baş baýragy ugrundaky göreşi dowam etdirer. 

«Galkan» Belarusyň «Grodno» topary bilen duşuşdy. Ýaryşyň öý eýesi birinji tapgyryň 12-nji minudynda hasaby açdy. Ýöne eýýäm 2 minutdan tabloda iki sany san peýda boldy: Toparlar 1:1 hasap bilen arakesmä çykdylar.

Ikinji tapgyrda myhmanlar öňe saýlandylar, olar eýýäm ikinji minutda öňe çykdylar. Biziň hokkeýçilerimiz utmaga çalyşsalar-da ikinji arakesmä 1:2  hasap bilen çykmaly boldular. 

Jemleýji döwürde türkmenistanlylar ähli güýçlerini hüjüme sarp etdiler. Şonuň netijesinde «Galkan» 5:2 hasaby bilen ikinji ýeňşini gazandy we ýarym finalda öz ornuny üpjün etdi.

Beýleki ýaryşda Russiýanyň «Atlant» we Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçen ýylky ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp bolan «Oguzhan» toparlary buza çykdy.

Birinji döwürde hasap diňe 19-njy minutda açyldy: «Oguzhan» toparynyň hüjümçisi kuwwatly urguda mergen takyklygyny görkezdi. Türkmenistanlylaryň peýdasyna arakesmä 1:0 hasaby bilen çykdylar. 

Ikinji 20 minutda «Oguzhanyň» hüjümçisi tarapyndan 10-njy minutda ýeke-täk hokkeý pökgüsi tora salyndy.

Üçünji döwürde rus topary  üznüksiz, ýöne şowsuz ýagdaýda «Oguzhanyň» derwezesine hüjüm etdi. Esasy  wagtyň ahyryna çenli 4 minut galanda bolsa türkmen toparynyň hüjümçisi güýçli ugry bilen hasaby 3:0 ýetirdi. 

Rus hokkeýçileri türkmenistanlylardan 3:1  hasaby bilen utulyp, diňe 1 hokkeý topuny tora salmagy başardylar, türkmen hokkeýçileri bolsa ýarym finala çykdylar.

13-nji fewralda şol buzly meýdançada «A» toparyna giren toparlaryň jemleýji ýaryşlary bolar. Russiýanyň «Neftýanik» we Gazagystanyň «Kazahmys» hem-de «Şir» we Ukrainanyň «Akademiýa» toparlary duşuşarlar. 

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: