Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi27 Sentýabr, 2013 (23:04)

BölümSoňky habarlar

BelliklerIndoneziýa, Palembang, agyr atletika

Dürli halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň çykyşlary barada daşary ýurtlardan hoş habarlaryň gelmegi dowam edýär

Şu günler Palembang şäherinde (Indoneziýa) dünýäniň 44 döwletinden türgenleriň gatnaşmagynda 3-nji Yslam raýdaşlyk oýunlary geçirilýär.Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabynda eýýäm bürünç medallaryň ikisiniň bolmagy örän guwançlydyr. Olary agyr atletikaçylaryň ýaryşynda Jasurbek Jumaýew (94 kilograma çenli agramda) we Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Hojamuhammet Toýçyýew (105 kilogramdan ýokary agramda) gazandylar.

Malaýziýanyň Melaka şäherinde bolsa Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň oýunlary geçirilýär. Toparlaryň arasynda ähmiýeti boýunça bu üçünji yklymlaýyn baýrak ugrundaky ýaryşda şu ýyl 12 topar bäsleşdi. Ýaryşyň saýlama oýunlarynyň netijeleri boýunsa maý aýynda onuň jemleýji taprygyna iň oňat toparlaryň altysy geçmegi başardy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony we Kubogynyň eýesi Balkanabadyň “Balkan” topary hem bar.

Ozal habar berlişi ýaly, ilkinji oýunda “Türkmennebit” döwlet konserniniň topary Nepalyň çempiony hem-de AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrunda 2005-nji ýylda geçirilen ýaryşyň ýarym finalçysy “Three star club” toparyny 6:0 hasabynda ýeňdi.Soňky duşuşygynda bolsa Mongoliýanyň çempiony “Erchim” toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, 6 utuk toplap we “A” toparynda birinji orna eýe bolan türkmen futbolçylary ilkinji gezek toparlaýyn Aziýa ýaryşynda aýgytlaýjy duşuşykda çykyş etmäge hukuk gazandylar hem-de 29-nji sentýabrda “B” toparynyň ýeňijisi bolmagy başaran “Krl Futbool Club” (Pakistan) topary bilen duşuşar.

3-nji Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen ştangaçylarynyň gazanan iki medaly hem-de biziň futbol toparymyzyň Aziýanyň toparlaýyn ýaryşynda aýgytlaýjy duşuşykda çykyş etmäge hukuk gazanmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň türgenleriniň mümkinçilikleriniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine uly üns berýändigi hemmämize mälimdir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň hemme welaýatlarynda döwrebap sport desgalary guruldy, Aşgabatda bolsa sebitde deňi- taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi bina edilýär. Bularyň hemmesi milli Liderimiziň şeýle aladasyna jogap edip, türkmen türgenleriniň mähriban Watanymyzyň şöhratynyň bähbidine öz watandaşlaryny halkara derejesindäki ýaryşlarda ýene-de ençeme gezek begendirjekdiklerine ynanmaga bize esas berýär.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: