Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi02 Iýul, 2013 (17:53)

BölümSoňky habarlar

Belliklerkikboks, kikboksing

Türkmen kikboksçylarynyň ilkinji ýeňişleri

Şu gün dowam edýän ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda kikboksing boýunça bäsleşikler badalga aldy. Şonda türkmen türgenleri üç duşuşyk geçirdiler. Olaryň ikisi ýeňişlere beslendi: Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Kikboksing boýunça milli federasiýanyň başlygy Aleksandr Snagowskiniň şägirtleri.

Şöhrat Hallyýew (63,5 kilograma çenli agram derejede) we Allamyrat Annamyradow  (81 kilograma çenli agram derejede) çärýek finala çykmagy başardylar.

Ýemeniň wekili Al-Nufiýa Abdo Ahmed Abdulla Şöhradyň bäsdeşi boldy. “Ful kontakt” (diňe göwrä urmak) bölüminde geçirilen tutluşygyň başynda türkmen kikboksçysynyň artykmaçlygy kesgitlenip, bu ýagdaý her bölümde artdy. Ýemenden gelen türgen tutluşygyň soňky sekundlaryna çenli boýun egmese-de, hasapda örän uly tapawut bilen ýeňildi. 4-nji iýulda Ş.Hallyýew ýarym finala çykmak ugrunda geçiriljek bäsleşikde Mongoliýaden gelen türgen Muhbaýar Jadambaa bilen duşuşar.

A.Annamyradow “lou kik” bölüminde bäsleşdi. Bu bölümde düzgüne görä bykynlara we göwrä urmaga  rugsat berilýär. Onuň garşydaşy Mongoliýadan gelen Batmunh Burenzorik boldy. Bu çekeleşikli tutluşygyň ykbalyny türkmen türgeniniň takyk hereketleri çözdi. Birinji tapgyrda deňme-deň bäsleşen kikboksçymyz ikinji tapgyrda ýyldyrym çaltlygyndaky hüjümleri geçirdi. Şol hüjümler oňa hasapda uly artykmaçlygy üpjün etdi. Tamamlaýjy tapgyrda Allamyrada öz bäsdeşini aralykda saklamak hem ýeterlik boldy, ol bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldi. Çärýek finalda biziň türgenimiz Özbegistandan gelen Ahmet Alimbekow bilen duşuşar.

Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ýarym finala çykylmagy türgene bürünç medalyny üpjün edýär. Sebäbi kikboksing boýunça bäsleşiklerde üçünji orunlaryň ikisi bolýar. Biziň pälwanlarymyza hormat münberine çykmak üçin ýene-de bir ädim ätmek galdy. Türkmen kikboksçylary final bäsleşiklerine ýetmegi we ýokary derejeli medallar ugrunda bäsleşmegi öz öňlerinde maksat edip goýdular.

Biziň türgenimiziň gatnaşmagynda geçirilen üçünji bäsleşik 71 kilograma çenli agram derejesinde bolup geçdi. Türkmenabadyň kikboksing mekdebiniň wekili Tahyr Şaýmanowa gazagystanly türgen – Aziýanyň we dünýäniň häzirki çempiony, dünýä kubogynyň iki gezek eýesi Saýan Žakubow garşy durdy. Zakir Atajanowyň we Kuwwat Gurbanowyň şägirdi bu bäsleşikde asgyn geldi. Bu tutluşyk Tahyr üçin geljekki bäsleşikleriň öň ýanynda toplanan oňat tejribe boldy.

4-nji iýulda ýokarda ady agzalan iki sany türkmen kikboksçylarymyza ýene bir aşgabatly türgen Gurban Bekhanow goşular. Ol 57 kilograma çenli agram derejesinde “ful kontakt”  boýunça bäsleşiklerde ýarym finala çykmak ugrunda bäsleşer. Yrak toparyndan Al Balhawi Mohammed Mutar Abdullah biziň pälwanymyzyň bäsdeşi bolar.

Şol gün göreş boýunça bäsleşikler başlanar. Şonda Türkmenistana türgenleriň bäşisi wekilçilik eder. Sportuň bu görnüşinde türkmen türgenleri medallary gazanmak üçin oňat mümkinçiliklere eýedir. Sebäbi olar halkara derejesinde geçirilen iri ýaryşlarda ençeme gezek tapawutlanmagy başardylar. Mysal üçin, halkara derejeli sport ussady Muhammet Temirow göreş boýunça 2009-njy ýylyň dünýä çempionatnyň altyn medalynyň eýesi bolup durýar. Ol 73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eder.

Onuň ýygyndy boýunça egindeşleri – halkara derejeli sport ussady Serdar Jummiýew (81 kilograma çenli), Nuraly Ýalkabow (90 kilograma çenli) we Aýna Jumakulyýewa (57 kilogarma çenli) hem halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, uly tejribe topladylar. Halkara derejeli sport ussady Nasiba Surkiýewa bolsa göreş, dzýudo, sambo we hatda sumo boýunça medallaryň eýei bolup durýar. Galyberse-de, Nasiba 2000-nji ýylda Sidneýde (Awstraliýa), 2004-nji ýylda Afinyda (Gresiýa) we 2008-nji ýylda Pekinde (Hytaý) geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň at gazanan tälimçileri Ata Adaýewiň we Dörtguly Tejenowyň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryna taýýarlan Türkmenistanyň pälwanlar ýygyndysy nobatdaky gezek halkara sport giňişliginde öz ýokary ussatlygyny görkezip biler.

Habarlar #kikboks

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: