Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi19 Ýanwar, 2014 (22:44)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, hokkeý

“Galkan” topary –hokkeý boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempiony

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şü gün sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň 2013-2014-nji ýyllaryň möwsüminde geçirilýän ilkinji çempionatynyň jemleýji duşuşygy boldy. Çempionatyň soňky bäsleşiginde Haryt-çig mal biržasynyň «Şir» we Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň toparlary duşuşdylar. Onda «Şir» topary 16:4 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu ýeňişden soň «Şir» ikinji ýere çykdy. Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparynyň hokkeýçileri, ozal habar berlişi ýaly, çempionatyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda möhletinden öň birinji orny eýelemegi başardylar. Mundan başga-da olar duşuşyklaryň birinde hem ýeňlişe sezewar bolman, örän oňat netije görkezdiler. Ikinji aýlawyň jemleýji duşuşygynda «Galkan» IIM-niň Institutynyň «Nesil» toparyny 12:3 hasabynda utdy. 

Bu utulyşa garamazdan, «Nesil» topary üçünji orna mynasyp boldy. Bu toparyň hüjümçisi M.Kulyýew hokkeý topuny derwezä iň köp geçiren oýunçularyň arasynda 49 gezek dürs urup, ikinji orny eýeledi. 

Çempionatyň iň «mergen» oýunçysy diýlip P.Barkowskiý yglan edildi. «Şir» toparynyň hüjümçisi bäsdeşleriň derwezesine hokkeý topuny 56 gezek dürs urmagy başardy. Üçünji orna hem «Galkan» toparynyň oýunçysy A.Wahowskiý mynasyp boldy. Ol 27 hokkeý topuny geçirip, 40 gezek hem dürs urmak üçin amatly ýagdaýlary döretdi. Mundan başga-da çempionatyň guramaçylary ony iň gowy hüjümçi hökmünde yglan edip, bu hokkeýçä ýörite baýrak gowşurdylar. Onuň bilen bir toparda çykyş edýän K.Çaryýew iň oňat derwezeçi, «Şir» toparynyň oýunçysy I.Weliýew bolsa iň gowy goragçy diýlip yglan edildi. 

Ýaryşlara gatnaşyjylar diňe bir baýrakly orunlar üçin göreşmediler. Dördünji orun hem hormatly hasaplanylýar, oňa mynasyp bolan topar hem   Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazanýar. 

Şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek bu ýaryşlara çempionatda dördünji orny eýelän «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan» topary hem gatnaşar, ol çempionatyň soňky tapgyrynda Döwlet serhet gullugynyň «Merdana» toparyny 10:3 hasabynda utdy. 

Bu şowsuzlyk «Merdana» toparyny bäşinji orna düşürdi. Altynjy orny Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň topary, ýedinji orny Goranmak ministrliginiň «Watançy» topary, iň soňky sekizinji orny bolsa Aragatnaşyk ministrliginiň «Alp Arslan» topary eýelediler. 

Häzirki wagtda sportuň gyşky görnüşleriniň muşdaklarynyň ählisi 2014-nji ýylyň esasy hokkeý bäsleşigine — Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşlaryna garaşýarlar. Bu ýaryşlar sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda 8-18-nji fewral aralygynda geçiriler. 

Bu halkara ýaryşynda biziň toparlarymyzyň 3-si — «Galkan», «Şir» we Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçen ýylda geçirilen bäsleşiklerde ikinji orny eýelän «Oguzhan» toparlary gatnaşarlar. 

Daşary ýurt toparlary barada aýdylanda bolsa Russiýanyň, Gazagystanyň, Belarusyň we beýleki ýurtlaryň toparlary biziň ýurdumyzda geçiriljek halkara ýaryşlaryna gatnaşmak isleýändiklerini tassykladylar. 

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: