Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi09 Fewral, 2014 (22:41)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, hokkeý

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ýaryş badalga aldy

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda halkara ýaryşynyň ilkinji oýunlary geçirildi. Bu ýaryş indi ikinji gezek geçirilýär. Onda “A” toparyndaky Türkmenistanyň döwlet haryt çig-mal biržasynyň “Şir” we Satpaýew (Gazagystan) şäherinden “Gazakmys” komandalary duşuşdylar. Onuň netijeleri boýunça 15:3 hasabynda biziň watandaşlarymyz ynamly ýeňiş gazandylar.

Ýaryşyň ilkinji topy birinji döwüň eýýäm 19-njy sekundynda tora geçirildi. Bu hokkeý topuny “Şiriň” hüjümçisi A.Wişnýakow geçirmek bilen, ondan soňra ol garşydaşynyň derwezesine ýene-de 4 topy gönükdirip tapawutlandy. Indi ol hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşda iň köp pökgi geçirmekde sanawyň başyny çekýär.

Biziň hokkeýçilerimiz eýýäm iki döwden soň, özleriniň ýeňşini üpjün eden ýaly göründiler. Şol wagta çenli hasap 12:1 boldy. Emma gazagystanlylar jemleýji üçünji döwde öz ähli güýçlerini hüjüm etmäge geçirip, hokkeý topunyň ikisini salmagy başardylar. Biziň toparymyzyň hokkeýçileri oýny öz “ellerine” alyp, ýene-de birnäçe gezek tora şaýbany geçirdiler we hasaby ahyrky nokada ýetirdiler.

“A” toparyň komandalarynyň ikinji duşuşygynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçen ýyl geçirilen ilkinji ýaryşda bürünç medalynyň eýesi bolan Almetýewsk (Russiýa) şäherinden “Neftýanik” we Kiýewiň (Ukraina) “Akademiýa” komandalary duşuşdylar. Bu oýunda hem uly çekeleşik göze ilmedi: rus hokkeýçileri buz üstünde ynamly hereketlerini aýdyň görkezip, 8:2 hasabynda ynamly ýeňiş gazandylar. 

10-njy fewralda baş baýrak ugrundaky ýaryşa sagat 14:00-da “B” toparynyň komandalary goşularlar. Gyşky oýunlar sport  toplumynyň buzly meýdançasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji Kubogynyň wise-çempiony “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan” hem-de Belarusyň Grodno şäheriniň adybir komandalary çykarlar. 

Soňra 16:00-da ýaryşyň resmi taýdan açylyş dabarasy geçiriler. Onda türkmen figuralaýyn typyjylar görkezme çykyşlaryny görkezerler. Açylyş dabarasynyň yz ýany 2013-2014-nji ýyllaryň hokkeý boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionatynyň ýeňijisi bolan Içeri işler ministrliginiň “Galkan” we Moskwa oblastyna /Russiýa/ wekilçilik edýän “Atlant” komandalary duşuşarlar. 

Toparlardaky iň oňat komandalaryň diňe ikisiniň altyn medal we Kubok üçin göreşi dowam etjekdiklerini ýatladýarys. Ýarym final oýunlary 16-njy fewralda geçiriler, ertesi gün bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň ýeňijisi kesgitlener.  

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: