Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi15 Ýanwar, 2014 (22:45)

BölümSoňky habarlar

BelliklerAşgabat, hokkeý

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionaty: tamamlanmagynyň öňüsyrasynda

Aşgabat, 15-nji ýanwar (TDH). Şu gün gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda 2013-2014-nji ýyllarda hokkeý boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionatynyň ikinji tapgyrynyň yza süýşürilen 11-nji duşuşygy geçirildi. Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparynyň we Haryt-çig mal biržasynyň «Şir» toparynyň duşuşygy ikinji tapgyryň esasy oýnuna öwrüldi, çünki buzly meýdança çempionatyň ilkinji ornunyň ykbalyny kesgitlemeli toparlar çykdylar.

Bu günki duşuşykda ýeňiş ilkinji nobatda «Şir» toparyna has zerurdy,  Sebäbi şeýle ýagdaýda olar çempionatda ýeňiş gazanmaga ymtylyp bilýärdiler. «Galkan» bolsa tersine, geçirilen 12 duşuşykdan soň gazanylan 36 utuk bilen ýaryş sanawynda ilkinji orny ynamly eýeläp gelýär, häzirki duşuşykda bolsa oýnuň esasy wagtynda olara deňme-deň hasap hem ýeterlikdi. Munuň özi «Galkanyň» ýurduň çempiony bolmagyny öňünden kesgitleýärdi. 

IIM-niň toparynyň hokkeýçileri şeýle amatly ýagdaýyň bolandygyna garamazdan, olar goranyş häsiýetde oýnamadylar, duşuşygyň ilkinji sekundlarynda hüjüm edip başladylar we «Şir» toparynyň derwezesine duşuşygyň ilkinji döwünde hokkeý topunyň 3-sini geçirdiler.  

Ikinji 20 minutda Haryt-çig mal biržasynyň oýunçular topary jogap hokkeý topuny geçirmäge synanyşyp, 2 topy geçirmegi başardylar, dogrusy, olaryň öz derwezesine hem bir top geçdi. Şeýlelikde, ikinji arakesmä toparlar «Galkan» komandasynyň haýryna 4:2 hasabynda çykdylar. 

Hokkeý — okgunly we netijesini öňünden aýdyp bolmaýan oýundyr hem-de sportuň bu görnüşinde iki hokkeý topy uly artykmaçlyk däldir. Şoňa görä-de, üçünji döwde «Şiriň» oýunçylary garşydaşlarynyň derwezesine tarap hüjümlerini güýçlendirip, olary goranyşda oýnamaga mejbur etdiler. Döredilen amatly ýagdaýda «Galkan» toparynyň derwezesine hokkeý topy geçiriljek ýaly bolan bolsa-da, meýdançanyň orta gürpünde dörän çekeleşikli pursatda pökgi IIM-niň toparynyň hüjümçisi A.Aganyýazowa gelen mahaly ol güýçli urgy bilen garşydaşysynyň derwezesine topy gönükdirdi. Ol goragça degip, «Şir» toparynyň derwezebanyna tarap gelýän ugruny üýtgedip tora girdi. 

Bu ýagdaý üçünji döwüň tamamlanmagyna takmynan 6 minut galanda boldy. Munuň özi Haryt-çig mal biržasynyň toparyna ýaramaz täsir etdi. Netijede, olar galan wagtda bary-ýogy diňe ýeke top geçirmegi başardylar. Şeýlelikde, «Galkan» topary 5:3 hasabynda utup, Türkmenistanyň ilkinji çempiony diýen derejä eýe boldy. 

Soňky tapgyrda esasy göreş kümüş baýrak ugrunda bolar. Ikinji orna «Şir» we «Nesil» dalaş edýärler. Olarda degişlilikde 31 we 28 utuk bar. Toparlaryň ilkinjisi ýaryşda soňky orunda barýan Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň topary, ikinjisi bolsa eýýäm Türkmenistanyň häzirki çempiony bilen duşuşar. 

 Ýaryşyň sanawynda dördünji orun Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ilkinji ýaryşa gatnaşmaga hukuk berýär. Bu ýaryş baharda geçiriler. Bu orna şeýle hem iki topar — «Oguzhan» (19 utuk) we «Merdana» (18 utuk) dalaş edýärler. Bijä görä,  soňky tapgyrda olar öz aralarynda duşuşýarlar, şoňa görä-de bu duşuşyk örän gyzykly bolar. 

Çempionatyň jemleýji oýunlary öňümizdäki dynç günleri Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.  

Habarlar #Aşgabat

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: