Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi10 Fewral, 2014 (22:41)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, hokkeý

Türkmen hokkeýçileri ýeňlişsiz gelýär

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ikinji halkara ýaryşynyň çäklerinde nobatdaky oýunlar geçirildi, şeýle hem owadan şowhunly dabara öwrülen ýaryşyň resmi açylyşy boldy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan» hem-de Belarusyň Grodno şäheriniň adybir komandalarynyň arasynda bolan duşuşykdan başlamak isleýäris. Ýakynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň «Şir» komandasynyň özleriniň garşydaşy bolan Satpaýew (Gazagystan) şäherinden «Kazahmys» hokkeý toparynyň oýunçylaryndan 15:3 hasabynda üstün çykandyklaryny ýatlap geçeliň. 

Bu günki duşuşykda hem aşgabatlylar oýnuň ilkinji pursatlaryndan dessine hüjüme geçip, eýýäm 43-nji sekuntda hasaby açmagy başardylar. Soňra biziň  Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçen ýylky ýaryşyň wise-çempiony bolan hokkeýçilerimiz meýdançada özleriniň rüstemdiklerini görkezip, netijede 6:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. «Oguzhan» toparynda D.Gazakow we A.Loginow iki topdan, Ş.Gaýnutdinow we Ý.Žarinow bir topdan geçirip tapawutlandylar. 
Myhmanlardan ýeke-täk topy W.Aleşik geçirdi. 

Bu oýundan soň köp wagt geçmänkä, Gyşky oýunlar sport toplumynyň baş meýdançasynda ýaryşyň dabaraly açylyşy başlandy. Buzly meýdança aşgabatly figuralaýyn typyjylaryň ýüze golaýy çykdy.  Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, şondan soň häzirki zaman türkmen milli sazynyň joşgunly owazy astynda figuralaýyn typyjylar çykyş edip başladylar. 

Soňra çyralar söndürilip, janköýerlerden dolan tomaşaçylaryň oturan ýerlerinde müňlerçe ýagty öwüşginler şugla saçdy. Bu ýagdaý ýyldyzly asmany ýatlatdy. Şu pursatda buzly meýdança Halkara ýaryşynyň baş baýragy — Kubok çykaryldy. 

Ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky Döwlet komiteti we Milli hokkeý merkezi tarapyndan guralan ýaryşa gönüden-göni gatnaşyjylar bilen tanyşmagyň wagty ýetdi. Buzly meýdança biri-biriniň yz ýany bilen ýokarda agzalan «Oguzhan», «Şir», «Grodno», «Gazakmys», şeýle hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Mytişi (Russiýa) şäheriniň «Atlant», Almetýewsk (Tatarystan) şäherinden «Neftýanik» hem-de Kiýew (Ukraina) şäherinden «Akademiýa» komandalary çykýarlar. Olar iki topara bölünen 8 komandadan ybarat. 

Türgenler bilen tanyşdyryşdan soň, dabara gatnaşyjylaryň we janköýerleriň  öňünde meşhur estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Olar Watan, hormatly Prezidentimiz we elbetde, sport barada aýdym-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň diňe bir ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde abraýy barha artman, eýsem güýçli sport derejeli döwlet hökmünde hem abraýy barha pugtalanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilen döwrebap sport binýatlarynyň netijeinde ýurdumyz ýyl-ýyldan iri halkara ýaryşlarynyň — sambo, tennis, futbol, hokkeý we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. 2017-nji ýylda bolsa Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V aziýa oýunlary geçiriler. Mälim bolşy ýaly, bu ýaryşlar sebitde deňi-taýy bolmadyk paýtagtymyzyň günortasynda bina edilýän Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçiriler. 

Sportuň gyşky görnüşleri hem işjeň ösdürilýär. Muňa Gyşky oýunlar sport toplumynda guralan halkara ýaryşlarynyň birnäçesi, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky häzirki ýaryş hem mysal bolup biler.

Ýaryşlar aýlaw ulgamy boýunça geçirilýär. Toparlarda diňe birinji we ikinji orunlary eýelän komandalar baş baýrak ugrunda göreşmegini dowam ederler. Ýarym final duşuşyklary 16-njy fewralda geçiriler. 

Ozal habar berlişi ýaly, ýarym finala tarap ýolda «Şir» we «Oguzhan» ynamly ädim ätdiler. «Galkanyň» hokkeýçileri şu gün türkmen janköýerleriniň ählisiniň alada etmegine getirdiler: olaryň ýaryşyň resmi açylyşyndan soň, «Atlant» komandasy bilen duşuşdylar. 

Myhmanlar örän tiz hereket edip başladylar, belli bir wagtyň içinde olar buzly meýdança tutuşlaýyn eýelik etdiler. Bu bolsa ilkinji minutlarda biziň hokkeýçilerimiziň derwezesine topuň geçmegine getirdi. «Atlant» komandasynda hüjümçi A.Klisunow tapawutlandy. Geçirilen top türkmen hokkeýçileriniň has ünsli oýnamaklaryna ýardam berdi we olar tiz wagtda jogap topy geçirdiler. Hasaby Ý.Gerasim deňledi. 

Deňme-deňlik uzak dowam etmedi: A.Klisunow türkmenistanlylaryň goragynda goýberilen ýalňyşlykdan peýdalanyp, öz komandasyny ýene-de öňe çykardy. Arakesmä az wagt galanda «Galkanyň» hüjümçisi M.Žomer garşydaşlaryň derwezesiniň alkymyndaky garma-gürmelikde has ukyplyrak bolup, hasaby ikinji gezek deňlemegi başardy — 2:2. 

Oýnuň ikinji döwründe deňlik hasaby 17 minut saklandy. Galan wagtyň içinde ýeke-täk topy türkmenistanlylar geçirmegi başaryp, ilkinji gezek hasapda öňe geçdiler. «Galkanyň» hüjümçisi R.Mikelis gyradan tiz öňe gitmek bilen, derwezäniň ýokarky burçuna dürs urmagy başardy. 

Jemleýji döwürde biziň komandamyz goranyşda oýnamakdan başlap,  garşylyklaýyn hüjümde garşydaşlarynyň asgyn taraplaryndan peýdalanmaga synanyşdylar. Şeýle synanyşyklaryň biri 7-nji minutda üstünlige beslendi: W.Gawrus goragçylardan sypmagy başaryp, dördünji topy geçirmegi başardy we ol «Atlantyň» derwezesine geçirilen ýeňiş topyna öwrüldi. Munuň özi türkmen hokkeýçileriniň synmaz erkiniň ýeňşidir. 

11-nji fewralda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda halkara ýaryş «A» toparynyň komandalarynyň duşuşyklary bilen dowam eder: «Şir» — «Neftýanik» (14.00) hem-de «Akademiýa» — «Gazakmys» (17.00) komandalary öz aralarynda duşuşarlar.        

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: