Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi04 Fewral, 2014 (22:43)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, hokkeý

Hokkeý boýunça halkara ýaryşyny garşylap

Ýurdumyzyň sport muşdaklary 2014-nji ýylyň esasy hokkeý ýaryşyna – Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ikinji halkara ýaryşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu ýaryşyň gepçirilmegine sanlyja gün galdy. Russiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Gazagystandan we biziň ýurdumyzdan 8 topar gatnaşjak ýaryş paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda 8-18-nji fewral aralygynda geçiriler.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Milli hokkeý merkezi tarapyndan guralan ýaryşda Kubokdan we medallardan başga-da, 35 müň amerikan dollaryna barabar bolan pul baýragy ugrunda bäsleşiler. Birinji ýeri eýelän topara 20 müň dollar, ikinji orna mynasyp bolan topara 10 müň dollar we üçünji orny eýelän topara 5 müň dollar gowşurylar. 

Bäsleşige gatnaşjak 8 komanda iki topara bölündi. “A” topara Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň “Şir” topary, Almetýewsk şäherinden (Russiýa) “Neftýanik” topary, Kiýewiň Bedenterbiýe baradaky respublikan ýokary akademiýasynyň (Ukraina) topary hem-de Ust-Kamenogorsk şäherinden (Gazagystan) “Kazahmys” topary girdiler. 

“B” toparynda ýarym finala çykmak ugrunda Aşgabadyň 2 kluby – Içeri işler ministrliginiň “Galkan” topary we Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky geçen ýylky ýaryşyň wise-çempiony, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan” topary, şeýle hem Belarusyň Grodno şäheriniň adybir topary hem-de Russiýanyň Moskwa oblastynyň “Atlant” topary güýç synanyşar. 

Şeýlelikde, ýakyn günlerde Gyşky oýunlar sport toplumynda çekeleşikli ýaryşlar başlanar. Bary-ýogy mundan birnäçe ýyl ozal türkmenistanlylar bu ýaryşlar barada diňe arzuw edýärdiler. Ýöne häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde milli sport hereketi  görlüp – eşidilmedik derejede giň gerime eýe boldy. 

Häzir Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysynyň iň döwrebap sport toplumlarynda bedenterbie we sport bilen meşgullanmaga mümkinçiligi bar. Awtomobil sporty, welosiped sporty, küreklemek we sportuň beýleki görnüşleri gaýtadan dikeldildi. 

Galyberse-de, indi türkmen ýaşlary sportuň gyşky görnüşleri bilen hem meşgullanyp we hatda halkara derejesindäki ýaryşlarda öňdebaryjy hokkeý toparlary bilen bäsleşip bilýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ilkinji ýaryş hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ýaryşda “Oguzhan” topary bäsleşigiň finalyna çykmagy başardy we kümüş medallara mynasyp boldy. 

Biziň ýurdumyzda hokkeý toparlarynyň sany barha artýar, milli derejede dürli ýaryşlar guralýar. Ýakynda 2013-2014-nji ýyllaryň möwsüminde Türkmenistanyň birinji çempionaty tamamlandy. Onda “Galkan” ynamly ýeňiş gazandy. Şu ýylyň baharynda bolsa Aşgabatda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky birinji bäsleşik geçiriler. 

Ýurdumyzda sportuň bu görnüşi okgunly ösýär we eýýäm döwrebap sport binýadyna eýedir. Aşgabatda halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol bäsleşiklere hokkeýiň ösen ýurtlaryndan toparlar gatnaşýarlar. Ýene-de birnäçe günden badalga alýan Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryş hem şol bäsleşikleriň hataryndadyr. 

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: