Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi10 Dekabr, 2013 (22:51)

BölümSoňky habarlar

BelliklerTürkiýe, Antaliýa, kikboks

Türkmen türgenleri—dünýäniň güýçli kikboksçylarynyň hatarynda

Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilen kikboksing boýunça dünýä çempionaty türkmen türgeni Mekan Amanowa “bürünç” üstünligini getirdi. Ol 67 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Biziň watandaşlarymyzyň ýene-de ikisi –Şöhrat Hallyýew we Hudaýguly Kömekow 63,5 kilogram we 51 kilogram agram derejelerinde dünýäniň iň gowy kikboksçylarynyň bäşisiniň hataryna girdiler.

Mekan ringde dört tutlyşyk geçirdi. Şolaryň birinjisinde ol ukrainaly türgen Oleg Fedorenkony ynamly ýeňdi, soňra eýranly Rohulla Zaden Majitden üstün çykdy. Çärýek finalda bolsa Belarusdan bolan bäsdeşi Oganez Safarýany ýeňdi, emma çekeleşikli tutluşykda ýarym finalda utuklar boýunça gazagystanly Erfaýan Kassambaýewden asgyn geldi.

Dünýäniň güýçli türgenlerini ýygnan çempionatda ussatlaryň bäşisiniň hataryna girmegiň özi hem mynasyp netijedir. Bu at gazanan tälimçi, Türkmenistanyň kikboksing federasiýasynyň başlygy Aleksandr Snagowskiniň şägirtleriniň  halkara sport arenasynda gazanan ilkinji üstünligi däldir. Mysal üçin, Ş.Hallyýew şu ýylyň tomsunda  Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça IV Aziýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy, H.Kömekow bolsa geçen ýyl sportuň şu görnüşi boýunça Aziýanyň çempiony bolmagy başardy.

Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça Aziýa oýunlary baradaky gürrüňi gozgamak bilen, yklym derejesindäki şunuň ýaly ýaryşlaryň indiki gezek 2017-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurulýan Olimpiýa şäherçesinde geçiriljekdigini ýatlasak artykmaçlyk etmez. 

Koreýa Respublikasynda geçirilen Aziadada türkmenistanly türgenler kikboksing boýunça ýaryşlarda medallaryň ikisini—altyn we bürünç medallaryny gazanandygyny bellemek gerek. Munuň özi Türkiýede geçirilen dünýä çempionatynyň netijelerini nazara alanyňda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň biziň watandaşlarymyzda öz güýçlerine bolan uly ynamy döretjekdigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa biziň türkmen kikboksçylarymyzyň gatnaşmagynda ençeme gyzykly tutluşyklarynyň şaýatlary boljakdygymyzy aňladýar.

Habarlar #Türkiýe

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: