Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi11 Fewral, 2014 (22:40)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, hokkeý

Türkmen “şirleri” möhletinden öň ýarym finala çykdy

Aşgabat, 11-nji fewral (TDH). Şu gün Gyşky oýunlar sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň toparlaýyn duşuşyklary geçirildi. Öňi bilen “Şir” toparynyň hokkeýçileriniň toparlaýyn geçiriljek duşuşyklaryň netijelerine garamazdan, ýarym finalda oýnamaga hukuk gazanandyklaryny bellemelidiris.

Birinji oýunda Türkmenistanyň “Şir” we Russiýanyň “Neftýanik” toparlary duşuşdylar, onda biziň ildeşlerimiz 5:1 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Hasabyň şeýle uly bolandygyna garamazdan, biziň hokkeýçilerimize ýeňiş gazanmak aňsat düşmedi. Muny duşuşygyň ilkinji iki döwri hem görkezdi, olaryň her birinde Russiýanyň toparynyň derwezesine bir hokkeý pokgüsi geçirildi. Ilki bilen A.Glamazda, soňra bolsa M.Sähedow tapawutlanmagy başardylar.

Duşuşygyň üçünji döwründe hokkeý boýunça häzirki halkara ýaryşlaryna biraz wagt galanda tamamlanan Türkmenistanyň ilkinji çempionatynda ikinji orny eýelän “Şir” topary has köp artykmaçlyk gazandy. Şonda M.Sähedow, I.Batkin we D.Husaýinow hersi bir hokkeý topuny geçirdiler.

Russiýanyň toparynyň oýunçysy P.Mordwin oýnuň tamamlanmagyna 3 minut galanda 1 hokkeý pokküsini geçirdi.

Ikinji oýunda Ukrainanyň “Akademiýa” we Gazagystanyň “Kazahmys” toparlary duşuşdylar. Bu bäsleşik hem örän çekeleşikli häsiýeti we gyzykly bolmagy bilen birinji duşuşykdan kem bolmady. Onda 6:3 hasabynda ukrainaly türgenler ýeňiş gazandylar.

12-nji fewralda Gyşky oýunlar sport toplumynda “B” toparynyň komandalary duşuşarlar. Sagat 14.00-da Türkmenistanyň “Galkan” we Belarusyň “Grodno” toparlary, sagat 17.00-da bolsa Russiýanyň “Atlant” hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçen ýyl geçirilen ýaryşlarda kümüş medala eýe bolan “Oguzhan” toparlary güýç synanyşarlar.

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: